Sebitleýin strategiýa: durnukly ösüşiň wajyp şerti

Bu gün ýurdumyzda täze döwrüň ruhuna laýyklykda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler döwletlilik esaslarymyzyň has-da pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir. 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda geçirilen mejlisde döwlet dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, welaýatlaryň etraplarynyň, şäherleriniň we obalarynyň dolandyryş-çäk birliklerine gaýtadan seretmek bilen bagly gelip gowşan köp sanly tekliplere garaldy. Bu teklipler oba ýerleriniň şäherleşme derejesiniň artmagyna, welaýatlaryň ösmegine, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işiniň netijeliliginiň ýokarlanmagyna, degişli düzümleriň sazlaşykly işleriniň üpjün edilmegine giň mümkinçilikleri döreder. 

                                                                   

Häzirki wagtda eziz Watanymyz galkynyş döwrüni başdan geçirýär. «Galkynyş» düşünjesi mazmuny boýunça ýokary göterilişi, öňe ilerlemegi aňladýar. Galkynmak, ösmek, ösüşde täze menzilleri nazarlamak üçin ýurtda jemlenen tebigy, zähmet we maliýe serişdeleriniň tygşytly ulanylmagy, rejeli peýdalanylmagy zerur şertleriň biri. Hususan-da, dünýä ösüşiniň häzirki çylşyrymly şertlerinde ykdysady kuwwatymyzy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin şol serişdeleri netijeli dolandyrmak meselesi strategik ähmiýete eýe. Şunuň bilen birlikde, ol dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna hem oňyn täsirini ýetirýär.  

                                                                   

Hemişe döwleti dolandyrmagyň netijeli usullarynyň gözleginde bolmak, ýurduň ösen derejesine laýyk gelýän dolandyryş mehanizmlerini ornaşdyrmak döwlet gurluşynyň kämilleşdirilmegine itergi bermek bilen bir hatarda, şeýle çemeleşmeler dünýä giňişliginde bolup geçýän üýtgeşmelere çalt uýgunlaşmaga hem mümkinçilik döredýär. Kämillik, goý, ol adam durmuşyna ýa döwlet gurluşyna degişli bolsun, tapawudy ýok, hemişe hil taýdan ösmegi aňladýar. Kämillige ymtylmak, hemişe özüňi taraşlap ýörmek — beýikleriň ýoly. Bu kanunalaýyklyk döwleti döwlet etmek, ony has netijeli dolandyrmak ugrunda edilýän irginsiz tagallalarda-da aýdyň ýüze çykýar. Şunda döwlet gurluşyny kämilleşdirmekde sebitleýin syýasata wajyp orun degişlidir. Bu syýasatyň oýlanyşykly alnyp barylmagy bolsa sebitleriň, ahyrky netijede, ýurduň ykdysady kuwwatynyň artmagyna, durnukly ösüşiň gazanylmagyna şert döredýär.  

                                                                   

Sebitleriň gyradeň ösüşini gazanmak häzirki wagtda ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sebitleriň durmuş-ykdysady ýagdaýynyň düýpli özgerdilmegine aýratyn üns berilmegi, ilkinji nobatda, olaryň bitewi ykdysady ulgamyň aýratyn düzümleri bolup durýandygy, sebitleriň her biriniň ykdysady deňagramlylygy we durnuklylygy üpjün etmekde tutýan ornunyň uludygy bilen baglydyr. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» sebitleriň döwrebap ösüşini üpjün etmäge gönükdirilip, bu maksatnamalaryň çäklerinde welaýatlaryň şäherlerini we obalaryny ösdürmek babatda zerur işler alnyp barylýar. Sebitleriň ösüşini çaltlandyrmak şu günüň wajyp meseleleriniň biri bolmak bilen, ol ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde täze sepgitleriň gazanylmagyna mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda Diýarymyzda sebitleri ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli ýokarlandyrmak boýunça iri taslamalaryň birnäçesiniň amala aşyrylmagy durmuş-ykdysady öňegidişligi üpjün etmekde bu meseleleriň näderejede möhümdigini görkezýär.  

