Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň önümleriniň sergisi bilen tanyşdy

 Aşgabat, 18-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli geçirilýän sergide bolup, ýurdumyzyň işewür düzümleriniň öndürýän önümleri, senagat harytlary hem-de olaryň görnüşleri bilen tanyşdy. Bu ýerde görkezilýän önümler häzirki döwürde milli işewürligiň ösüşiň täze derejesine çykandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. 

                                                                   

Soňky ýyllarda umumy ösüşiň oňyn ýagdaýlaryna laýyklykda, ýurdumyzyň hususy işewürligini ösdürmek, hususyýetçiligiň gazananlarynyň gözden geçirilişini guramak meselelerine zerur üns berilýär. Giň möçberli serginiň guralmagy bu ugurda gazanylýan üstünlikler we täzelikler, telekeçiler tarapyndan daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň, eksport ugurly önümleriň önümçiliginde ulanylýan innowasion işläp taýýarlamalar bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. 

                                                                   

Sergi monitor arkaly görkezilýän maglumatlardan başlanýar. Onda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň 15 ýylyň dowamynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, hususy ulgamyň gazanýan üstünlikleri we mynasyp bolan güwänamalary, diplomlary barada giňişleýin maglumatlar berilýär. 

                                                                   

Aşgabadyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Söwda-senagat edarasynda guralýan sergide görkezilýän dürli önümler barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew hem-de ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew hasabat berdiler. 

 Bellenilişi ýaly, döwlet derejesinde uly üns berilmegi netijesinde, ýurdumyzyň hususy ulgamynyň ykdysadyýetimizde eýeleýän orny yzygiderli berkidilýär. Munuň özi türkmen telekeçileriniň dürli ugurlar, şol sanda azyk we beýleki harytlaryň önümçiligi boýunça belent sepgitleri eýelemegine giň ýol açýar. Şunuň bilen baglylykda, hususyýetçiligiň işjeň ösdürilmegi ugrunda yzygiderli alada edýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirildi. 

                                                                   

Döwrüň talabyna laýyklykda, ýurdumyzyň işewür düzümleriniň yzygiderli tagallasy netijesinde, içerki bazarlarda çörek we çörek önümleriniň bolçulygynyň üpjün edilmegi möhüm wezipe hökmünde kesgitlenildi. Bu önümler soňky ýyllarda azyk harytlarynyň hatarynda öz ornuny barha pugtalandyrýar. “Talhan” söwda nyşanly çörek we çörek önümleri ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyklaryň, bagtyýar halkymyzyň toý-baýramlarynyň we sahawatly desterhanlarynyň baş bezegine öwrüldi. Munuň özi häzirki zaman önümçiligini ýola goýmak üçin döwlet tarapyndan berilýän goldawdan netijeli peýdalanýan telekeçileriň azyk bolçulygyny üpjün etmek, olaryň görnüşlerini artdyrmak boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli çözülmegine örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşýändiklerini görkezýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz sergi bilen tanyşlygyň dowamynda ýokary hilli önümleri bilen ýurdumyzda we daşary döwletlerde meşhurlyk gazanan “Täze aý”, “Hasar”, “Balşeker”, “Duýgy”, “Doganlar ýyldyzy”, “Ak gar” haryt nyşanly süýji-köke öndürýän telekeçileriň görkezýän önümleriniň görnüşleri bilen gyzyklandy. Mälim bolşy ýaly, bu önümler ýokumlylyk derejesi we ýokary halkara ülňülere laýyk gelýändigi üçin, dünýäniň bazarlarynda uly islegden peýdalanýar. Sergide süýjüleriň, kökeleriň we beýleki nygmatlaryň täze görnüşleri görkezildi. 

 Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Ak gar” hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen gürrüňdeş bolup, telekeçi tarapyndan öndürilýän önümleriň görnüşleri, olaryň hili hem-de ýokumlylyk derejesi bilen gyzyklandy. 

                                                                   

Işewür gaýtadan işleýän kärhanalarda içerki we daşarky bazarlarda ýerlenilýän ýokary hilli süýji-köke önümlerini öndürmek boýunça oňyn tejribe toplandygyny gürrüň berdi. Hojalyk jemgyýetiniň ýurdumyzyň köp ýerlerinde söwda nokatlary bolup, olaryň tagallasy bilen ýokumly süýji-köke önümleri halkymyza yzygiderli ýetirilýär. Şeýlelikde, birleşmäniň agzalary önüm bolçulygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, täze iş orunlarynyň döredilmegine goşant goşýarlar. 

