10. Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň üstünligi
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysyna täze ajaýyp sahypalary ýazan 2020-nji ýyl aýratyn baýramçylyk senesiniň — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygynyň nyşany astynda geçdi. Ýylyň “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” diýen şygary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän parahatçylyk döredijilikli hem-de netijeli daşary syýasy strategiýasynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Şol strategiýa bolsa deňhukukly hyzmatdaşlyga, ählumumy durnukly ösüşe we howpsuzlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
Milli Liderimiziň daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen “Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti” atly halkara maslahat bu şanly senä gabatlanylyp guralan, Diýarymyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen köp sanly baýramçylyk dabaralarynyň we çäreleriniň esasy wakalarynyň birine öwrüldi. Forumda wideoaragatnaşyk arkaly BMG-niň, ÝUNESKO-nyň, YHG-nyň, ŞHG-niň ýolbaşçylary hem çykyş etdiler.
Gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi — aýry-aýry döwletler hem-de abraýly guramalar bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň çäkleriniň işjeň giňeldilmegi netijesinde, ýurdumyzyň daşary syýasy ugry wajyp meseleleri çözmekde, häzirki döwrüň wehimlerine garşy göreşmekde özara bähbitli gatnaşyklaryň zerurdygyna göz ýetiren tutuş dünýä bileleşiginiň goldawyna mynasyp boldy.
Tagallalary birleşdirmegiň örän wajypdygyna düşünilmegi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti” atly Kararnamanyň kabul edilmegine ýardam etdi. Şeýle resminama Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde hem kabul edildi. Munuň özi bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetiniň artýandygyna şaýatlyk edýär. Şeýlelikde, YHG “Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy sebitinde we tutuş dünýäde halkara parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi saklamakda we pugtalandyrmakda bitaraplyk syýasatynyň orny” atly Kararnamany kabul etdi.
Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda kabul edilen bu Kararnamalar biziň parahatçylyk söýüjilikli syýasatymyzyň ählumumy ykrarnamasynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Milli Liderimiziň pikirine görä, Türkmenistanyň Bitaraplygy sebit hem-de ählumumy möçberde ýagdaýlary kadalaşdyrmaga oňyn täsir edýän şert hökmünde özüni has aýdyňlyk bilen görkezýär, köp sanly syýasy, ykdysady, ynsanperwer we ekologiýa meselelerini çözmekde döwletleriň hem-de halkara guramalaryň hyzmatdaşlygynyň many-mazmunyna we ugurlaryna oňyn täsir edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, bu gün Bitaraplyk Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlaryna diýen ýaly degişlidir, köpugurly gatnaşyklary ýola goýmak işinde we özara düşünişmekde uly mümkinçiliklere eýedir, BMG-niň esasy maksatlaryny hem-de strategiýalaryny durmuşa geçirmekde möhüm orun eýeleýär.
Milli Liderimiziň Ministrler Kabinetiniň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen Hökümetiň 2020-nji ýylda hem-de şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklary ýola goýmak bilen bir hatarda, iri halkara guramalar bilen köpugurly özara hyzmatdaşlygy hem işjeň ösdürýändigini belledi. Şolaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýleki abraýly halkara guramalar bar.
Dünýäde parahatçylyk söýüji, netijeli daşary syýasaty alyp barýan Bitarap döwletimiziň halkara bileleşikdäki at-abraýy hem yzygiderli ýokarlanýar. Biziň ýurdumyzyň öňe süren köp sanly başlangyçlaryna abraýly halkara guramalarda düşünmek bilen garalýar we bu başlangyçlar uly goldaw tapýar. Şeýlelikde, Bitarap Türkmenistan sebitde parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga, hoşniýetli goňşuçylyk ýagdaýyny döretmäge hem-de hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly goşant goşdy we goşmagyny dowam edýär. Bularyň ählisi biziň dünýädäki ornumyzy berkitmäge, Garaşsyz döwletimiziň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga ýardam berdi.
Hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň daşary syýasy ugruny alyp barmakdaky işjeň we täzeçillik işiniň muňa ýardam edendigi şübhesizdir. Hut milli Liderimiz köp babatda Diýarymyzyň halkara giňişlikdäki garaýyşlaryny kesgitleýär. Şol garaýyşlar bolsa ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan geçirilýän dürli çäreleriň çäklerinde amala aşyrylýar. Şeýle garaýyşlar we ileri tutulýan ugurlar döwlet Baştutanymyz tarapyndan “Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahatda anyk kesgitlenildi. Bu maslahat 2020-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda geçirildi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlandy.
