Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly guwandyryjy wakalary bilen türkmen halkynyň şanly taryhynyň altyn sahypalaryny barha baýlaşdyrýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy atly beýik döwrüň başlanan günlerinde hormatly Prezidentimiziň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly kitabynyň okyjylara gowuşmagy ähli türkmenistanlylary buýsandyrdy.
Täze eserde dünýäde ykrar edilen milli Liderimiziň otuz sany çykyşynyň, şeýle hem daşary ýurtlaryň dört sany abraýly habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň sowallaryna beren jogaplarynyň jemlenendigini nygtamaly. Bu çykyşlar we interwýular 2021-nji ýylyň dowamyndaky we 2022-nji ýylyň başyndaky ýurdumyzyň durmuşyna, şeýle-de halkara derejeli möhüm wakalara bagyşlanan.
Ýeri gelende, hormatly Prezidentimiziň ähli çykyşlarynyň, şeýle hem neşir edilýän kitaplarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn garşylanýandygyny bellemelidiris. Olarda gyzykly, ylmy taýdan esaslandyrylan maglumatlar, ähli halklaryň bähbidine gönükdirilen parasatly başlangyçlar we anyk teklipler beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarydyr çykyşlary daşary ýurt dillerine hem terjime edilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly täze kitabynda ýurt, sebit we dünýä ähmiýetli meseleler çuňňur seljerilýär, adamzadyň röwşen geljegine hyzmat etjek parasatly pikirler öňe sürülýär. Çuň manyly eser hormatly Prezidentimiziň «Jan Watanym Türkmenistan!» we «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly goşgulary bilen başlanýar.
Täze kitapda ýerleşdirilen çykyşlarda we interwýularda Garaşsyzlygyň ähmiýeti, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ýeten sepgitleri baradaky gymmatly pikirler beýan edilýär. Bu üstünlikler halkymyzyň agzybirligi, yhlasly zähmeti netijesinde gazanyldy. Bu babatda hormatly Prezidentimiz 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda şeýle belledi: «Biziň gazanan ähli üstünliklerimiz we ýeten sepgitlerimiz diňe alyp barýan syýasatymyzy halkymyzyň giňden goldamagy, durmuşymyzy gowulandyrmak boýunça geçirýän özgertmelerimize işjeň gatnaşmagy netijesinde mümkin boldy».
Daşary syýasatymyz barada aýdanda, döwlet Baştutanymyz Bitaraplyk derejämiziň möhüm ornuna yzygiderli ünsi çekýär. Mysal üçin, 2021-nji ýylyň 11-nji dekabrynda geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatda eden çykyşynda Gahryman Arkadagymyz: «Parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak, gatnaşyklara açyklyk Türkmenistanyň daşary syýasatynyň binýadyna — hemişelik Bitaraplygyna sazlaşykly mahsusdyr» diýip, juda jaýdar nygtaýar.
Hormatly Prezidentimiziň dürli forumlarda sözlän sözlerinde halkara syýasatyň gün tertibine girýän derwaýys meseleler boýunça möhüm başlangyçlar, teklipler beýan edilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly täze kitabynda anyk sanlaryň, ylma daýanýan maglumatlaryň ençemesiniň getirilendigi onuň gymmatyny has-da artdyrýar. Mysal üçin, geçen ýylyň 25-nji maýynda hormatly Prezidentimiziň BMG-niň gazyp alynýan senagat boýunça ýokary derejeli ählumumy forumynda eden çykyşynda şeýle sanlar getirilýär: «Bilermenleriň Türkmenistanyň Üçünji milli maglumatlarynyň çäklerinde beren bahalaryna görä, 2030-njy ýyla çenli döwürde ykdysadyýetiň ösüşi jemi içerki önümiň birligine görä, energiýa sarp edilişiniň udel agramy peseler. Şeýlelikde, ugleturşy gazyň zyňyndylarynyň möçberini 2025-nji ýylda 122 göterime çenli, 2030-njy ýylda bolsa 118,1 göterime çenli peseltmek göz öňünde tutulýar»...
Kitapda ýerleşdirilen çykyşlarda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge we pugtalandyrmaga aýratyn üns berilýär. Muňa mysal hökmünde ylymda, saglygy goraýyş ulgamynda netijeli işleri alyp barmak boýunça hormatly Prezidentimiziň tekliplerini agzap bolar.
Hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň sowallaryna beren jogaplary hem bizi diýseň buýsandyrýar. Olarda Gahryman Arkadagymyz Garaşsyzlygymyzyň gazananlary, hemişelik Bitaraplyk derejämiziň ähmiýeti, şeýle hem maşgala mukaddesligi, türkmen halkynyň parasatly ýol-ýörelgeleri we beýleki dürli meseleler barada durup geçýär.
Döwlet Baştutanymyzyň aglaba çykyşlarynda ýaşlar syýasatyna degişli, geljekki nesilleriň durmuşda tutýan orny baradaky pikirler beýan edilýär we olaryň eziz Watanymyzyň mundan beýlägem ösüşini üpjün etmekde amala aşyrmaly wajyp wezipeleri kesgitlenilýär. Gahryman Arkadagymyz 2021-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçirilen duşuşykda şeýle diýýär: «Biziň esasy maksadymyz watandaşlarymyzy, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlarymyzy Watany söýýän, ýurdumyzyň geljegi hakynda alada edýän, milli däp-dessurlarymyza buýsanyp ýaşaýan raýatlar hökmünde terbiýelemekdir». 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda bolsa hormatly Prezidentimiz talyplaryň we okuwçylaryň öňünde umumy sapak geçdi. Watançylyk sapagyny Gahryman Arkadagymyz şeýle sözler bilen jemledi: «Watana bolan söýgi ýürekde orun alan iň näzik we päkize duýgudyr. Onuň gymmatyny hiç zat bilen ölçäp bolmaz. Ýürekden çykan sözüň ýürege barşy ýaly, yhlas bilen başyna barlan iş hem bitmän galmaýar. Her bir işe ýürekden ýapyşyp, merdana halkymyzyň adyny has-da belende götermek, başymyzyň täjine deňeýän eziz Watanymyzyň şöhratyna şöhrat goşmak siziň esasy borjuňyzdyr».
Hormatly Prezidentimiziň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly täze kitaby ajaýyp suratlar hem-de olara degişli täsirli ýazgylar bilen hem bezelen.
Täze kitapda birnäçe nakyllar, atalar sözleri duş gelýär. «Ýagşy niýet — ýarym döwlet», «Çaga eziz, edebi ondan hem eziz», «Adam edebinden tanalar, ýurt — Tugundan», «Dostlukda menzil bolmaz», «Altyn-kümşüň könesi bolmaz, ata-enäniň — bahasy», «Suwly ýer — gül, suwsuz ýer — çöl» we beýleki pähimler okyjynyň ünsüni özüne çekip, örän uly terbiýeçilik ähmiýetine eýedir.
Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilen «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly kitap özüniň ýokary hili bilen tapawutlanýar.
Hormatly Prezidentimize bu gymmatly sowgady üçin müň mertebe alkyş aýdyp, berk jan saglyk, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň has-da rowaç bolmagyny arzuw edýäris. Goý, türkmen halkyny bagtyýar geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň galamy mundan beýläk hem ýiti, ajaýyp kitaplarynyň höwri köp bolsun!
Batyr MYRADOW,
«Türkmen dünýäsi» gazetiniň baş redaktory.