Arkadag Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ilhalar taglymatynyň berk binýady bolup durýan asylly maksat-tutumlar milli ykdysadyýetimiziň telekeçilik pudagynda, hususy ulgamynda amala aşyrylýan ilhalar özgertmelerde hem öz mynasyp beýanyny tapýar. Belent maksada ýetmekde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň degişli düzümlerinde alnyp barylýan işleriň çäklerinde türkmen telekeçilerine gurmak, döretmek, öndürijilikli we döredijilikli zähmet çekmek üçin döwlet tarapyndan ähli döwrebap şertlerdir mümkinçilikler döredilýär.
Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň döredilmegi hem-de onuň agzalarynyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna işjeň gatnaşmagy hususy işewürligi ösdürmek, telekeçilik işi bilen meşgullanýan raýatlary goldamak üçin nusgalyk derejedäki amatly şertleriň döredilmegi bilen pugta baglanyşyklydyr. Bu barada hormatly Prezidentimiz: «Telekeçileri hemmetaraplaýyn goldamak döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm ugry bolup durýar. Bu goldaw türkmen telekeçilerine ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryny ösdürmäge, içerki we daşarky bazarlary bäsleşige ukyply harytlar bilen üpjün etmäge, öňdebaryjy tilsimatlary önümçilige ornaşdyrmaga, täze önümleri çykarmaga giň mümkinçilik berýär» diýip nygtaýar. Gahryman Arkadagymyzyň bu sözleri hem-de telekeçileriň işine berýän ýokary bahasy olary has-da joşgunly, döredijilikli işlemäge borçly edýär.
Ösüşlerden ösüşlere beslenýän berkarar ýurdumyzda, telekeçilik ulgamynda daşary ýurt harytlarynyň ornuny tutýan önümleri öndürmek ýaly derwaýys meseleler telekeçilerimiziň esasy öňde goýýan maksadyna öwrüldi. Şeýle bolansoň, türkmen telekeçileri bu ugurda nusgalyk işleri bitirip, özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar. Çünki, milli Liderimiz öndürilýän harytlaryň eksport möçberini artdyrmak, söwda, gurluşyk işlerinde we beýleki ugurlarda daşary ýurt tejribesini özleşdirmek mümkinçilikleriniň öwrenilmegini Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalarynyň öňünde esasy wezipeleriň hatarynda goýdy. Eziz Diýarymyzyň ähli künjekleri bilen bir hatarda, biziň welaýatymyzda ýerleşýän hususy, hojalyk jemgyýetleri hem telekeçiligiň ösmeginde, raýatlaryň isleglerini doly derejede kanagatlandyrmakda mynasyp işleri ýerine ýetirmegi başarýarlar. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň telekeçiligi ösdürmekde öňde goýýan wezipelerini düşündirmek maksady bilen yzygiderli wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär. Bu maslahatlar oňyn netijelerini hem berýär.
Baýmyrat TUWAKOW,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň hasabatçysy.