Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň öňünde belent maksatlar durýar. Munuň özi eziz Watanymyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösüşiň täze belentliklerine çykarmakdan, abadan, asuda, parahat hem bagtyýar durmuşy, durnukly ösüşi üpjün etmekden ybaratdyr. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallasy bilen bu asylly we belent maksada ýetmek üçin giň möçberli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow il-ýurt bähbitli, döwlet we dünýä ähmiýetli işleri giň gerim bilen amala aşyrýar. Şonuň netijesinde häzirki wagtda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Bu babatda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, maksatnamalaýyn işleriň amala aşyrylmagy hem-de alnyp barylmagy, dowam etdirilmegi netijesinde durnukly ösüş gazanylýar. Biz muňa makro-ykdysady görkezijiler arkaly hem aýdyň göz ýetirýäris. Şol görkezijiler Ministrler Kabinetiniň her aýyň, çärýegiň, ýarym ýylyň we tutuş ýylyň jemlerine garalýan mejlislerinde yzygiderli beýan edilýär.
Häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biri hem sanly ulgam bilen baglanyşyklydyr. Bu ulgamyň işine bütin dünýäde, şol sanda biziň ýurdumyzda möhüm ähmiýet berilýär. Milli ykdysadyýetimize, şol sanda onuň her bir pudagyna sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wezipä girişmek dabarasyndaky çykyşynda: «Biz milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň ornaşdyrylmagyna geljekde hem ünsi jemläris» diýip nygtap aýtdy.
Şunda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Ol häzirki döwürde milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge ýardam berýär. Şunda milli ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy döwletleriň derejesine ýetirmek, elektron senagatyny ösdürmek, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ykdysadyýeti kemala getirmek, innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça wezipeleri çözmek maksat edinilýär.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bu babatdaky belent maksada ýetilýändigini aýratyn bellemek gerek. Bu günki gün sanly ulgamyň ähmiýeti gurluşyk, telekeçilik, senagat, ulag-aragatnaşyk, obasenagat, bilim pudaklarynda alnyp barylýan işlerde we gazanylýan oňyn netijelerde has-da aýan bolýar.
Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen gurluşyk pudagynda «akylly şäher» konsepsiýasy amala aşyrylýar, «akylly öý» ulgamy ornaşdyrylýar, şeýle hem gurluşyk-gurnama işleriniň ýokary hil derejesi üpjün edilýär. Bu ulgam söwda, hyzmatlar ulgamynyň işini ilerledýär, oba hojalygy, senagat pudaklarynda ýokary hilli önümleriň öndürilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolýar.
Sanly ulgam barada söhbet edilende, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» hem üstünlikli amala aşyrylýandygyny bellemek gerek. Bu günki gün ýurdumyzyň bilim ojaklarynda ylmy-tehniki ösüşiň gazananlary, täze tehnologiýalar we innowasiýalar, kompýuterler elýeterdir. Şonuň netijesinde bu ulgamda zähmet çekýän mugallymlaryň, terbiýeçileriň sanly tehnologiýalardan peýdalanmaklaryna, döredijilikli zähmet çekmeklerine, mekdep okuwçylarynyň, talyp ýaşlaryň bilimleri tutanýerlilik bilen ele almaklaryna giň mümkinçilikler döredildi we ondan netijeli peýdalanylýar.
Her bir işde hil we netijelilik esasy talapdyr. Ine, şol talaba hötde gelinmeginde milli ykdysadyýetimize, onuň her bir pudagyna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy möhüm ähmiýete eýedir.
Şeýle asylly işleri, il bähbitli, döwlet ähmiýetli syýasaty alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!
Bägül BAÝGELDIÝEWA,
“Mugallymlar gazeti”.