![](https://fineconomic.gov.tm/storage/app/uploads/public/644/b53/b2d/644b53b2d443b848060101.jpg)
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynda işleriň ýokary depginlerde alnyp barylmagy Diýarymyzyň gurluşyk senagatyny ösdürmäge, şonuň bilen birlikde-de, gurluşyk işleriniň depginini has-da güýçlendirmäge giň mümkinçilikleri açýar. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Balkanabat şäheriniň golaýynda ýerleşýän Balkan sement zawodynda alnyp barylýan işler hem munuň aýdyň kepilidir.
Uly Balkan dagynyň alkymynda özbaşdak şäherjigi ýada salyp oturan sement zawodynyň çig maly owradyjy, üweýji, bişiriji bölümlerinde, sement degirmeninde işleriň ähli tapgyrlary doly awtomatlaşdyrylan usulda ýerine ýetirilýär. Awtoulag, mehanika, energetika, awtomatika bölümlerindäki işleriň dolandyryş merkezinden kompýuterler arkaly sazlaşykly ýola goýulmagy sementiň bökdençsiz önümçiligini üpjün edýär. Kärhanada bu möhüm gurluşyk serişdesini öndürmegi ygtybarly ýola goýmak üçin zerur bolan çig mallaryň welaýatymyzyň çäklerinden alynýandygy, kuwwatly kärhana üçin zerur bolan dag magdan känleriniň kärhananyň golaýynda ýerleşýändigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Munuň özi häzirki zaman kärhanasynda öndürilýän gurluşyk serişdesiniň özüne düşýän gymmatyny durnukly aşaklatmaga, onuň hilini dünýä hil ülňüleriniň derejesine çykarmaga mümkinçilik berýär.
Sement önümçiligini üznüksiz ýola goýup, önümi sarp edijilere yzygiderli ugradýan kärhanada şu ýylyň başyndan bäri 200 müň tonnadan gowrak ýokary hilli sement öndürildi. Kärhananyň hünärmenleri ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna önjeýli goşant goşmaga döredip berýän şert-mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş aýdýarlar.
Muhammetgylyç TAGANGYLYJOW,
«Balkan».