Ýurdumyz giň halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen hem-de ähli ýurtlaryň we halklaryň bähbitlerine kybap gelýän möhüm başlangyçlary öňe sürmek bilen çäklenmän, eýsem, şolary iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça çäreleri görýär.
Döwlet Baştutanymyz şu duşuşyga wekilleri gatnaşan halkara guramalara biziň başlangyçlarymyzy hem-de tekliplerimizi goldaýandyklary, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga hemişe taýýardyklary, köp sanly bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirilende görkezýän özara hormat, netijelilik we ýokary taýýarlyklary üçin aýratyn minnetdarlyk bildirip, Bitarap Türkmenistanyň hemişe hakyky dost, ygtybarly hyzmatdaş hem-de pikirdeş bolmagynda galjakdygyny aýtdy.
Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan halkara guramalaryň wekilleri bilen bilelikde Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak ýaly hyzmatdaşlygyň möhüm ugry boýunça 2020-nji ýyl üçin hereketleriň Meýilnamalaryna gol çekmek dabarasy boldy.
Jemi 12 resminama gol çekilip, şolaryň hatarynda BMG-niň Çagalar gaznasy, BMG-niň Ilat gaznasy, Birleşen Milletler Guramasynyň wekilhanasy bilen bilelikde işlemegiň ýyllyk iş meýilnamalary bar. Şeýlelikde, Türkmenistanyň we BMG-niň hyzmatdaşlygynyň täze sahypasy açyldy. Bu gatnaşyklaryň esasy ugurlary, ilki bilen, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek babatda, hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýylyň dowamynda içeri we daşary syýasat derejesinde yzygiderli ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilkinji nobatda, gürrüň döwletleriň we hökümetleriň baştutanlary, abraýly guramalaryň, iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen geçirilýän gepleşikler barada barýar. Telefon arkaly daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen dünýä syýasatynyň dürli meseleleri boýunça pikir alyşmak ýaly halkara gatnaşyklaryň usullaryndan hem netijeli peýdalanylýar, 2020-nji ýylda bolsa wideomaslahatlary guramak usuly hem giňden ulanyldy.
2020-nji ýylyň 11-nji martynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna resmi saparyny amala aşyrdy we şol ýerde azerbaýjan Lideri Ilham Aliýew bilen gepleşikleri geçirdi. Döwlet Baştutanlary döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we çuňlaşdyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, ikitaraplaýyn resminamalaryň ençemesine gol çekildi. Bakuwda hormatly Prezidentimiziň Azerbaýjanyň Premýer-ministri Ali Asadow bilen hem duşuşygy geçirildi.
Şonda gazanylan ylalaşyklaryň netijeleri eýýäm 2021-nji ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Hazar deňzinde “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek barada özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmeginde hem öz aýdyň beýanyny tapdy.
2020-nji ýylyň sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Aşgabada iş sapary bilen gelen Gazagystanyň Premýer-ministri Askar Mamini kabul etdi. Duşuşygyň barşynda döwletara ykdysady taslamalaryň birnäçesini durmuşa geçirmegiň meselelerine hem-de söwda-ykdysady we ulag-logistika ulgamlarynda, energetika hem-de oba hojalygynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegine garaldy.
Sebit gatnaşyklary bilen baglylykda, Demirgazyk — Günorta transmilli demir ýolunyň ähmiýeti hem-de Türkmenbaşy — Gazagystan döwrebap awtomobil ýoluny gurmak barada türkmen tarapynyň täze başlangyçlarynyň möhümligi nygtaldy. Ýakyn geljekde bu awtomobil ýoly döwletleriň arasyndaky haryt dolanyşygyny, ýolagçy gatnatmagyň we ýük daşamagyň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berer.
Ekologiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk duşuşygyň esasy meseleleriniň biri boldy. Bu ulgamda Türkmenistan we Gazagystan, hususan-da, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHHG) çäklerinde hyzmatdaşlyk edýärler, ýurtlaryň ikisi hem Hazar meselelerini çözmek boýunça tagallalary birleşdirmäge aýratyn üns berýärler.