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda geçirilen mejlisde welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşyny täze döwrüň ruhuna laýyklykda kämilleşdirmek bilen bagly garalan teklipleriň şu günki we geljekki ösüşimiz üçin wajyp bolup durýandygy aýratyn bellärliklidir. Bu mejlisde ýurdumyz boýunça dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmegiň çäklerinde 6 etrap, 5 sany etrap hukukly şäher, 1 sany şäherdäki etrap, 2 şäherçe, 36 sany geňeşlik ýatyrylyp, 36 sany obany dolandyryş-çäk birlikleriniň sanawyndan aýyrmak boýunça garalan teklipler, ilkinji nobatda, adamlaryň durmuşy üçin has amatly şertleri döretmek, durmuş ulgamynyň netijeliligini pugtalandyrmak, zähmet gatnaşyklaryny oňyn düzgünleşdirmek maksadyndan ugur alýar. Dolandyryş-çäk birlikleri babatda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän özgertmeler sebitleriň netijeli dolandyrylmagyna, ykdysady mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna, ilat üçin döwlet hyzmatlarynyň elýeterliliginiň ýokarlandyrylmagyna, senagatlaşdyrylmagyna, iri ilatly ýerleriň döredilmegine we ýerleri geljekde ösdürmek üçin amatly şertleriň üpjün edilmegine oňyn täsirini ýetirer. 

                                                                   

Döwlet býujeti ýurdumyzyň esasy maliýe resminamasy bolup, onuň serişdeleriniň rejeli ulanylmagy milli ykdysadyýetimiziň maliýe-ykdysady durnuklylygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär. Maliýe serişdeleriniň maksatlaýyn ulanylmagy, oňa döwrebap gözegçiligiň amala aşyrylmagy bolsa sebitleriň durmuş-ykdysady ösüşiniň ýokary depginde ilerledilmeginiň maliýe-ykdysady esaslaryny emele getirýär. Mejlisde beýan edilen teklipleriň amala aşyrylmagy, ykdysady hasaplamalara görä, jemi 28 million manat býujet serişdesiniň tygşytlanmagyny üpjün eder. Dolandyryş-çäk birlikleriniň kämilleşdirilmegi bilen baglylykda, ulanyşdan aýrylýan, ykdysadyýetimiz üçin goşmaça mümkinçilikleri emele getirýän ýerli dolandyryş, bilim, medeniýet we maliýe-ykdysady edaralarynyň binalaryny, desgalaryny netijeli peýdalanmak ýurdumyzyň ykdysady bähbitlerini has-da ýokarlandyrmaga goşmaça mümkinçilikleri döretmek bilen, Döwlet býujetiniň girdejileriniň artmagyna hem oňyn täsirini ýetirer.  

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň tygşytlanan maliýe serişdelerini ýurdumyzyň durmuş ulgamyna, mekdepleriň we çagalar baglarynyň, saglyk edaralarynyň gurluşygyna, ösüp gelýän ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirmegiň maksadalaýyk boljakdygy baradaky aýdan teklibi Diýarymyzda adam baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolandygynyň we häzirki döwürde-de şeýle bolmagynda galýandygynyň aýdyň görkezijisidir. Bu ýagdaý meýilleşdirilýän özgertmelerden garaşylýan netijeleriň ykdysady ähmiýetiniň mazmunyny emele getirýär. Döwlet gurluşyny kämilleşdirmek bilen bagly özgertmeler durnukly ösüş üçin ýurdumyzda bar bolan serişdeleriň we mümkinçilikleriň doly peýdalanylmagyny üpjün etmek bilen bir hatarda, durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm görkezijileriniň biri bolan şäherleşme derejesiniň ýokarlanmagynyň hem çeşmesidir. Şoňa görä-de, mejlisde 6 oba şäherçe derejesini berip, 19 obany we 3 sany şäherçäni şäherlere birikdirmek bilen, iri dolandyryş-çäk birliklerini emele getirmek, 6 sany ilatly ýere oba derejesini bermek barada garalan teklipleriň durmuşa geçirilmegi tutuş jemgyýetçilik ösüşine ýardam berýän zerur şertleriň döredilmegine, hususan-da, oba we şäher ilatynyň durmuş şertleriniň deňeçerleşmegine, merkezden uzakda ýerleşýän ilatly nokatlaryň döwrebap derejede ösdürilmegine ýardam eder.  

                                                                   

Ykdysady ulgamyň netijeliligi köp derejede öndüriji güýçleriň, şol sanda işçi güýjüniň hiline baglydyr. Şunda döwlet syýasatynda adam maýasynyň ösüşine aýratyn ähmiýet berilmegi şu günki we geljekki ösüşleriň binýady bolup durýar. Dolandyryş-çäk birlikleriniň kämilleşdirilmeginiň giň möçberli işlere badalga bermek bilen, sebitleriň öndüriji güýçleriniň toplumlaýyn ösüşiniň gazanylmagyna we senagatlaşma derejeleriniň ýokarlandyrylmagyna, iri döwrebap kärhanalaryň giň gerimde döredilmegine hem mynasyp goşant goşjakdygyny ynamly aýdyp bolar.  

                                                                                                           

Maýagözel BABAÝEWA,

                       

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň başlygynyň orunbasary, ykdysady ylymlaryň kandidaty.