Pudagyň tehniki kuwwaty artýar

Eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy bellenilen ýylynda Lebap welaýatynda dabaraly açylan täze elektrik stansiýasy hem ýapon hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde gurlup, ulanylmaga berildi. «Sumitomo Corporation» kompaniýasy bu iri energetika desgasynyň gurluşyk-gurnama işlerine 2018-nji ýylyň noýabr aýynda girişdi. Ynha, üç ýyla golaý wagtdan soň ýurdumyzyň gündogar sebitinde tutuş Merkezi Aziýa derejesinde alanyňda hem iň iri gaz turbinaly elektrik stansiýalarynyň biri guruldy.

Çärjew etrabynda ulanylmaga berlen täze gaz turbinaly elektrik stansiýasy güwänamalaryň üçüsine — Merkezi Aziýada ilkinji bolup «Sumitomo Corporation» we «Mitsubishi Power Ltd.» kompaniýalary tarapyndan üpjün edilen M701DA kysymly gaz turbinalaryň ulanylandygy baradaky sylag şahadatnamasyna, «Max-Planck» instituty tarapyndan «Ekologiýa taýdan durnuklylyk we netijelilik» güwänamasyna hem-de Şweýsariýanyň Federal tehnologiýalar instituty tarapyndan desganyň öňdebaryjy tehnologiýaly elektrik stansiýasydygy baradaky güwänamasyna mynasyp boldy. Resminamalar degişli guramalaryň wekilleri tarapyndan «Lebap» döwlet elektrik stansiýasynyň ýolbaşçysyna gowşuryldy. Şeýlelikde Türkmenistan sebitde ilkinji ädimleriň ýene-de birini ätdi.

Şunlukda, eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň uly dabara bilen bellenilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda elektrik energiýasynyň ägirt uly gory döredildi. Munuň özi ýurdumyzyň milli energetika pudagy üçin henize çenli görlüp-eşidilmedik, diýseň belent sepgitdir. Bu belent sepgide ýetmek bolsa, milli Liderimiziň bu pudagy düýpli ösdürmek babatda edýän yzygiderli tagallalarynyň esasynda mümkin boldy.

Goý, hormatly Prezidentimiziň tutuş adamzadyň bagtyýar geljegi ugrunda amala aşyrýan tutumly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!

Oguljahan Goçjyýewa,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/42098