Täze bilelikdäki taslamalary, şol sanda gazhimiýa ulgamyndaky taslamalary durmuşa geçirmäge, taraplaryň türkmen gazyny Gazagystanyň içerki bazaryna ibermäge gyzyklanmasy beýan edildi. Ynsanperwer ulgamda netijeli gatnaşyklary ösdürmek barada hem gürrüň edildi. Ylym hem-de bilim, medeniýet we sport ugurlary boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň wajypdygy bellenildi.
2020-nji ýylda döwlet Baştutanymyz onlaýn tertipde geçirilen ýokary derejeli duşuşyklaryň hem-de forumlaryň birnäçesine gatnaşdy. Şolaryň gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri dünýäni gurşap alan pandemiýa garşy göreşmek bilen baglanyşykly boldy.
10-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahatyna gatnaşdy. Onuň gün tertibine koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmekde döwletleriň tagallalaryny utgaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda täze görnüşli ýokanjyň öňüni almaga gönükdirilen çäreleriň toplumy öz wagtynda görüldi. Şonuň netijesinde Türkmenistanda arassaçylyk-epidemiologiýa ýagdaýy durnuklydyr hem-de berk gözegçilikde saklanylýar, bu ugurdaky zerur işler dowam etdiriler.
Şonuň bilen birlikde, ýagdaýyň örän çylşyrymlydygyna düşünmek bilen, Türkmenistan häzirki şertlerde söwda we ykdysady gatnaşyklaryň, özara haryt iberilmeginiň we üstaşyr gatnawlaryň ygtybarlylygyny saklamak üçin döwletleriň arasynda ulag gatnawlarynyň durnuklylygyny üpjün etmegi zerur hasaplaýar.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň bilelikdäki tagallasy netijesinde, Hazar deňziniň üsti bilen Türkmenbaşy we Baku deňiz menzilleriniň arasynda gämi gatnawlarynyň dowam edýändigini belledi. Munuň özi giň geoykdysady giňişlikde ýük gatnawlaryny üpjün edýän möhüm ulag ýoly bolup durýar.
Sebitiň hyzmatdaşlary bilen bilelikdäki tagallalar Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ulag geçelgeleriniň işiniň kadaly ýola goýulmagyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
Saglygy goraýyş ulgamynda hem ysnyşykly hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy biziň bilelikdäki işlerimiziň netijeli bolmagynyň möhüm şertidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de emele gelen ýeňil bolmadyk häzirki şertlerde koronawirus ýokanjyna garşy göreşde toplanan tejribäni we bilimleri alyşmagyň, howply ýokanç keselleri bejermegiň hem-de olaryň öňüni almagyň täze usullaryny işläp taýýarlamagyň, häzirki zaman lukmançylyk serişdelerini döretmegiň, täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň aýratyn möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda teleköprüleri, wideomaslahatlary guramak, uzak aralykdan pikir alyşmagyň beýleki usullaryny ulanmak ýaly görnüşleri teklip edildi. Bu möhüm işlere tejribeli lukmanlar, alymlar, bilermenler we lukmançylyk ulgamynyň ähli wekilleri giňden gatnaşdyrylmalydyr. Şeýle hem täze howplara garşy göreşmek we emele gelen kynçylyklary ýeňip geçmek bilen bagly iş alyp barýan beýleki düzümler hem-de pudak edaralary çekilmelidir.
2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar möhüm halkara meseleleri, şol sanda dünýä bileleşigi üçin häzirki jogapkärli döwürde halklaryň we ýurtlaryň arasyndaky hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Söhbetdeşler BMG-niň utgaşdyryjy ornunyň ähmiýetini nygtadylar, çünki bu gün adamzat dünýäde uly giňişligi gurşap alan hem-de köp döwletleriň we halklaryň adaty durmuşyny üýtgedýän örän çylşyrymly wehim bilen ýüzbe-ýüz boldy.