                                                                   

Häzir ýurdumyzyň telekeçileri gaýtadan işleýän senagatyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýärler. Şeýlelikde, et, balyk, süýt önümleriniň, çagalar iýmitiniň, gök we miwe şireleriniň, şireli suwlaryň, maýoneziň, doňdurmanyň, gaplanan önümleriň, şol sanda süýji-kökeleriň dürli görnüşlerini öndürýärler. 

                                                                   

Şeýle hem telekeçi hususy pudagyň ösdürilmegi ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändigi, telekeçilige hemmetaraplaýyn goldaw berilýändigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we öz öňlerinde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda mundan beýläk-de tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy. 


Ýurdumyzyň telekeçileriniň süýt, et we balyk önümleriniň täze görnüşlerini öndürýändiklerini, halkymyzyň bu önümlere bolan isleglerini kanagatlandyrmak bilen bir hatarda, önümçiligiň eksport kuwwatyny artdyrmaga giň mümkinçilikleriň açylýandygyny bellemeli. Aýratyn-da, ýerli çig maldan taýýarlanyp, emeli goşundylary bolmadyk çaga iýmitleri, gök we miwe püresiniň dürli görnüşleri öndürilip, olaryň hiliniň we howpsuzlygynyň üpjün edilmegi ugrunda zerur tagallalar edilýär. 

                                                                   

Arkadagly Serdarymyz “Tut” haryt nyşanly içgileri öndürýän kärhananyň hünärmeni bilen gürrüňdeş bolup, olaryň alyp barýan işleri, önümçilige ornaşdyrýan täzeçil usullary we suwlaryň hil hem-de ýokumlylyk derejesi bilen gyzyklandy. 

                                                                   

Hünärmen häzirki döwürde gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek, önümleriň hilini yzygiderli gowulandyrmak we olaryň möçberini artdyrmak üçin ähli zerur mümkinçilikleriň bardygyny belläp, telekeçilik başlangyçlaryny höweslendirmek ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändigini guwanç bilen nygtady. Şeýle-de ol hormatly Prezidentimize telekeçileriň halkara derejä çykmagy ugrunda yzygiderli tagalla edýändigi üçin ähli telekeçileriň adyndan hoşallyk bildirdi we öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy. 

                                                                   

Sergide Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň alyp barýan işleri, ýyladyşhana ulgamlarynda ulanylýan döwrebap tehnologiýalar hem-de ekologiýa babatda geçirilýän işler bilen tanyşdyryldy. Şunda gök we miwe önümleriniň söwdasy, olaryň halkymyz üçin elýeterlilik derejesi barada giňişleýin maglumat berildi. 

                                                                   

“Ter önüm” hojalyk jemgyýetiniň wekili ýetişdirilen gök we miwe önümleriniň söwdasy, olaryň ýerleşýän ýerleri, öndürilýän önümleriň mukdary hem-de bahalary bilen baglanyşykly maglumatlary özünde jemleýän täzeçil programma barada gürrüň berdi. Şeýle täzeçil çemeleşme bilen bazarlaryň ýagdaýyny, olary ugratmagyň ýollary hem-de bahalary bilen baglanyşykly hepdelik we aýlyk, ýyllyk maglumatlaryň netijesinde bazarlarda gök we miwe önümleriniň üpjünçiligini yzygiderli gözegçilikde saklamak mümkin bolýar. Munuň özi ilatyň gündelik sarp edýän gök we miwe önümleriniň bökdençsiz halka ýetirilmeginde möhüm ähmiýete eýedir. 

                                                                   

Häzirki zamanyň täzeçil usullarynyň, sanly ulgamyň netijeli peýdalanylmagy bilen alnan maglumatlar degişli ugur boýunça iş alyp barýan hususy düzümler üçin bolşy ýaly, ilat üçin hem örän ähmiýetlidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu işleri döwrüň talabyna laýyk derejede dowam etdirmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Serginiň bu bölüminde sahawatly türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän gök we miwe önümleri, bakjaçylyga degişli önümler görkezilýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda ekologik taýdan arassa ösümlik ýagynyň öndürilmegine zerur üns berilýär. Bu işde telekeçileriň tagallalaryna möhüm ornuň degişlidigini bellemeli. Ýurdumyzyň bu ugra ýöriteleşen işewür düzümleri dürli ösümliklerden, şol sanda günebakardan iýmitlik ýaglaryň öndürilmegini esasy ugur edinýärler. Şunda önümleriň ekologik taýdan arassa we ýokumly bolmagyna zerur üns berilýär. Häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary we öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen barlaghanalarda ösümlik ýagynyň hil derejesi yzygiderli barlagdan geçirilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda milli bilim ulgamynyň häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürilmegine, türkmen ýaşlarynyň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagy ugrunda zerur şertleriň döredilmegine möhüm üns berilýär. Bu işde ylym-bilim ulgamynda iş alyp barýan hünärmenleriň degişli edebiýatlar bilen doly üpjün edilmegi möhüm wezipe hökmünde kesgitlenildi. “Gujurly bilim merkezi” hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy ýurdumyzyň bilim ulgamynda zerur bolan edebiýatlaryň üpjün edilmegine, olaryň köpugurlylygyna möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy. Bu bolsa ýaşlaryň daşary ýurt dillerini işjeň öwrenmeklerine giň ýol açýar. 

