Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döredijilikli daşary syýasy ugruna berk eýerýär. Ýurdumyz oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, sebit we dünýä derejesinde deňhukukly, netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine anyk goşant goşýar. Şunda Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly häsiýete eýe bolan strategik gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy häzirki döwürde hem parahatçylygy saklamak, ählumumy we hemmetaraplaýyn howpsuzlygy, halkara gatnaşyklaryň häzirki gurluşynyň durnuklylygyny üpjün etmek üçin jogapkär bolan ýeke-täk köptaraply we kanuny gurama bolup çykyş edýär. Türkmenistan BMG tarapyndan resmi taýdan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet bolmak bilen, özüni Milletler Bileleşiginiň ygtybarly, jogapkärli hyzmatdaşy hökmünde görkezdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň iýulynda Aşgabada sapar bilen gelen BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen geçiren duşuşyklarynyň barşynda ýurdumyzyň bu gurama we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandygy ýene-de bir gezek tassyklanyldy.
Türkmenistanyň hyzmatdaşlyk meselelerine döredijilikli çemeleşmesi, ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasy giň halkara ykrarnama we goldawa eýe boldy. Bitarap döwletimiziň BMG-niň esasy edaralarynyň düzümine, esasy maslahat beriji, wekilçilikli guramasy bolan Baş Assambleýanyň sessiýalarynyň wise-başlyklygyna birnäçe gezek saýlanylmagy munuň aýdyň güwäsidir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňde boljak 79-njy sessiýasynyň wise-başlyklygyna saýlanandygyny bellemek gerek. Bu sessiýada ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlary beýan ediler. Şol garaýyşlar döwletimiziň halkara gün tertibiniň esasy ugurlary boýunça doly möçberli we netijeli dialoga, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen bagly möhüm wezipeleriň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga berk ygrarlydygyny nobatdaky gezek subut eder. Şunda parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berilýär.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Kararnamalaryň birnäçesi, şol sanda 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi. Assambleýanyň 79-njy sessiýasynyň barşynda ýurdumyz öz işinde bitaraplyk, goşulyşmazlyk we öňüni alyş diplomatiýasynyň ýörelgelerinden ugur alar. Sebit derejesinde parahatçylygy, ynanyşmagy berkitmek, hususan-da, ony BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň çäklerindäki hyzmatdaşlyk arkaly pugtalandyrmak ýakyn geljek üçin bellenilen ileri tutulýan wezipelerdir.
Türkmenistan Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak boýunça guramaçylyk işlerini dowam etdirer. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow geçen ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda bu başlangyjy öňe sürmek bilen, Türkmenistanyň köp ýyllaryň dowamynda howpsuzlygyň bölünmezligi we bitewüligi, onuň dürli ugurlarynyň biri-birinden aýrylmazlygy ýörelgesine berk eýerýändigini nygtady. Halkara gün tertibindäki ugurlaryň hiç biri ikinji derejeli ýa-da möhüm däl bolup bilmez. Munuň özi öňde durýan wezipeleri çözmäge ylalaşykly we sazlaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamagyň zerurlygyny şertlendirýär. Şol wezipeleri diňe bilelikde, Birleşen Milletler Guramasynyň aýgytlaýjy orny eýelemeginde we howandarlygynda çözmek bolar.
Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda BMG-niň Tertipnamasynyň kadalaryna we halkara hukugyň umumy ykrar edilen düzgünlerine esaslanýan strategiýanyň adaty töwekgelçilikler bilen bilelikde, soňky döwürde ýüze çykan töwekgelçilikleriň hem bardygyny beýan etmelidigine ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bu strategiýa BMG-niň işiniň birnäçe ugurlaryny, hususan-da, gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň, olary ýok etmegiň guraly hökmünde öňüni alyş diplomatiýasyny; jedelleri we dawalary parahatçylykly, syýasy-diplomatik taýdan düzgünleşdirmek üçin bitaraplygyň mümkinçiliklerini peýdalanmagy; BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2021-nji hem-de 2023-nji ýylda kabul eden degişli Kararnamalary esasynda ynanyşmak dialogynyň medeniýetini girizmegi zerur hasap edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz ähli gyzyklanma bildirýän döwletleri, halkara düzümleri, institutlary, BMG-niň edaralaryny hyzmatdaşlyga çagyrýar.
Şunda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň binýadynda döredilen Bitaraplygyň dostlary toparynyň mümkinçilikleriniň parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine mundan beýläk-de ulanyljakdygyny nygtamak wajypdyr. Häzirki wagtda ol sebit we ählumumy hyzmatdaşlygyň dürli meseleleri boýunça netijeli pikir alyşmak üçin açyk meýdança bolup hyzmat edýär. Häzirki wagtda bu topar dünýäniň dürli döwletlerini birleşdirýär. Şolaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji we 2015-nji ýyllardaky “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy”, 2017-nji ýyldaky 12-nji dekabry “Halkara Bitaraplyk güni” diýip yglan etmek, 2020-nji ýyldaky «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny» atly Kararnamalarynyň awtordaşlary bolan ýurtlar hem bar. Bu köptaraply dialogyň çäklerinde duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi halkara gatnaşyklarda bitaraplyk ýörelgelerini ilerletmäge, ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin durnukly syýasy-diplomatik guraly işläp taýýarlamaga ýardam edýär.