2020-nji ýylyň 4-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Goşulyşmazlyk Hereketiniň koronawirusa garşy göreşmek boýunça Utgaşdyryjy toparynyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen ýokary derejedäki duşuşygynda çykyş edip, oňa agza ýurtlary ykdysadyýeti dikeltmegiň üstünde işlemäge çagyrdy. Milli Liderimiz dünýä ykdysadyýetini durnukly ösüş ýoluna çykarmak üçin, berk binýady kemala getirmegiň zerurdygyny nygtady. Bu ugurda energetika, senagat, ulag we söwda pudaklary esasy ugurlar bolmalydyr. Döwlet Baştutanymyzyň pikirine görä, tutuş dünýäde azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde Goşulyşmazlyk Hereketiniň döwletleriniň utgaşykly işi zerurdyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow parahatçylygy we howpsuzlygy pugta üpjün etmegiň öňde goýlan ähli maksatlara ýetmegiň, häzirki çökgünligi doly ýeňip geçmegiň esasy, aýgytly şerti bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz uruşlaryň hem-de gapma-garşylyklaryň şertlerinde pandemiýa garşy üstünlikli göreşmegiň we onuň ýaramaz netijelerini aradan aýyrmagyň mümkin däldigini nygtady.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamany kabul edendigini ýatladyp, Goşulyşmazlyk Hereketiniň ýurtlaryny Kararnamada beýan edilen maksatlara ýetmäge işjeň ýardam etmäge, dünýäde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine öz goşantlaryny goşmaga çagyrdy.
2020-nji ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň arasynda wideomaslahat görnüşinde üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Ýokary derejeli iş maslahatynyň gün tertibine giň möçberli bilelikdäki taslamanyň — Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ugry boýunça “Lapis Lazuli” halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak meselesi girizildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoduşuşykda dünýäniň ýüzbe-ýüz bolan ählumumy howpuny nazara almak bilen, bu ugurdaky hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Ýokanç keseliň täze görnüşiniň — COVID-19 koronawirusynyň ýaýramagyna garşy göreşmäge gönükdirilen halkara tagallalaryň çäklerinde, Türkmenistan, Owganystan we Azerbaýjan bilelikde netijeli işleri geçirdiler, sebitde ykdysady gatnaşyklaryň saklanyp galmagyny hem-de pandemiýanyň durmuş-ykdysady taýdan ýaramaz netijeleriniň azaldylmagyny üpjün edýän möhüm ulag-üstaşyr geçelgäniň durnukly işlemegi üçin ähli zerur şertler döredildi.
Döwlet Baştutanymyz ulag ulgamynda uzak möhletli hyzmatdaşlygy işjeň ýola goýmak boýunça birnäçe anyk teklipleri öňe sürdi. Şolaryň hatarynda Bitewi logistiki merkezini döretmek, Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň we ýurdumyzyň beýleki logistik desgalarynyň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly ýokary tehnologiýaly multimodal düzümi ösdürmek teklipleri bar.
Şeýle hem Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan gatnaw ugry boýunça we yzyna ýükleri getirmek üçin bir bitewi nyrh syýasatynyň girizilmegi, “Bitewi penjire” ýörelgesi boýunça gözegçilik ulgamyny ornaşdyrmagyň hasabyna gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek maksadalaýykdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de ýoluň sanly atlasyny taýýarlamagy teklip etdi.
Mundan başga-da, milli Liderimiz hyzmatdaşlygyň telekommunikasiýalar ugry boýunça özara gatnaşyklar ýaly ugruna söhbetdeşleriň ünsüni çekdi. Türkmenistan iki möhüm taslamany — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň we Türkmenbaşy — Siazan ugry boýunça Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda Hazar deňziniň düýbünden optiki-süýümli kabel aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygynyň taslamasyny amala aşyrýar.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çeýe usulyny işläp taýýarlamak arkaly goňşy ýurtlaryň tagallalaryny birleşdirmegi teklip etdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pikirine görä, munuň özi iň döwrebap, öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak arkaly, Ýewraziýa yklymynyň giň gerimli maglumatlar hyzmatlary bazaryna çykmak üçin goşmaça mümkinçilikleri açar.
Azerbaýjan Respublikasynyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentleri hormatly Prezidentimiziň uzak möhletli we netijeli gatnaşyklary guramaga köpugurly çemeleşmelerini goldaýandyklaryny beýan etdiler.
Nygtalyşy ýaly, milli Liderimiziň öňe sürýän başlangyçlary dünýä bileleşiginiň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň giň goldawyna mynasyp bolýar. Şol başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegi umumadamzat bähbitlerini nazarlaýar.
