Dana halkymyz nesil terbiýesine hemişe iňňän uly üns berip, bu mesele dogrusynda yzygiderli aladalanypdyr. “Çaga eziz, edebi ondanam eziz” diýen pähime uýan ata-babalarymyzyň nesil terbiýesi hakyndaky aladasy hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýaş nesliň bilim-terbiýesine örän uly ähmiýet berilmegi tötänden däldir. Çünki, bagtyýar ertirimiziň aladasy şu günden başlanýar.
Ajap eýýamymyzyň beýleki ýyllarynda bolşy ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda-da ösüp gelýän nesle durnukly bilim, döwrebap terbiýe bermekde uly işler amala aşyrylýar. Bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler ýaş nesle bilim-terbiýe bermegiň hilini dünýä ülňüleriniň derejesine ýetirilmeginde örän uly ähmiýete eýe boldy. Şol özgertmeler Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň ylym-bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna mümkinçilik berdi. Bilim ulgamynyň sanlylaşdyrylmagynda bitirilen we bitirilýän işler giňden ýaýbaňlandyryldy. Kämil ulgamyň ornaşdyrylmagy ýaş nesle bilim we terbiýe bermekde has ýokary netijeleriň gazanylmagyna giň ýol açdy. Bilim işgärleriniň iş we durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy olaryň şahsy jogapkärçiliklerini ýokarlandyrdy.
Mälim bolşy ýaly, islendik özgertmäniň ýokary netijesi döwrebap kanunçylyga bagly bolup durýar. Şonuň üçinem ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýady özgerýän döwrümiziň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirildi. Soňky ýyllarda döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen täze mekdepleriň, çagalar baglarynyň döwrebap binalary gurlup, ulanmaga berilýär. Şol bilim edaralarynda bolsa, ösüp gelýän nesle bilim-terbiýe bermekde has ýokary netijeler gazanylýar. Şu tagallalaryň hemmesi hormatly Prezidentimiziň abadan ertirimiziň ylymly-bilimli, giň gözýetimli, zähmetsöýer, halal, ruhubelent ýaşlaryny kemala getirmäge gönükdirilendir. Şeýle bähbitli alada goşantly bolmagyň bilim işgärleri üçin şahsy jogapkärçiligem ýokary welin, guwançly taraplary tutanýerli zähmete ruhlandyrýar.
Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ata Watanymyzyň bagtyýar geljegimize tarap gadamlary barha batlanýar. Şeýle aýdyň ýolumyzda türkmen iline Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda--da uly üstünlikleriň hemrasy bolýandygy täze sepgitlere ruhlandyrýar.
Döwran HAPBAÝEW.
Wekilbazar etrabyndaky 23-nji orta mekdebiň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.