2020-nji ýylyň awgustynda Nýu-Ýorkda Bitaraplygyň dostlary toparynyň ilçileri derejesinde birinji mejlisiň geçirilendigini ýatlatmalydyrys. Onda BMG-niň Tertipnamasynda berkidilen ýörelgelere ygrarlylyk tassyklanyldy. 2022-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda toparyň birinji ministrler duşuşygy geçirildi. Onuň Jemleýji Jarnamasy geçen ýylyň martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde çap edildi. 2023-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Bitaraplygyň dostlary toparynyň utgaşykly görnüşde geçirilen ýokary derejeli mejlisiniň barşynda toparyň işiniň anyk netijelere gönükdirilendigi hem-de onuň örän wajypdygy, halkara gatnaşyklaryň ösüşiniň häzirki döwründe ähmiýetiniň has-da uludygy bellenildi.
Şu ýylyň fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň utgaşykly görnüşde Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň birinji duşuşygy geçirildi. «Parahatçylygy we dialogy berkitmekde parlament hyzmatdaşlygynyň orny» mowzugyndaky duşuşyga dürli döwletleriň kanun çykaryjy edaralarynyň ýolbaşçylary, halkara we sebit guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Bellenilişi ýaly, parlament diplomatiýasynyň ornunyň barha artýandygyny nazara almak bilen, häzirki wagtda bu ulgamdaky özara gatnaşyklar örän wajypdyr. Şeýle hem Türkmenistanyň dünýä we sebit derejesinde, parahatçylyk, ösüş, hyzmatdaşlyk gün tertibini barha işjeň ilerledýändigi, çylşyrymly halkara meseleleriň ençemesi boýunça anyk çözgütleri teklip edýändigi nygtaldy.
Parlament diplomatiýasynyň esasy aýratynlygynyň we güýjüniň, ozaly bilen, raýatlaryň gönüden-göni wekilleri bilen parlamentarileriň arasynda dialog üçin mümkinçilikleri döretmeginde jemlenýändigine üns çekildi. Munuň özi adamlar üçin iň derwaýys meseleleri içgin ara alyp maslahatlaşmaga, täze aragatnaşyk ýollaryny gözlemäge, ýurtlarymyzyň raýatlary tarapyndan goldanyljak başlangyçlary öňe sürmäge mümkinçilik berýär. Maslahat häzirki döwrüň ýagdaýlaryna hem-de türkmen halkynyň köpasyrlyk ýörelgelerine daýanýan hemişelik Bitaraplygyň täsin nusgasyny durmuşa geçirmegi başaran ýurdumyzyň baý tejribesiniň dünýä bileleşiginiň üns merkezinde durýandygyny tassyklady. Duşuşygyň işiniň netijeleri kabul edilen jemleýji resminamada öz beýanyny tapdy.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasyna gatnaşmaga taýýarlyk görmek bilen baglylykda, halkara resminamalaryň, şol sanda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygyna we Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolagy döretmek baradaky Şertnamanyň 15 ýyllygyna bagyşlanan resminamalaryň işlenip düzülmeginiň dowam etdiriljekdigini bellemek gerek. Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy belleniler. Bu şanly sene we ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy berk baglanyşyklydyr. Bitaraplygyň esasy ýörelgeleri, sözüň doly manysynda, BMG-niň Tertipnamasynyň düzgünleriniň aýdyň beýany bolup durýar. Häzirki wagtda olar häzirki zaman dünýä gurluşynyň esasy ýörelgesi, ählumumy okgunly ösüşiň, döredijiligiň we öňegidişligiň möhüm şerti bolup durýar. Biziň ýurdumyz BMG-niň belent maksatlaryna ýetmek üçin mundan beýläk-de bilelikde işlemäge taýýardygyny iş ýüzünde tassyklaýar.
2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi bilen bagly meselä gaýdyp gelmek bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasynda berkidilen Türkmenistanyň bu başlangyjynyň ähli döwletlere dünýäniň ykbaly, tutuş adamzadyň geljegi üçin öz jogapkärçiligine düşünmek baradaky ýüzlenme bolandygyny bellemek gerek. Çünki parahatçylyk we ynanyşmak filosofiýasy ählumumy ähmiýete eýedir.
6-njy iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen geçiren duşuşygynda belleýşi ýaly, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” halkara bileleşik tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy bilen gabat gelmeginde çuňňur syýasy many bar. Gahryman Arkadagymyz BMG-niň ýolbaşçysynyň Türkmenistana şu gezekki saparyna geljek ýylda öňde durýan bilelikdäki işiň başlangyjy hökmünde garamak baradaky pikiri beýan etdi.
Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolagy döretmek baradaky Şertnama Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisi tarapyndan tassyklanyldy we 2009-njy ýylda güýje girdi. Şeýle zolagyň döredilmegi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitde howpsuzlygy, durnuklylygy, parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça ymtylmalarynda umumy tagallalaryň aýdyň netijesi boldy. Türkmenistan sebit we halkara hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýelemek bilen, bu ugurda oňyn başlangyçlary ilerletmäge saldamly goşant goşýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 30-njy iýulynda Aşgabada gelen Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýd bilen geçiren duşuşygynyň barşynda-da bu hakykat ýene bir gezek tassyklanyldy. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan ýaragsyzlanmagyň, köpçülikleýin gyryş ýaraglaryny ýaýratmazlygyň, ählumumy ýadro howpsuzlygyny üpjün etmegiň tarapdary bolup çykyş edýär. Ýurdumyz “Ýadro ýaragynyň ýaýradylmazlygy”, “Ýadro ýaraglarynyň synaglarynyň ählumumy gadagan edilmegi” hem-de “Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakynda” möhüm şertnamalara gatnaşmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýär. Türkmenistan dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmäge ygrarly bolmak bilen, Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardyr.
Ýurdumyz bilen Birleşen Milletler Guramasynyň düzümine girýän Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň (MAGATE) arasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini bellemek zerurdyr. Türkmenistanyň Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda BMG-niň Ýadro ýaragynyň ýaýradylmazlygy baradaky şertnamasyna goşulmagyndan soňra, MAGATE bilen ikitaraplaýyn geňeşmeler geçirilýär. 2005-nji ýylda bu agentlik bilen kepillikleri ulanmak baradaky degişli Ylalaşyga gol çekildi. Munuň özi netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam etdi.
Türkmenistan 2016-njy ýyldan bäri MAGATE-niň doly hukukly agzasy bolup durýar. Onuň bilen hyzmatdaşlyk birnäçe ugurlar boýunça yzygiderli ösdürilýär. Gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny berkitmek maksady bilen, 2023-nji ýylda ýurdumyz bu düzümiň ýadro howpsuzlygy hakynda Konwensiýalarynyň ikisine goşuldy. Agentlik bilen işjeň tehniki hyzmatdaşlyk amala aşyrylýar, bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirilýär. Mälim bolşy ýaly, MAGATE-niň işi atom energiýasyny parahatçylykly ulanmak ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy höweslendirmäge we ösdürmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, saglygy goraýyş ulgamy, hususan-da, ýadro lukmançylygy özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda bellenildi.
Goşulyşmazlyk Hereketi bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyk hem Türkmenistanyň abraýly halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysallarynyň biridir. Bu gurama harby-syýasy birleşiklere gatnaşmazlyk hem-de dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň, abadançylygyň bähbidine tagallalary utgaşdyrmagyň esasynda 120 döwleti özüne birleşdirýär. Türkmenistan 1995-nji ýylyň oktýabryndan bäri Goşulyşmazlyk Hereketiniň agzasy bolup durýar. Ýurdumyz giň geografik giňişlikde netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge ýardam etmäge çalyşmak bilen, halkara derejede bu guramanyň ornuny pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýär. Bitaraplyk hukuk ýagdaýy hem onuň işini işjeňleşdirmegiň esasy ýörelgeleriniň biri bolup durýar.
Ýurdumyz Goşulyşmazlyk Hereketine agza döwletleri Türkmenistanyň Ählumumy howpsuzlyk strategiýasy baradaky başlangyjyna ählumumy parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmegiň, gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň görkezijileriniň biri hökmünde bitaraplyk ýörelgesini goldamak baradaky düzgüni goşmak boýunça utgaşdyrylan çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga girişmäge çagyrýar.
Bitaraplygy we parahatçylyk döredijilikli başlangyçlary üpjün etmekde baý tejribä eýe bolan Türkmenistanyň ýene-de bir teklibi BMG-niň ählumumy araçylarynyň ýöriteleşdirilen taýýarlyk we iş maksatnamasyny döretmäge degişlidir. Munuň özi häzirki döwrüň halkara ýagdaýlarynda hünär taýýarlykly araçylaryň işlerine ýüze çykýan zerurlyk bilen şertlendirilendir. Mundan başga-da, häzirki döwrüň wehimlerine, şol sanda terrorçylyga garşy göreş hem hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry bolmagynda galýar. Türkmenistan bu ugurda BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirer.
Şeýlelikde, ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasyndaky ileri tutýan garaýyşlary Watanymyzyň oňyn Bitaraplyk, köpugurly halkara hyzmatdaşlyk syýasatyna berk ygrarlydygyna, döwletleriň we halklaryň arasynda dostluk, özara düşünişmek, ynanyşmak gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam etmäge çalyşýandygyna şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly ählumumy başlangyjy hem hut şu maksatlara ýetmäge gönükdirilendir. Häzirki döwür bu başlangyjyň örän derwaýysdygyny tassyklaýar.