Ýurdumyzda halk hojalyk toplumynyň ähli ugurlaryny sanly ulgama geçirmek, önümçilikde ylmy işleri giňden peýdalanmak boýunça maksatnamalaýyn işler dowam edýär. Munuň özi häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, pudaklaryň işini döwrebaplaşdyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ylmy institutlarynyň mümkinçiliklerini has netijeli peýdalanmak boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi sanly ykdysadyýeti ösdürmekde, aýratyn-da önümçilikde ylmyň gazananlaryny we täze tehnologiýalary peýdalanmakda möhümdir.
Mälim bolşy ýaly, milli ykdysadyýetiň pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, elektron senagatyny ýokarlandyrmak, işewürlige, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna daýanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek, innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply ykdysadyýetiň sazlaşygyny üpjün etmek maksady bilen, 2025-nji ýyla çenli Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň milli Liderimiz tarapyndan tassyklanan Konsepsiýasy amala aşyrylýar.
Şu babatda Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy halk hojalyk toplumyny sanly ulgama geçirmek işinde uly ähmiýete eýe bolup durýar. Munuň özi maglumatly bilim gurşawyny döretmäge hem-de bilimi ösdürmegiň ähli tapgyrlarynda ony okatmagyň elektron serişdeleri bilen üpjün etmäge, jemgyýetiň intellektual kuwwatyny baýlaşdyrmaga, bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmaga we usullaryny kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde milli ylym ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek ugrunda kesgitlenen uly wezipeleri çözmek üçin alnyp barylýan işler binýady mäkäm tutulan Türkmenistan döwletimizi ýakyn geljekde kuwwatly ylmy mümkinçiligi bolan ýurda öwrer. Munuň özi häzirki we geljekki nesliň ýokary derejede ylymly-bilimli bolup, häzirki zamanyň ösen halkara akymlaryna mynasyp derejede sazlaşykly goşulmagyny üpjün edýär. Hut şonuň üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe işler barha rowaçlanýar. Bu bolsa biziň röwşen geljegimiziň has-da ösüşli boljakdygyny aýdyň görkezýär.
Ymamguly REJEPOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18534