  Hormatly Prezidentimiz merkeziň işi bilen tanşyp, edebiýatlaryň çap ediliş usullary, olaryň dizaýny bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz neşir edilýän kitaplaryň düşnükli we ýaşlar üçin özüne çekiji bolmagy ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini, şunda daşary ýurtlaryň ösen tejribesiniň netijeli özleşdirilmelidigini belledi we işewüre mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Şeýle-de sergide balykçylyk bilen meşgullanýan hususyýetçiler üçin niýetlenen motorly gaýyk we uly möçberli plastik suw gaplary görkezilýär. Munuň özi ýurdumyzyň hususyýetçilik ulgamynyň işiniň köptaraply häsiýete eýediginiň aýdyň beýanydyr. Serginiň bu bölümi şähergurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilişiniň möçberi barada düşünje almaga mümkinçilik berýär. Hususan-da, bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen binýat bolan Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynda gurlan binalaryň we desgalaryň şekilleri ýerleşdirilipdir. 

                                                                   

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ýurdumyzda döredilen senagat zolagynyň işi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde bu zolagyň çägini giňeltmek, täze önümçilik kuwwatlyklaryny, şol bir wagtyň özünde, täze iş orunlaryny döretmek meýilleşdirilýär. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz senagat zolagynyň ýurdumyzda önüm bolçulygynyň döredilmeginde, ilatymyzyň iş bilen üpjünçiliginde möhüm orun eýeleýändigini aýtdy. 

                                                                   

Serginiň ýurdumyzyň ýeňil senagatyna degişli bölümi köpdürlüligi we hil babatda ýokary talaplara laýyk gelýändigi bilen tapawutlanýar. Bu ýerde haly we haly önümleri, dokma senagatyna degişli önümleriň giň görnüşleri görkezilýär. Soňky ýyllarda bu ugurda türkmen telekeçileriniň işjeňlik görkezýändiklerini bellemek ýakymly. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz dokma önümçiliginde işjeňlik görkezýän telekeçi zenan bilen gürrüňdeş bolup, onuň taýýarlaýan dokma önümleriniň görnüşleri we türkmen zenanlarynyň el hünäriniň häzirki döwürde ösdürilişi bilen gyzyklandy. 

                                                                   

Telekeçi zenan, öňi bilen, Arkadagly Serdarymyzy Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen ähli telekeçi zenanlaryň adyndan tüýs ýürekden gutlady hem-de hususyýetçiligiň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi. 

                                                                   

Telekeçileriň gurluşyk serişdeleri önümçiliginde gazanýan netijeleri baradaky gymmatlyklara-da möhüm orun berlipdir. Keramiki plitalary, bazalt süýümini, turbalary, kerpiç, demirbeton gurnamalaryny, gidroizolýasiýa serişdelerini, çagly, penopolistiroly, keramziti, emulsiýalary hem-de boýaglary, elektrik kabellerini, şlanglary, ýol jähek daşlaryny we kafelleri, gury gurluşyk garyndylaryny, ýag we howa süzgüçlerini, akkumulýatorlary, çalgy ýaglaryny we beýlekileri öndürýän kärhanalaryň önümleri sergide möhüm orun eýeleýär. Bu ugurda öz önümlerini görkezýänleriň hatarynda “Geljege miras”, “Ak gaýa” hojalyk jemgyýetleri-de bar. “Çaly” hususy kärhanasy innowasion tehnologiýalar boýunça öndürilen gurluşyk serişdeleriniň giň toplumyny görkezýär. Penopolistiroldan önüm öndürmekde ýurdumyzda tanalýan “Ak hünji” kärhanasy öz önümleriniň giň toplumyny hödürleýär. 

                                                                   

Täze önümçiligi bilen meşhurlyk gazanan “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýetiniň önümleri halkymyzyň uly isleginden peýdalanýan we geçginli harytlaryň hatarynda öz ornuny yzygiderli berkidýän önümlere öwrüldi. 

