Oýlanyşykly pul syýasaty — netijeli maliýe bazary

Beýik Garaşsyzlygyň 30 ýylynyň dowamynda ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde gazanylan üstünlikler we ýetilen sepgitler dünýä döwletleri üçin nusgalykdyr. Şeýle diýmäge bizde doly esas bar. Türkmenistanda Garaşsyzlyk ýyllarynda jemi içerki önümiň möçberi 8,4 esse ýokarlanyp, ýurdumyzyň ykdysadyýetine goýlan esasy maýa goýumlaryň jemi möçberi 209 milliard amerikan dollaryna golaý boldy. Şol serişdeleriň 66,6 göterimi, ýagny 140 milliard amerikan dollaryna golaýy önümçilik pudagyna gönükdirildi.

Geçen 30 ýylda durmuş we önümçilik maksatly iri desgalaryň 2900-e golaýy gurlup, ulanmaga berildi.

Dünýäde emele gelen kynçylykly ýagdaýa garamazdan, 2020-nji ýylyň jemleri boýunça jemi içerki önümiň ösüşi 5,9 göterim derejede üpjün edildi.

Şeýlelikde, Türkmenistan jemi içerki önümiň ösüş depgini boýunça dünýäniň sazlaşykly ösýän döwletleriniň hatarynda mäkäm orun aldy. Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistan dünýäniň ortaça ösen ýurtlaryndan ýokary girdejili döwletleriň hataryna çykdy.

Şu ýokary depginli ösüşleriň gazanylmagynda, beýleki ykdysady gurallar bilen bir hatarda milli pulumyz bolan manada aýratyn orun degişlidir.

Islendik döwletiň ykdysady syýasatynyň özeni bolup pul syýasaty we onuň durnuklylygy, hümmetliligi we satyn alyp bilijilik ukybynyň ýokary bolmagy çykyş edýär. Şondan ugur alyp, ýokary netijeli pul syýasatyny amala aşyrmak maksady bilen, ýurdumyzda pul ulgamyna degişli birnäçe düýpli özgertmeler amala aşyryldy we oňyn netijeler gazanyldy.

Milli manadyň hümmetiniň durnukly derejede saklanmagy ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň wajyp guraly, şol bir wagtyň özünde-de şerti bolmagynda galýar.

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan milli ykdysadyýetimiz bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçirilýär. Geçen döwrüň dowamynda hormatly Prezidentimiziň başlangyçlarynyň netijesinde ýurdumyzda milli manadyň daşary ýurt puluna bolan gatnaşygynyň ýeke-täk hümmeti kesgitlendi we milli manadymyzy daşary ýurt puluna erkin çalyşmak üçin ähli şertler döredildi. Ýurduň banklarynyň bökdençsiz işlemegini, şeýle hem tölege ukyplylygyny, ýurdumyzyň ykdysady bähbitleriniň goralmagyny we ilatyň goýumlarynyň ygtybarly goraglylygynyň bolmagyny üpjün etmäge degişli mümkinçilikler döredildi.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda maliýe-bank ulgamyny özgertmek boýunça 2011-nji ýylda «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi. Bu Maksatnamada bank ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak, bank hyzmatlarynyň hilini halkara ölçeglere laýyk getirmek, milli manadyň hümmetiniň durnuklylygyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylmaly wezipeler we çäreler kesgitlenildi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda halkara maliýe guramalary bilen özara peýdaly hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Hususan-da, işjeň hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy, onuň yzygiderli kämilleşdirilmegi we ösdürilmegi ýurdumyzyň bank ulgamynyň işjeňligini ýokarlandyrmaga, öňdebaryjy innowasion tehnologiýany bank önümçiligine giňden ornaşdyrmaga, bank amallaryny sanlylaşdyrmaga zerur bolan ähli amatlyklary döredýär we ýurtda hereket edýän pul dolanyşygyny kadalaşdyrmaga ýardam edýär.

Döwrebap talaplara laýyk gelýän pul dolanyşygy ulgamynyň hereket etmegi, öz gezeginde netijeli maliýe bazarynyň kemala gelmegine we ösmegine, býujetden maliýeleşdirilýän çäreleriň we işjeň maýa goýum syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, dünýäniň maliýe bazaryna has işjeň aralaşmaga ähli zerur mümkinçilikleri döredýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň: «Milli manadymyz ykdysadyýeti ösdürmekde, öňümizde goýan beýik maksatlarymyza ýetmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmakda möhüm şertleriň biridir» diýen çuň manyly, parasatly sözleri ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň barha uly sepgitlere tarap okgunly ugur alandygyny doly aýdyňlygy bilen mälim edýär.

