Parahatçylyk ýylgyrmakdan başlanýar

Mähriban Arkadagymyzyň «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly dürdäne şygryna köňül kelamy

Gahryman Arkadagymyzyň dyngysyz aladasy arkaly ösüşler-özgerişler görlüp-eşidilmedik derejä ýetdi. Diýar gül açdy, dünýä ýol saldy, at-abraýy belende göterildi. Ýeňişleriň, gelişleriň tarypyna söz ejiz, söhbet ejiz.

Mähriban Arkadagymyzyň Arş boýuny, ummana deňleşýän akyl-aňyny, çuň pikirini, alyslara aşýan nazaryýetini nämä deňesemkäm?!

Şahyrana söz bilen aýtsam, türkmen topragynyň dagynda-düzünde, gülünde-gününde, bagynda-bossanynda, çaýynda-çeşmesinde, ýaýlasynda-ýaýrawynda, mährinde-meňzinde Gahryman Arkadagymyzyň ýüzüni görýän, Özüni görýän. Mundan ýokary nädip aýtsa bolar?


Ýaýlalaň ýüzüsiň Sen!
Daglary-düzüsiň Sen!
Şuglaly Günüsiň Sen!
Ak reň gülüsiň Sen!

 
Sözümi jemläp aýtsam,
Türkmeniň ömrüsiň Sen!
Aslyňa baryp gaýtsam,
Oguzyň Özüsiň Sen!


Gahryman Arkadagymyz sözüň-söhbediň başydyr, günleriň-göwünleriň hoşudyr, türkmeniň ýaşan, ýaşajak ýaşydyr. Dünýäniň iň ajaýyp açyşydyr, akylyň-aňyň, adamkärçiligiň aňry başydyr, jygaň göwher gaşydyr. Gün bolup göge galandyr, nuruny dünýä salandyr, göwünleri alandyr. Hydyr bilen sözleşmedik, gudrat bilen gözleşmedik ýurdy gysga wagtda bu derejä ýetirip bilmez. Manyly ömrüňe döneli.

Mähriban Arkadagymyz Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli döwlet kabul edişliginde taryhy söz sözledi. Şeýle-de “Ýaşasyn parahat durmuş!” atly ajaýyp şygryny bize, şanly baýrama serpaý ýapdy.

“Taryha ser salsaň, Bitaraplygyň halkymyzyň milli ruhy bitewüligi, iň asylly häsiýetleri, ýörelgeleri, şu günki günde bolsa dünýä halklarynyň bähbitleri bilen berk baglydygyny görmek bolýar” diýen Gahryman Arkadagymyz türkmeniň ahalteke bedewi, nepis halysy, edermen alabaýy hakynda anyk mysallary getirdi.

Milli köklere şeýlekin guwanman, buýsanman, ony dünýä ýaýyp bolmaýar.

Ahalteke bedewiniň bady şunda. Nepis halylaryň gözelligi, göwünleriň myrady şunda. Uly ýurduň keremi, döwrüň kuwwaty şunda.

Mähriban Arkadagymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine ýygy ýüzlenmek bilen her birimizi beýgeldýär ahyry! “Türkmeniň taryhynda Alp Arslan, Görogly beg ýaly edermen şahslary, Magtymguly Pyragy, Mämmetweli Kemine, Gurbandurdy Zelili, Seýitnazar Seýdi ýaly ajaýyp söz ussatlary halkymyzyň agzybirligi, ýurduň berkararlygy ugrunda akyl-paýhasyň, gaýduwsyzlygyň we çeper sözüň üsti bilen göreşipdirler. Olar halka hyzmat etmegiň, Watana wepalylygyň ajaýyp nusgasyny görkezipdirler” diýmek bilen, şahyrlary ýurt goragçylary bilen deň orunda goýýar. Neneň buýsanmarsyň, niçik joşmarsyň onsoň?!

Täze şygryň owazynyň başgaçalygy, mazmun taýdan ýitiligi, özboluşlylygy, düýplüligi dünýäni, ynsan kowumyny parahatçylyga, rahatlyga çagyrýanlygy bilen tapawutlanýar.


Dert-belalar ýol salmasyn,
Öz döredýän kynçylygmyz,
Goý, hiç haçan ýol almasyn!
Tutuş barlygyň hakyna,
Janly-jandaryň hakyna,
Saklanalyň, adamlar!


Tämiz tutup göwünleri,
Biz hemişe arzuw edýäs
Abadan, rahat günleri.
Arşda Taňrynyň hakyna,
Külli ynsanyň hakyna,
Saklanalyň, adamlar!


Gahryman hem mähriban Arkadagymyzyň bu dürdäne setirleriniň häzirki döwrüň müşgilliklerine hötde gelmäge çelgi boljakdygy şübhesizdir. Ol bütin adamzady parahatçylyga, hoşniýetlilige çagyryş bolup ýaňlanýar.

Gahryman Arkadagymyzy döreden şu ajaýyp goşgusy bilen gyzgyn gutlaýaryn! Döwet galamynyň mundan buýana-da ýiti bolmagyny, owadan kalbynyň joşguna beslenmegini arzuw edýärin!

Türkmeniň Söwer Oglunyň owadan ýylgyryşy Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň görküni, durkuny bezeýär. Il-halk ondan kuwwat alýar, güýç alýar.

Bizi guwanja, buýsanja atarýan barlyklaryň gymmaty başgadyr, ol dünýä durýandyr.


Şu ajaýyp döwrüň üçin,
Ýylgyr, Arkadagym, ýylgyr!
Gül getiren ömrüň üçin,
Ýylgyr, Arkadagym, ýylgyr!


Eýýamyňy ýaradansyň,
Uly dünýä garadansyň.
Müňläp kalby ýyladansyň,
Ýylgyr, Arkadagym, ýylgyr!


Peder pähmini sylaplar,
Oguz ähdini yzlaplar,
Diýar durkuny synlaplar,
Ýylgyr, Arkadagym, ýylgyr!


Ýakynlysyň, yraklysyň,
Çuňundan, ynsan aklysyň.
Kim haklydyr, Sen haklysyň,
Ýylgyr, Arkadagym, ýylgyr!


Ýeňişler daş ýany bilen,
Pasyllaryň ýazy bilen.
Çapdyň aty-a:gy bilen,
Ýylgyr, Arkadagym ýylgyr!


Berilipdir görkdür-görmek,
Mydam juwanlykda ýörmek.
Başartdy söýüp, söýdürmek,
Ýylgyr, Arkadagym, ýylgyr!


Daglygyňdan aýlanaýyn,
Barlygyňdan aýlanaýyn.
Şatlanaňda, şaýlanaýyn,
Ýylgyr, Arkadagym, ýylgyr!


Gözel ŞAGULYÝEWA,

Türkmenistanyň Gahrymany.