Owunjak daşlar uly sungaty döredýär

Bu, hakykatdan-da, şeýle. Ol «Beýik işler kiçijik zatlaryň jeminden hasyl bolýar» diýen aýtgynyň manysynda hem açylýar. Ony görmek üçin uzak bir ýere gitmek ýa-da bu barada internet sahypalaryndan maglumat gözlemek zerur däl. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen paýtagtymyzda gurlan binalary synlasaňyz hem, bu sözleriň hakykatdygyna göz ýetirersiňiz. Ýadyňyzda bolsa, geçen ýylyň güýzünde paýtagtymyzy ösdürmegiň nobatdaky 16-njy tapgyrynyň binalary gurlup ulanmaga berildi. Bu tapgyryň beýlekilerden düýpgöter tapawutlanýandygyny siz ondaky ýaşaýyş jaýlarynyň iki gapdalynda owunjak daşlaryň köplügi bilen döredilen şekilleri synlanyňyzda-da duýýansyňyz. Ol şekiller özboluşly gözelligi bilen köpleriň ünsüni özüne çekýär. Olarda eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýetilen belent sepgitler öz beýanyny tapýar.

Bilşimiz ýaly, owunjak, özem dürli reňkli daş hem-de aýna bölejiklerinden düzülip ýasalýan şekillere mozaika diýilýär. Mozaikanyň leksik manysy «muza» sözündendir. Ýagny grek mifologiýasynda «muza» sungata we ylma hemaýat edýän hudaýyň adydyr. Mozaika üçin gerek bolan daşlar ýörite peçlerde bişirilip, owunjak bölejiklere bölünýär. Bu daş bölejiklerine bolsa «smalta» diýilýär.

Ýandepderçämdäki belliklere seredip otyrkam, «10.11.2020 ý. Aşgabat şäheri. 16-njy tapgyr» diýen ýazga gözüm düşdi. Birgiden maglumatlary belläpdirin. Şonda paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyryndaky mozaika bezegleri bilen gyzyklanyp, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň nakgaşçylyk we taslama kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aşyrmuhammet Kulyýewiň: «Ozal paýtagtymyzyň binalaryndaky mozaikalar üçin çig mal Türkiýeden, Eýrandan, Hytaýdan getirilýärdi. Indi bolsa hormatly Prezidentimiziň türkmen telekeçilerine döredýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde çig mal öz ýurdumyzda öndürilýär» diýen sözlerinde ünsüm eglendi. Gysgadan düşnükli sözler meni mozaika önümçiligi bilen meşgullanýan telekeçilere tarap ýola atardy.

Okyjylary mozaika daşlaryny öndürýän hususy kärhanada alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrmak üçin Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyna tarap ýola düşdük. «Türkmen Mahabat» hususy kärhanasynyň bosagasyndan ätledik. Maksadymyzy aýdanymyzdan soň, hünärmenler bize öz alyp barýan işleri barada gürrüň berdiler.

2007-nji ýylda esaslandyrylan hususy kärhana işe başlan ilkinji ýyllarynda gurluşyk işlerini alyp barýar. 2018-nji ýylda bolsa işini önümçilik ugruna gönükdirilýär. Kärhanada häzirki wagtda dürli görnüşlerde we islendik şekillerde bezeg mozaikalary, gips hem-de penoplast önümleri öndürilýär. Bu ýerde daşary ýurt kompaniýalarynyň tejribeleri içgin öwrenilip, şolaryň innowasion tehnologiýalaryndan peýdalanylýar. Ultramelewşe çyraly, uly göwrümli çap ediji enjamlaryň kömegi bilen senagat freskalary öndürilýär, şeýle-de suw esasly boýaglar bilen gipse dürli nagyşlar çekilýär. Bu ýerde «Daşly gala» haryt nyşany bilen gipsdir aýnadan mozaika hem-de bezeg önümleriniň önümçiligi hem alnyp barylýar. Şoňa görä-de, müşderilere dürli ölçegde, dürli galyňlykda we reňkde aýna, kristal, gips bezeg mozaikalary hödürlenýär. Mozaika daşlaryndan döredilýän täsin sungatyň özboluşly aýratynlygy, onuň önümçiligi we milli tejribede peýdalanylyşy barada «Türkmen Mahabat» hususy kärhanasynyň direktorynyň önümçilik boýunça orunbasary Begli Babaýew şeýle gürrüň berdi:

— Mozaika haly sungatyna örän meňzeşdir. Halyda çitim bolsa, bu ýerde onuň ornuna dürli reňkleriň sazlaşygy bilen daş hem-de aýna bölejikleri sementiň ýüzüne örülýär. «Dama-dama köl bolýan» bu sungatda her dürli güllerdir nagyşlar, adamlaryň keşpleridir haýwanlaryň sudurlary, hatda dürli wakalaryň görnüşleri-de şekillendirilýär. Tebigy gözelliklere özboluşly sazlaşyk berýän bu sungat Günüň şöhlesinde-de, ýagyş-ýagmyryň nurunda-da aýratyn öwüşgin bilen göze ýakymly görünýär. Bu ýerde mozaika sungatyň binagärlik-monumental görnüşine degişlidir. Onuň aýratynlygy nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, binagärlik sungatyny özünde jemlemegidir.

Biz ýokary hilli önümlerimizi Türkiýeden getirilen enjamlaryň kömegi bilen öndürýäris. Mozaika daşlaryny taýýarlamak üçin niýetlenen aýnalary «Türkmen aýna önümleri» kärhanasyndan alýarys. Dürli ölçegdäki aýnalary ýörite enjamlar arkaly awtomatik ýagdaýda arassalap, olara gerekli reňkleri berip, 150 — 200 gradus gyzgynlykdaky peçde guradyp, soňra sowadýarys. Reňk berlip taýýarlanan aýnalary ýörite böleklere bölýäris. Özümize gerekli ölçegi kompýuteriň üsti bilen saýlap, işimizi ýeňilleşdirýän tehniki enjamlaryň hyzmatyndan hem ýerlikli peýdalanýarys. Şu günki günde kärhanamyzda mozaika daşlarynyň 300-den gowrak görnüşini öndürmek bilen, olaryň biri-birinden reňk hem-de ölçeg boýunça tapawutlanmagyny gazanýarys.

Müşderilere edilýän hyzmaty has-da kämilleşdirmek, şeýle-de ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek babatda döwlet syýasatyndan ugur alyp, «www.tazeoy.com» internet saýtymyzy döretdik. Onuň kömegi bilen müşderiler öz isleglerine görä, «Daşly gala» haryt nyşanly mozaika, bezeg gipslerini, boýaglary we beýleki gurluşyk harytlaryny sargyt edip bilýärler. Sargytlary 5 sagadyň dowamynda ýa-da müşderiniň islän gününde eltip berýäris. Umuman-a, önümçilikde müşderi üçin ýeňillik döretmek kärhanamyzyň mizemez ýörelgesidir.

Hawa, işewüriň aýdyşy ýaly, mozaika bezegleri binagärlikde örän ähmiýetli bolup, milletimiziň gadymyýetden dowamatly çeperçilik ukybynyň özboluşlylygyny açyp görkezýär. Gündogaryň asylly sungat tärlerini, ruhy gymmatlyklarymyzyň geçmişden gözbaşly aýratynlyklaryny şu günüň bagtyýarlyk joşguny bilen utgaşdyrýan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda nurana durmuşa öwüşgin çaýýan, mozaikalar bilen bezelen binalaryň sany günsaýyn artýar.

Şamyrat MUHAMMETGURBANOW.

«Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/34804