«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda täze Maksatnamanyň kabul edilip, ol «Elektron hökümet» ulgamyny döretmek boýunça ýerine ýetirilmeli wezipeleri kesgitlemegi, sanly bilim we sanly lukmançylyk ulgamyny kämilleşdirmegi, bu ugurlarda hünärmenleri taýýarlamagy, şeýle hem döwlet hyzmatlar portalyna sanly hyzmatlary tapgyrlaýyn ýerleşdirmegi göz öňünde tutýar. Bu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça çäreleriň meýilnamasynda ýerine ýetirilmeli işleriň anyk ugurlary, ýerine ýetirijileri we möhletleri kesgitlenildi. Bu resminama pudaklary tehnologiýa taýdan özgertmegiň hem-de döwlet tarapyndan dolandyrmagyň, ykdysadyýeti ösdürmegiň özboluşly «ýol kartasy» bolup durýar.
Sanlylaşdyrmak — milli ykdysadyýetimiz üçin hil taýdan täze döwür bolup, durmuş-ykdysady ösüş babatda döwlet Baştutanymyzyň takyk, çuňňur oýlanyşykly we ylmy taýdan esaslandyrylan strategiýasy esasynda oňa geçmek mümkin boldy. Ol ösüşiň durnukly oňyn depginini üpjün etmek bilen birlikde, degişli şertleriň üýtgemegine uýgunlaşmagy, daşarky ýagdaýlar bilen şertlendirilen töwekgelçilikleriň azalmagyny hem üpjün etdi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda bu ugurda yzygiderli maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar, şol sanda zerur düzümi döretmek boýunça çäreler görülýär.
Ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň arasynda pul görnüşindäki serişdeleriň çeýe, netijeli paýlanylmagyny üpjün etmek durmuş wezipelerini çözmäge, maýa goýum işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga hem-de durnukly ykdysady ösüşi saklamaga, ähli pudaklary öňdebaryjy tehnologiýalara geçirmäge ýardam eder. Tehnologiýa taýdan ösen ýurtlaryň tejribesinden görnüşi ýaly, hut sanlylaşdyrmak işi olara batly depginler bilen öňe gitmäge hem-de dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna girmäge mümkinçilik berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz hökümeti, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylaryny ählumumy meýillere hem-de ähli derejede halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirýär. Türkmenistanyň ösüşiniň geljegi daşarky şertleriň güýçlenmegi: dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmak, özara bähbitli söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, ylmy-tehniki ösüş babatda özara gatnaşyklaryň täze ugurlarynyň peýda bolmagy, adamzat üçin umumy meseleleriň ylalaşylan çözgütlerini işläp taýýarlamak bilen gös-göni baglydyr. Bu resminama kabul edilmezden ozal Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça degişli düzümi we şertleri döretmek ugrunda zerur işler ýerine ýetirildi. Şeýlelikde, 2010-njy ýylda döwletiň hökümet aragatnaşygyna sanly ulgam ornaşdyryldy. Wideoaragatnaşyk we elektron resminama dolanyşygy ýola goýuldy.
Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň birnäçesinde toplanan tejribe sanly gurşawyň döredilmegi bilen milli ösüşde birnäçe artykmaçlyklaryň gazanylýandygyny görkezýär. Şunda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen ýurduň ykdysady ulgamynyň ösüşe ukyplylygyny häsiýetlendirýän görkezijiniň, ýagny jemi içerki önümiň artýandygy bellenilýär. Hususan-da, şeýle tehnologiýalaryň ösmegine gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberi näçe köp boldugyça, şonça-da jan başyna düşýän jemi içerki önümiň ýokarlanýandygyny daşary ýurtlaryň tejribesi tassyklaýar. Munuň özi, sanly maglumatlaryň täze önümleri öndürmekde eýeleýän ornunyň uludygyny aňladýar.
Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň oňyn taraplary barada söz açylanda, hökmany suratda, onuň ilatyň bilim derejesiniň ýokarlanmagyna edýän täsiri barada durup geçmek zerurdyr. Häzirki döwürde ösen döwletlerde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryň ösmegine gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberleriniň ýylsaýyn artdyrylmagy kanunalaýyk ýagdaýa öwrüldi. Bu, ilkinji nobatda, ylmyň we bilimiň adamyň aň-paýhas kuwwatyny artdyrmagynyň netijeli serişdesi bolup durýandygy bilen baglanyşyklydyr. Ösen döwletlerde maýa goýumlaryň köp böleginiň bilim ulgamynda ulanylýan sanly tehnologiýalaryň kämilleşdirilmegine gönükdirilmegi, ýagny olaryň okatmagyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmakda ulanylmagy bilimiň ýokary hilini gazanmagyň ýurduň ykdysady howpsuzlygy üçin näderejede wajypdygyny görkezýär. Sebäbi täzeçil pikirlenmek, adaty çözgütlere meňzemeýän çemeleşmeleri teklip etmek diňe döredijilik ukyby ýokary bolanlara başardýar. Bu ukyplaryň we başarnyklaryň esaslarynyň ýaşlykda kemala gelýändigini göz öňünde tutup, ykdysadyýetini mundan beýläk-de berkitmek isleýän ýurtlaryň çaganyň bilim derejesini kiçilikde, ýagny mekdep döwründe ýokarlandyrmaga çalyşmaklary ýöne ýerden däldir. Biziň hem gysga wagtda sanly ykdysadyýete geçmegimiz dünýäde ýurdumyzyň öz mynasyp ornuny tapmagyny, halkymyzyň durmuş derejesiniň hasam ýokarlanmagyny, uzak geljegimizi nazarlaýan howpsuz, ygtybarly ösüşimizi üpjün eder.
«Okaýan il ozar, okamaýan il tozar» diýlişi ýaly, gülläp ösýän döwletimizde ylym-bilim pudagyna täzeçil tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Bu bolsa döwletimiziň dünýä derejesinde öňde barýan döwletler bilen bilelikde, sanly ulgama has çalt geçmegine uly ýardam berýär.
Goý, döwlet durmuşynyň ähli ugurlaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak, ýaşlary sanly ulgamdan kämil baş çykarýan hünärmenler edip ýetişdirmek ugrunda uly tagalla edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolup, il-ýurt bähbitli işleri has-da rowaç alsyn!
Göwher ÝARAŞOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.