Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary milli ykdysadyýeti okgunly ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli we düýpli özgertmeleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşyklydyr. Şeýle özgertmeleriň baş maksady halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Şu ýylyň 10-njy fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde tassyklanylan 2023-nji ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy halk hojalygynyň pudaklarynyň öňünde jogapkärli wezipeleri kesgitleýär. Şol wezipelere, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşini we ýylyň dowamynda makroykdysady görkezijileriň durnuklylygyny üpjün etmek, pudaklara döwrebap tehnologiýalary we sanly ulgamy ornaşdyrmak, ýurduň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, oňaýly işewürlik gurşawyny emele getirmek, döwlet tarapyndan kiçi we orta telekeçiligi mundan beýläk hem goldamak, sebitleri sazlaşykly ösdürmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmek, täze iş orunlaryny döretmek, ilatyň durmuş goraglylygyny berkitmek hem-de ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak degişlidir.
Täze Maksatnama laýyklykda, şu ýyl ykdysadyýetiň pudaklaryna döwrebap tehnologiýalary we sanly ulgamy ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagy Watanymyzyň mundan beýläk-de durnukly ösmegine itergi berjek esasy ugur bolar. Sanlylaşdyrma ykdysadyýetiň hyzmatlar ulgamynyň hem, önümçilik pudagynyň hem hil taýdan täze derejä çykmagyna getirýär. Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň hem-de bütindünýä torunyň mümkinçilikleri esasynda ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagy halk hojalygynyň diňe bir gurluşyny özgertmän, eýsem, ykdysady ösüşiň depginini hem güýçlendirýär. Giň gerimli sanlylaşdyrmanyň netijesinde ykdysadyýetiň ösüşiniň täze ugurlary, hyzmatlary ýerine ýetirmegiň tizligini we hilini gowulandyrmaga gönükdirilen sanly giňişlikler döredilýär.
Eýýäm häzirki günlerde ýurdumyzda innowasion kärhanalar, «akylly şäherler» döredilýär, oba hojalyk ýerlerini işläp bejermegiň täzeçil usullary peýdalanylýar. Ilatyň internet-banking we mobil-banking, şeýle hem onlaýn söwda hyzmatlaryndan işjeň peýdalanmagy hyzmatlar ulgamynyň sanly özgerişini görkezýär.
Eksport kuwwatlyklaryny artdyrmak milli ykdysadyýetiň ösüşiniň esasy ugurlarynyň biridir. Bu günki gün Türkmenistan köp ýurtlar bilen dünýä derejesinde-de, sebit derejesinde-de özara bähbitli söwda gatnaşyklaryny ösdürýär. Ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň ýokary depgini, syýasy we maliýe babatda durnuklylygy ýerli hem-de daşary ýurt maýadarlaryny özüne çekýär. Innowasion önümçilikleriň maliýeleşdirilmegi milli önüm öndürijileri höweslendirmäge, olaryň öňünde täze eksport mümkinçiliklerini açmaga ýardam edip, daşary ýurt walýutalarynyň gelip gowuşmagyny hem-de manadyň hümmetiniň durnukly bolmagyny şertlendirýär.
Her bir sebitiň özboluşlylygyny göz öňünde tutmak arkaly welaýatlaryň sazlaşykly ösdürilmegini gazanmak ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wajyp şertleriniň biridir. Şu maksady nazara almak bilen, häzirki döwürde ýurdumyzyň sebitlerinde iş üpjünçiligine we hyzmatlaryň elýeteri bolmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Welaýatlaryň her birinde kuwwatly önümçilik kärhanalarydyr durmuş düzümleri döredilýär.
Halkyň ýaşaýyş derejesi hem-de döwletiň ösüşi ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça bäsdeşlige ukyply bolmagy bilen gönümel baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiziň: «Agzybirligimiz bilen ähli sepgitlere ýeteris!» diýen ganatly sözleri halkymyzy her bir ulgamda uly üstünliklere ruhlandyrýar.
Hudaýguly PAŞŞYÝEW,
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Barlag-derňew müdirliginiň Aşgabat şäheri boýunça barlag-derňew bölüminiň esasy döwlet inspektory.