2020-nji ýylyň 7-nji awgustynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory Tedros Gebreisus bilen wideoduşuşygy geçirildi. Wideoduşuşykda ýiti ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy bilelikde göreşmek meselesine hem-de olaryň ýetirýän zyýanyny azaltmagyň mümkin bolan ýollaryna aýratyn üns berildi.
Dünýäniň ýurtlary we halkara guramalar tarapyndan amala aşyrylýan bilelikdäki işler oňyn netijeleri berýär, şonuň bilen birlikde, COVID-19 ýokanjy bilen bagly köp sanly meseleler düşnüksiz bolmagynda galýar diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de şunuň esasynda Türkmenistanyň täze tekliplerini hödürledi. Şol teklipler bu howply ýokanjyň ýaýramagynyň mümkin bolan ýollaryny, onuň üýtgemeginiň hem-de täze görnüşleriniň ýüze çykmagynyň, bu keseli dogry anyklamagyň, täze ýokanç keselleri bejermegiň we olaryň öňüni almagyň usullaryny kämilleşdirmegiň ýollaryny öwrenmäge degişlidir.
Halkara işiň ýokarda beýan edilen möhüm meseleleriniň ählisi barada hormatly Prezidentimiz BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda geçirilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde 22-nji sentýabrda eden wideoýüzlenmesinde hem durup geçdi. Döwlet Baştutanymyz adamzadyň ХХI asyrda ýüzbe-ýüz bolan täze howpuna ünsi çekdi.
Gysga döwrüň içinde COVID-19 hakyky we belki-de, döwrüň iň howp salýan wehimine öwrüldi. Ol hiç bir serhetsiz, adamlaryň gelip çykyşyna we milletine parh goýmaýan, ösen dünýäniň ähli ulgamlaryna örän ýaramaz täsirini ýetirýän ählumumy möçberdäki wehimdir diýip, milli Liderimiz aýtdy.
BMG-niň Baş sekretarynyň başlangyçlaryny üns merkezinde saklap, Türkmenistanda döwlet derejesinde ýurdumyzyň ýiti ýokanç kesellerine garşy hereket etmäge we täsir etmäge taýýarlygy üpjün etmegiň Milli meýilnamasy tassyklanyldy. Şeýle hem koronawirus pandemiýasyna garşy hereket etmek boýunça dessin durmuş-ykdysady çäreleriň meýilnamasy işlenilip taýýarlanyldy we kabul edildi. Şonuň bilen birlikde, Türkmenistan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen özüniň köpýyllyk we netijeli hyzmatdaşlygyny dowam edýär. Onuň teklipleri lukmançylyk we beýleki edaralaryň işlemegi üçin möhüm ugur görkeziji bolup durýar. Biz BSGG bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňelderis we anyklaşdyrarys, ony ulgamlaýyn, uzak möhletleýin derejä çykararys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz pandemiýany çalt ýeňmek üçin bütin dünýäniň ylmy-lukmançylyk jemgyýetçiliginiň tagallalarynyň birleşdirilmeginiň zerurdygyny ýene-de bir gezek nygtap, Türkmenistanyň bu ugurdaky tekliplerini beýan etdi. Şol başlangyçlar, hususan-da, BSGG-niň koronawirusyň genomyny öwrenmek boýunça ýörite maksatnamasyny döretmäge, ýiti öýken keseline garşy göreşmek boýunça köptaraplaýyn guraly işläp taýýarlamaga hem-de ýiti ýokanç keselleri bejermek we olaryň öňüni almak boýunça Usulyýet merkezini döretmäge degişlidir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ählumumy çökgünligiň ykdysady meselesi barada durup geçip, energetikany, ulag ulgamyny, senagaty we söwdany ykdysadyýeti dikeltmegiň esasy ugurlary hökmünde görkezdi.
Milli Liderimiz dünýä bileleşigini Aral we Aralýaka sebitleriň meselesine üns bermäge çagyrdy. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz Aral deňzi sebiti üçin BMG-niň ýörite maksatnamasyny döretmek başlangyjyny öňe sürdi.
