Parahatçylyk — ösüşleriň özeni

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan depginli ösmegini gazanmak, ilatyň eşretli ýaşaýşyny üpjün etmek üçin giň gerimli maksatnamalary öňe sürýär. Ykdysadyýetiň pudaklarynda gazanylýan oňyn görkezijiler saýlanyp alnan ugruň dogrudygyndan, edilýän tagallalaryň ýerine düşýändiginden habar berýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýetilýän sepgitler hem belentdir. Döwlet Baştutanymyz olar hakynda hökümetiň şu ýylyň geçen on bir aýynyň jemlerine bagyşlanyp, sanly ulgam arkaly geçirilen giňişleýin mejlisinde aýratyn durup geçdi.

Amala aşyrylýan beýik işleriň, bolup geçýän ösüş-özgerişleriň ählisi halkymyzyň bagtyýarlygyna gönükdirilendir. Şeýle guwandyryjy ýagdaý hakynda ýetip gelýän şanly senäniň — Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 26 ýyllyk baýramynyň öň ýanyndaky buýsançly günlerde söhbet etmek örän ýakymlydyr. Sebäbi islendik oňyn özgerişlikler diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, sebitde, edil şonuň ýaly-da, bütin dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň berkarar edilmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Parahatçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk arkaly ösüş gazanmak Gahryman Arkadagymyzyň daşary syýasatynyň düýp özenini düzýär. Bu babatda öňe sürülýän başlangyçlar tutuş adamzadyň abadançylygyna gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolmagy Türkmenistanyň halkara abraýyny barha belende göterýär. Ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat bolsa dünýä ähmiýetli möhüm meseleleriň gyzyklanma bilen ara alnyp maslahatlaşylýan we wajyp çözgütleriň kabul edilýän merkezleriniň birine öwrüldi.

Şeýle amatly şertlerde eziz Diýarymyzda düýpli ykdysady özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak, durnukly ösüşleri gazanmak üçin pugta esas we berk binýat emele gelýär. Ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga gönükdirilen giň gerimli işler ykdysadyýetiň ähli toplumlaryny öz içine alýar. Hormatly Prezidentimiziň çözgütlerine laýyklykda dünýäniň ösen tehnologiýalaryna daýanýan, ekologiýa taýdan howpsuz, kuwwatly önümçilik desgalary gurlup, ulanylmaga berilýär. Olarda öndürilýän önümler içerki we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýar. Şeýle il-ýurt bähbitli işlere telekeçiler hem giňden gatnaşýarlar. Şonuň netijesinde bazarlarymyz zerur harytlar bilen doly üpjün edilýär.

Biz täze öndürilip başlanylýan önümleri sertifikatlaşdyrmak bilen baglanyşykly işleri bellenilen möhletinde ýerine ýetirmek bilen, degişli resminamalary berýäris. Hut şu şanly ýylyň geçen döwründe edara-kärhanalara şeýle resminamalaryň birnäçesi berildi. Olaryň arasynda «Döwletli döwran» hususy kärhanasynyň öndürýän keramiki kerpiçleri, «Gaýrat» hususy kärhanasynda öndürilmegi ýola goýlan düşeklik pamyk, «Türkmen ýyldyzy» hususy kärhanasynda öndürilýän dürli görnüşli elektrik geçirijiler, «Ak pamyk» pamyk serişdelerini öndürýän fabriginde öndürilýän lukmançylyk pamygy we beýlekiler bar. Görnüşi ýaly, welaýatymyzyň senagat pudagynda işleriň gerimi barha giňelýär. Bu işde hususy önüm öndürijileriň paýynyň barha artýandygyna bolsa ýokardaky sanaw aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmen Bitaraplygy abadançylyk, bagtyýarlyk, gülläp ösüş ýoludyr. Bütin dünýäniň parahatçylyk sazyny çalyp, diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, Ýer ýüzüniň halklarynyň arassa asmanyň astynda eşretli durmuşda ýaşamagyna hyzmat edýän baky Bitaraplyk ýörelgesine hemişelik ygrarly Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutumlary geljekde-de rowaçlyklara beslensin!

Maksat HANOW,

welaýat «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň sertifikatlaşdyryş bölüminiň döwlet inspektory, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.