Ösüşiň täze mümkinçilikleri

Ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Köýtendag etrabynda Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyp ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň gurluşyk senagatyny mundan beýläk-de ösdürmekde we sementiň eksportyny artdyrmakda täze mümkinçilikleri döreder. Onuň üstümizdäki ýylda ulanmaga berlen ilkinji iri önümçilik desgasydygy bolsa, aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, beýleki pudaklar bilen birlikde ýurdumyzyň gurluşyk materiallary senagaty hem uly ösüşlere eýe bolýar. Gürrüňi edilýän sement zawody hasaba alnanda bu ýerde her haýsysynyň önümçilik kuwwaty 1 million tonna barabar bolan 2 sany sement zawodynyň hereket etmegi ýurdumyzda öndürilýän sementiň önümçiligini düýpli artdyrar. Diýarymyzyň beýleki sebitlerinde hereket edýän sement zawodlaryny hem hasaba alanyňda bu ugurda bar bolan kuwwatlyklaryň düýpli berkeýändigine göz ýetirmek mümkin. Ýerli çig malyň binýadynda sementiň we beýleki gurluşyk serişdeleriniň önümçilik depginindäki ösüş hem ýurdumyzyň senagatynyň okgunly ösýändigine şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň gündogarynda ýerleşýän Lebap sement zawodynyň birinji tapgyrynda öndürilýän S-400 we S-500 markaly sement içerki we daşarky sarp edijileriň ýokary isleginden peýdalanýar. 2013-nji ýylda işe girizilen bu kärhana tehniki enjamlar we önümleriň hili taýdan ýokary halkara ülňülerine doly laýyk gelýär. Onuň ussahanalary, kömekçi we jemgyýetçilik desgalary 60 gektar meýdany eýeleýär. Önümçiligiň awtomatlaşdyrylandygy hem-de onuň kompýuter programmasy esasynda dolandyrylýandygy diňe bir sementiň möçberine däl, eýsem hiliniň ýokary bolmagyna-da oňyn täsir edýär. Bu ýerde daşky gurşawy goramaga gönükdirilen wezipeleriň berk berjaý edilmegi bolsa döwlet Baştutanymyzyň berk talaby bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň iri önümçilik desgasynyň açylyş dabarasynda sözlän sözünde-de belleýşi ýaly, ýurdumyzda gurluşyk önümçiligi pudagyny sazlaşykly ösdürmäge, gurluşyk önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokary derejesini üpjün etmäge, pudakda iri maýa goýum serişdelerini özleşdirmäge we önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga, ýerli çig mal serişdelerinden peýdalanmak arkaly, içerki hem daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan önümleri öndürýän täze senagat kärhanalaryny gurmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Her ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply Lebap sement zawody bolsa munuň aýdyň mysalydyr. Ikinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi bilen, onuň önümçilik kuwwaty ýylda 2 million tonna ýeter. Zawod häzirki zaman tehnologiýasy boýunça sementiň uly isleg bildirilýän kysymlaryny öndürýär. Olar ýokary mäkämlikdäki portland sementidir, nebitgaz pudagynda ulanylýan tamponaž sementidir we gidrotehniki desgalarda ulanylýan sulfata çydamly sementdir. Sement zawodynyň işe girizilmegi bilen bu ýerde täze iş orunlarynyň 580-siniň dörändigi hem nygtalmaga mynasyp ýagdaýdyr.

Sement gurluşyk üçin iň zerur önümleriň biri bolup durýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda gurlup ulanmaga berlen Bäherden, Balkan we Lebap sement zawodlarynda täze innowasion tehnologiýalar esasynda dünýä standartlaryna doly laýyk gelýän ýokary hilli önümler öndürilýär. Häzirki wagtda «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgyly sement önümleri diňe bir içerki bazarlarda däl, eýsem, dünýä bazarlarynda hem uly islege eýe bolýar.

Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasynyň dowamynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Thyssenkrupp Polysius GmbH» kompaniýasynyň enjamlary işe girizmek boýunça baş gözegçisi Mate Resetaryň Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministrine Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň enjamlarynyň ýokary hilli, özboluşly aýratynlyklary baradaky laýyklyk güwänamasyny gowşurmagy ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň ýokary netijelere eýe bolýandygyny ýene bir ýola subut etdi.

Ogulnabat SARYÝEWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.