2021-nji ýylyň maý aýynda BMG-niň Aziýa hem-de Ýuwaş umman üçin Ykdysady we durmuş toparynyň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde Türkmenistan Aral boýunça geljekki Ýörite maksatnamanyň konsepsiýasynyň ilkibaşky taslamasyny hem-de düzümini hödürlär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäde harby-syýasy gapma-garşylygyň ýaýramagyna, dawaly zolaklaryň giňelmek howpuna, çylşyrymly ojaklaryň artmagyna, halkara hukugyň äsgerilmezligine hem düýpli ynjalyksyzlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyzyň pikirine görä, halkara syýasatda ynanyşmak ýagdaýynyň dikeldilmegi, birek-birege hormat goýmak gatnaşyklarynyň medeniýetiniň döredilmegi şu meseleleri çözmegiň ýollarynyň biri bolup durýar.
Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde, ýurdumyz ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça köptaraplaýyn netijeli gatnaşyklara kuwwatly itergi bermek maksady bilen, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyny geçirmegi teklip edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda owgan meselesine aýratyn üns berip, bu babatda Türkmenistanyň eýeleýän ornunyň üýtgewsizdigini, gepleşikleriň dowam etdirilmelidigini belledi. Bitarap döwlet we Owganystanyň gönüden-göni goňşusy hökmünde biziň ýurdumyz öz çäklerinde owgan Hökümetiniň hem-de bu ýurtdaky ýagdaýlary syýasy taýdan düzgünleşdirmekde gyzyklanma bildirýän ähli taraplaryň arasynda parahatçylykly gatnaşyklary ýola goýmak üçin zerur syýasy we guramaçylyk şertlerini üpjün etmäge taýýardyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Owgan tarapynyň gatnaşmagynda iri düzümleýin, ilkinji nobatda, energetika, ulag we kommunikasiýa ýaly möhüm ulgamlarda taslamalaryň durmuşa geçirilmegi Owganystanyň syýasy taýdan durnuklaşdyrylmagynyň, ykdysady hem-de durmuş taýdan täzeden dikeldilmeginiň, onuň dünýä hojalyk işlerine üstünlikli goşulyşmagynyň esasy şerti bolup durýar. Bu ugurda yzygiderli iş alyp barmak bilen, ýurdumyz, mälim bolşy ýaly, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň hem-de Owganystanyň çäklerine çykýan demir ýol şahalarynyň, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşyklarynyň başyny başlady, şolar eýýäm iş ýüzünde amala aşyrylmak tapgyryna girdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz halkara bileleşigi, işewür düzümleri, maliýe edaralaryny bu işlere has işjeň goşulyşmaga çagyrdy.
Biziň ýurdumyz üçin BMG möhüm, ileri tutulýan hyzmatdaş bolupdy we şeýle bolmagynda galar diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň köpugurly kanuny düzgünlere eýe bolan ýeke-täk halkara gurama bolandygyny, şeýle bolup durýandygyny we şonuň ýaly bolup galmalydygyny nygtady.
Türkmenistan köpugurly daşary syýasaty durmuşa geçirip, köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň çäklerini yzygiderli giňeldýär. 30-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Seulda geçirilen Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara Forumyna gatnaşyjylara wideoýüzlenme bilen çykyş etdi.
Milli Liderimiz Aşgabadyň Koreýa Respublikasy bilen gatnaşyklarymyzy häsiýetlendirýän özara düşünişmegiň, netijeliligiň we ikitaraplaýyn bähbidiň gazanylan derejesine ýokary baha berýändigini belledi. Soňky döwürde iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň okgunly we durnukly ösýändigi hem muňa şaýatlyk edýär.
Döwlet Baştutanymyz Günorta Koreýanyň “LG ” we “Hyundai” kompaniýalaryny mysal hökmünde getirdi. Olar Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň nebitgaz we ulag ulgamynda netijeli işleýärler. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda tebigy gazy kükürtden arassalaýan zawodyň, polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumynyň gurluşygy, Günorta Koreýanyň meşhur önüm öndürijileriniň awtoulag tehnikalarynyň getirilmegi ýaly taslamalaryň ähmiýeti bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz ylym bilen baglanyşykly taslamalary durmuşa geçirmek babatda bilelikde işlemek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň bellemegine görä, munuň özi telekommunikasiýa we kosmos ulgamlary, suwdan peýdalanmak, deňiz suwuny süýjetmek bilen baglanyşyklydyr.
