Paýtagtymyzda şähergurluşyk maksatnamasy yzygiderli durmuşa geçirilýär

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz hem-de onuň töweregi boýunça iş saparyny amala aşyryp, birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygy we onuň durmuş düzüminiň toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrylmagy boýunça taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz halkymyzyň milli buýsanjy hasaplanylýan alabaý itleri we olary ösdürip ýetişdirmegiň dünýä nusgalyk ýörelgeleriniň döwrebap derejede dowam etdirilişi bilen gyzyklandy.

Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň buýurmasy esasynda gurulýan desgalar toplumynda alnyp barylýan işler barada ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri, Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň ýolbaşçysy S.Berdimuhamedow hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz toplumda alnyp barylýan gurluşyk işlerine ünsi çekip, desgalaryň daşky we içki bezeg aýratynlyklary, toplumyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy, bu künjegiň yşyklandyryş ulgamynyň görnüşleri bilen gyzyklandy hem-de ýerine ýetirilýän işleri yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda wise-premýer Ş.Durdylyýewe birnäçe görkezmeleri berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýer E.Orazgeldiýewe ýüzlenip, alabaýlaryň şekilleri taýýarlananda milli ýörelgelerden ugur alynmalydygyny, olarda alabaýlara mahsus wepadarlygyň, edermenligiň öz beýanyny tapmalydygyny belledi.

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň toplumynyň baş meýilnamasy, onuň şekil taslamasy, toplumyň baş girelgesiniň görnüşleriniň taslamalary, bu ýerde oturdylmagy meýilleşdirilýän alabaýlaryň şekilleri, tomaşaçylar münberiniň görnüşleriniň, alabaý itleriniň sergi meýdançasynyň, päsgelçilikleriň görnüşleriniň taslamalary we toplumyň desgalarynda ulanylýan bezeg serişdeleriniň görnüşleri bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy, degişli düzedişleri girizdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmen alabaý itleriniň baýramyny Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen utgaşdyryp geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi we şanly sene mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň ýolbaşçysy S.Berdimuhamedow baýramçylyk gününde geçiriljek çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, onuň çäklerinde alabaý itleriniň gözellik bäsleşigi, degişli päsgelçiliklerden geçmek boýunça ýaryşlar guralar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şanly sene mynasybetli alabaý itleriniň bäsleşiginiň netijeleri boýunça ýeňijini kesgitleýän eminler toparynyň döredilmeginiň, onuň düzüminde bu ugurda ýeterlik tejribesi we bilim derejesi bolan hünärmenleriň bolmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz bu babatda anyk tabşyryklary berdi hem-de gözellik bäsleşiginiň jemleri boýunça ýeňiji diýlip yglan edilen alabaýa “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” diýen derejäniň berilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer Ş.Durdylyýewe toplumyň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi we onda zerur bolan ähli mümkinçilikleriň, şeýle hem bu ýerde halkara ähmiýetli çäreleri geçirmek üçin aňrybaş şertleriň döredilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz ýolugra dag etegindäki nurana ýollaryň çatrygynyň merkezinde oturdylan ahalteke bedewine atlanan arkasy dutarly türkmen ýigidiniň ýadygärliginiň hem-de onuň töwerekleriniň abadanlaşdyryş derejesine, bu ýerleriň gülzarlyga öwrülmegine hem ünsi çekdi.

Soňra milli Liderimiz paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde bina edilýän we Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän Söwda we dynç alyş merkezli desgalar toplumynyň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine geldi. Hormatly Prezidentimiz ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy, otaglarda döredilýän şertler bilen tanşyp, olaryň bezeg aýratynlyklarynda, abadanlaşdyrylyşynda türkmen halkyna mahsus bolan ýörelgeleriň üpjün edilmelidigine, şunda işleriň ýokary hil derejesine ähmiýet bermelidigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz toplumyň çäginde gurulýan sebitde iri Söwda we dynç alyş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanşyp, desgalaryň netijeli we maksadalaýyk ulanylmagyny, ýokary hilli hyzmatlaryň ýola goýulmagyny üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Ak mermerli paýtagtymyz özüniň binagärlik aýratynlygy, sazlaşykly ösüşi bilen haýran galdyrýar. Dünýäniň owadan we ýaşaýyş üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň hatarynda ornuny barha pugtalandyrýan Aşgabat täsin binagärlik çözgütlerine eýe bolan özboluşly desgalary bilen birnäçe gezek Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Munuň özi ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň dünýä nusgalykdygynyň aýdyň nyşany bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, Aşgabadyň dürli döwürlerde döredijilik işgärlerini, aýdymçylary we kompozitorlary täze eserleri döretmäge ruhlandyrandygyny, şeýlelikde, paýtagtymyz hakyndaky birnäçe çeper eserleriň, aýdymlaryň döredilendigini, şu ýagdaýlardan ugur alyp, bu desgalar toplumynyň “Aşgabat” diýlip atlandyrylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy bilen gabat gelýändigini, onuň giňden baýram ediljekdigini belläp, bu şanly sene mynasybetli medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda döredijilik bäsleşiginiň guralmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Milli Liderimiz paýtagtymyz boýunça guran iş saparynyň dowamynda paýtagtymyzyň günorta künjegindäki şaýoluň ugrunda bina edilen “Ak öý” awtobus duralgasynyň ýanynda saklandy. Hormatly Prezidentimiz şäher duralgalarynda ýolagçylar üçin ähli amatly şertleriň döredilmegine, olarda wagty bilmek we ýurdumyzyň durmuşyndaky täzelikler bilen tanyşmak üçin mümkinçilikleriň üpjün edilmegine möhüm ähmiýet berilmelidigini aýdyp, degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň, “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň täze binasynyň gurluşygynda alnyp barylýan işleri synlap, gurluşygyň kesgitlenen meýilnama laýyklykda alnyp barylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň berk gözegçilikde saklanmalydygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýolugra “Nusaý” diýlip atlandyrylýan awtobus duralgasynyň ýanynda saklanyp, häzirki döwürde şäher ilatynyň ulag üpjünçilik meselelerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi.

Milli Liderimiz iş saparynyň ahyrynda paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan şähergurluşyk maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň, durmuş üpjünçilik ulgamyna degişli gulluklaryň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagynyň möhümdigini nygtady.

«Mugallymlar gazeti».



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19134