Mälim bolşy ýaly, milli ykdysadyýetimiziň üstünlikli ösdürilmegi halkyň bagtyýarlygyny we raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň barha ýokarlanýandygyny kepillendirýär. Muny 10-njy oktýabrda şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki ykdysady görkezijiler hem tassyklaýar.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we sebitleriň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberiniň 10,9 göterim ýokarlanmagy, jemi içerki önümiň 6,2 göterim artmagy aýdanlarymyza aýdyň delildir. Aslynda-da, ykdysady seljermede «jemi önüm» diýen görkeziji giňden ulanylyp, ol «jemi içerki önüm» we «jemi milli önüm» diýen iki görnüşde bolýar. Şoňa görä-de, jemi içerki önüm ýurduň içindäki maddy önümçilikde we hyzmatlar ulgamynda öndürilen önümiň gymmatlarynyň jemini aňladýar. Şu nukdaýnazardan alanymyzda, jemi içerki önümiň ösüş derejesiniň artmagy milli ykdysady kuwwatymyzyň ýokarydygyna güwä geçýär.
Milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde sebitleriň durmuş-ykdysady ösüşine-de aýratyn ähmiýet berilýär. Şoňa görä-de, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde hasabat döwründe göz öňünde tutulan 370 desganyň 89-synda gurluşyk-gurnama işleriniň alnyp barlandygyny aýtmalydyrys.
Daşary söwdanyň milli ykdysadyýetiň möhüm düzüm bölekleriniň biridigini ýatlasak, onda daşary söwda dolanyşygynyň hem, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 40 göterim ýokarlanandygy aýdyň hakykatdyr. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 20 milliard manatdan gowrak bolup, 13 göterim artdy. Şundan ugur alyp, häzirki wagtda maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmak, maliýe ulgamyny döwrebap ýagdaýa getirmek, Konstitusiýamyza laýyklykda bazar ykdysadyýetini emele getirmegi çaltlandyrmak üçin göz öňünde tutulan giň gerimli özgertmeler dowam etdirilýär. Ykdysady bäsdeşligi ösdürmek, işewürlik ýagdaýlaryny gowulandyrmak, telekeçileri giňden goldamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet hakynyň 10,4 göterim ýokarlanmagy ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak ugrunda edilýän uly aladadan nyşandyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizi ösdürmek babatda amala aşyrylýan bu giň gerimli işler, bir söz bilen aýdanyňda, raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Şemşat KIÇIGULOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.