Milli Liderimiz Koreýa Respublikasynyň işewürler jemgyýetçiligine türkmen bazaryna işjeň çykmaga çakylyk bilen ýüzlenip, döwletimiziň koreý kompaniýalaryna Türkmenistandaky işlerine uly goldaw bermäge, olar üçin amatly şertleri döretmäge taýýardygyna ynandyrdy.
2020-nji ýylyň 18-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň wideomaslahat görnüşinde geçirilen mejlisine gatnaşyp, Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlykda işjeň orun eýeleýändigini ýene-de bir gezek tassyklady. Milli Liderimiz ulag ulgamyny, ýangyç-energetika toplumyny, kommunikasiýalary, senagat taýdan goşulyşmagy, söwdany, tehnologiýalary ykdysady gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdi.
Türkmenistan köpugurly hyzmatdaşlyga täze hil bermek, özara gatnaşyklaryň uzak möhletli ulgamyna geçmek ugrunda çykyş edýär. Döwlet Baştutanymyzyň pikirine görä, GDA ýurtlarynyň çäkleri yklymda ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ýollaryna, Ýewropa — Aziýa ugry boýunça baglanyşdyryjy halkalara öwrülip biler.
Milli Liderimiz Arkalaşygyň geografik çäkleri babatda GDA-nyň ykdysady bähbitlerini ilerletmegiň, goňşy ýurtlaryň we sebitleriň bilelikdäki taslamalara goşulmagynyň wajypdygyny belledi. Ilkinji nobatda, munuň özi ulag-üstaşyr we kommunikasiýa düzümlerine, energiýa serişdeleriniň iberilmegine degişlidir.
Hususan-da, döwlet Baştutanymyz bu ugurda Hazar sebitinde hyzmatdaşlygyň, şol ýerde dünýä ummanyna göni çykalgasy bolmadyk döwletleriň gatnaşmagynda utgaşykly logistikanyň döwrebap ulgamyny döretmegiň uly mümkinçilikleriniň bardygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tutuş dünýäde 2020-nji ýylyň koronawirus ýokanjyna garşy göreşmegiň nyşany astynda geçendigini aýdyp, şu çylşyrymly şertlerde GDA döwletleriniň lukmançylyk, arassaçylyk, gümrük we beýleki gulluklar boýunça özara gatnaşyklaryň ugurlaryny çalt ýola goýmagy başarandygyny, täze wehime garşy durmakda ýokary jogapkärçiligi, raýdaşlygy hem-de özara goldawy görkezendigini nygtady.
Türkmenistan Arkalaşygyň döwletleriniň dünýä giňişliginde, iri halkara düzümlerde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynda has ysnyşykly gatnaşyklary hem-de tagallalary utgaşdyrmagyň zerurdygyna ynanýar. Biziň ýurdumyz GDA-nyň çäklerinde ysnyşykly gatnaşyklary dowam etmäge, gol çekilen resminamalaryň wezipelerini durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga berk ygrarlydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.
2020-nji ýylda geçirilen halkara duşuşyklaryň barşynda döwlet Baştutanymyzyň hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça beýan eden anyk teklipleriniň ählisi ýurdumyzyň içinde hereket etmegiň ýol görkezijisine öwrülip, döwletimiziň diplomatik we daşary ykdysady işiniň, ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň özenini düzdi.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň halkara durmuşynyň wakalary döwrebap kommunikasiýa tehnologiýalary netijesinde, köp sanly çäreleri, gepleşikleri, dürli derejedäki hem-de dürli ugurlar boýunça forumlary özüne birleşdirdi.
Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän daşary syýasy strategiýasynyň köptaraply kuwwatyny, türkmen bitaraplygynyň köpugurly gurallarynyň netijeliligini aýdyňlyk bilen görkezdi. Diýarymyzyň bitaraplygynyň şanly senesi ata Watanymyzyň taryhynyň senenamasyna altyn harplar bilen ýazyldy. 2020-nji ýyl ýaly tutuş dünýä üçin çylşyrymly döwürde biziň ýurdumyz öz kuwwatyny ählumumy abadançylygyň bähbidine gönükdirip, raýdaşlyk, adalatlylyk, döredijilik hem-de parahatçylyk ýörelgelerine berk ygrarlydygyny ýene bir ýola tutuş dünýä äşgär etdi.
(TDH).