Aslynda, ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklaryna geçirilmegi bilen, puluň höweslendiriş häsiýetine aýratyn ähmiýet berilýändigini hem buýsanç bilen bellemelidiris. Biz muňa hormatly Prezidentimiziň raýatlaryň aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini yzygiderli ýokarlandyrmak barada kabul edýän Kararlarynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris.

Munuň özi «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäniň iş ýüzünde öz beýanyny tapýandygynyň hem aýdyň subutnamasydyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depgini iri möçberli maýa goýumlaryň üstünlikli çekilmegini we olaryň netijeli özleşdirilmegini talap edýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda umumy bahasy 37 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan 2,5 müňe golaý iri desganyň gurluşygy alnyp barylýar. Şeýlelikde, kabul edilýän maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär, goşmaça müňlerçe iş orunlary döredilýär, maşgala girdejisi ýokarlanýar, ilatyň harytlara we hyzmatlara bolan islegleri öz wagtynda, doly derejede kanagatlandyrylýar, ýurtda hereket edýän milli manadymyzyň kadaly aýlanyşygy ýola goýulýar.

Milli manadymyzyň hümmetini ýokarlandyrmakda aýratyn orun onuň haryt üpjünçiligine baglydyr. Ýerli haryt öndürijiler tarapyndan bazaryň öwrenilmegi, ýokary hilli, köp görnüşli, bäsdeşlige ukyply harytlaryň elýeterli bahadan öndürilmegi haryt-pul aýlanyşygyny döwrüň talabyna laýyklykda ýola goýmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Şondan ugur alyp, ýurdumyzda hususy telekeçiligi ösdürmäge ähli amatly şertler döredilýär. Telekeçilere ýeňillikleriň berilmegi we berk hukuk binýadynyň emele gelmegi hususy eýeçiligiň ykdysady ösüşe goşandynyň yzygiderli artmagy bilen düşündirilýär.

2020-nji ýylyň netijeleri boýunça, ýangyç we energetika toplumyny göz öňünde tutmazdan, ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk böleginiň jemi içerki önümdäki paýy 70 göterime ýetdi. Şeýle ýokary sepgitlere ýetilmegi ýurduň eksport kuwwatynyň artmagyna, ätiýaçlyk gaznasyna gelýän erkin ýörgünli puluň köpelmegine getirdi.

Pul-karz syýasatyny amala aşyrmakda pul dolanyşygynyň ösüş depgini esasy görkezijileriň biri bolup durýar. Puluň ösüş görkezijileri Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan pugta hem ygtybarly gözegçilikde saklanylýar. Munuň özi ýurdumyzyň maliýe kuwwatyny artdyrmaga, ýokary ykdysady ösüşi üpjün etmäge, milli manadyň hümmetini has-da pugtalandyrmaga, halkymyzyň eşretli zamananyň hözirini görüp ýaşamagyna kuwwatly itergi berýär.

Pul syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hem Türkmenistanyň Merkezi bankynyň emission-kassa harajatlaryny kemeltmekden ybaratdyr. Başgaça aýdylanda, bu işiň düýp manysy nagt pul dolanyşygyny çäklendirip, nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmekden ybaratdyr. Häzirki wagtda Türkmenistanyň karz edaralarynda nagt däl hasaplaşyklaryň üsti bilen pul dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, bank kartlary boýunça milli we halkara töleg ulgamynyň ýaýrawyny giňeltmek babatda hem işler alnyp barylýar. Elektron hasaplaşyk kartlarynyň, töleg terminallarynyň, bankomatlaryň sany, «Internet-bank», «Mobil-bank» ulgamlarynyň üsti bilen amal edilýän elektron hasaplaşyklaryň möçberi yzygiderli artdyrylýar.

Eger puluň möhüm jemgyýetçilik ähmiýeti barada aýdylsa, her bir döwletiň milli pulunyň döwlet özbaşdaklygynyň, garaşsyzlygynyň, milli berkararlygynyň buýsançly nyşany bolup çykyş edýändigini, ilkinji nobatda, bellemelidiris.

Milli pulumyzyň hümmetiniň durnuklylygy Diýarymyzyň berkararlygynyň, döwlet esaslarynyň mizemezliginiň kepili bolmak bilen birlikde, türkmen döwletiniň gülläp ösmegine özüniň oňaýly täsirini ýetirýär we dünýä giňişliginde eýeleýän ornuny has-da berkidýär.

«Döwlet adam üçindir!» diýen şygary baş ýörelge edip, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini barha gowulandyrýan gahryman Prezidentimiziň belent başy aman, ömri uzak, ähli beýik başlangyçlarynda üstünlikler ýaran bolsun!

Baýramdurdy TAÝHAROW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň professory.




https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/45301