                                                                   

“Derýaplastik” hojalyk jemgyýetiniň işi ýurdumyzda batly depginlerde alnyp barylýan gurluşyklar üçin ähmiýetli hasaplanýar. Onuň kärhanalarynda diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem isleg bildirilýän ýokary hilli, importyň ornuny tutýan önümleriň 1500-den gowrak görnüşi öndürilýär. Şolaryň hatarynda turbalaryň ýüzlerçe görnüşi, kabeller, asma petikler, penjireler we gapylar üçin profiller, jemagat hojalygynda hem-de gurluşykda giňden ulanylýan polietilenden, polipropilenden, poliwinilhloridden öndürilen beýleki önümler bar. Mundan başga-da, kärhana “Derýakeramika” söwda nyşany astynda ýokary hili, görnüşleriniň köpdürlüligi, döwrebap bezegi bilen tapawutlanýan kafel plitalaryny hem-de sanfaýans önümlerini görkezýär. 

                                                                   

Söwda-senagat edarasynyň sergi merkeziniň meýdançasynda täze görkezilýän önümleriň sanawynda dürli göwrümli suw gyzdyryjylary, ýyladyş ulgamy üçin alýumin radiatorlar bar. Bu bolsa ýurdumyzda hususy ulgamyň ösüşiň täze belentliklerine çykmagy, olaryň milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna mynasyp goşant goşmaklary hem-de telekeçilik başlangyçlarynyň höweslendirilmegi ugrunda edilýän tagallalaryň oňyn netije berýändiginiň aýdyň nyşanydyr. 

                                                                   

Serginiň ýene bir bölümi toý hyzmatlary bilen meşgullanýan telekeçileriň alyp barýan işleri baradaky maglumatlardan ybarat boldy. Aýratyn-da, taýýarlanýan tagamlaryň görnüşleri, olary saçaga goýmagyň usullary sergä gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Soňky ýyllarda türkmen telekeçileriniň häzirki zamanyň innowasion usullaryny ussatlyk bilen özleşdirýändiklerini bellemeli. Bu ugur boýunça işleýän telekeçiler Ýewropanyň, Aziýanyň aşhanalarynyň ösen medeniýetini, tagam taýýarlamagyň özboluşly aýratynlyklaryny işjeň öwrenýärler. Munuň özi türkmen telekeçileriniň halkara giňişlige işjeň aralaşyp, öňdebaryjy tejribeleri netijeli özleşdirýändikleriniň nobatdaky beýanydyr. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Söwda-senagat edarasynyň binasynyň ýanynda ýerleşýän ýörite meýdançada görkezilýän guşlaryň we mallaryň görnüşleri, olary idetmegiň aýratynlyklary bilen tanyşdy. 

                                                                   

Häzirki döwürde telekeçilik başlangyçlaryny goldamak, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek ugrunda ähli zerur şertleri döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki zamanyň ösen tejribesine laýyklykda, ýurdumyzda guşçulygy we maldarçylyk pudagyny ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna zerur üns berilýär. 

                                                                   

Bu ýerde telekeçilik ulgamynda işjeňlik görkezýän kärhanalaryň dürli görnüşli guşlary görkezilýär. Türkmen bazarynda öz ornuny pugtalandyryp başlan düýeguşlary ösdürip ýetişdirýän düzümiň alyp barýan işleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Nygtalyşy ýaly, düýeguşlaryň eti we ýumurtgasy ýokumlylyk babatda ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelýär. Şol bir wagtyň özünde, guşlaryň beýleki görnüşlerini ösdürip ýetişdirýän telekeçileriň sanynyň yzygiderli artýandygyny bellemeli. Munuň özi ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginde hususyýetçilige möhüm ornuň degişlidigini görkezýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow maldarçylyk önümleriniň gaýtadan işlenilmeginiň ähmiýetlidigini belläp, döwletimiziň oba hojalyk önümlerini öndürýän we gaýtadan işleýän telekeçileriň işini mundan beýläk-de höweslendirmek ugrunda zerur tagallalary etjekdigini aýtdy. 

                                                                   

“Sahabatly” hojalyk jemgyýeti dürli mallary, geçileri ösdürip ýetişdirmek bilen bir hatarda, olardan alynýan önümi gaýtadan işläp, sarp edijilere yzygiderli ýetirýär. Kärhananyň wekili telekeçiligiň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi ugrunda alada edýändigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow azyk bolçulygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, öndürilýän önümleriň ekologiýa babatda ýokary derejä, hil babatda bildirilýän talaplara laýyk gelmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi. Munuň özi ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmakda aýratyn ähmiýetlidir. 

                                                                   

Şeýle hem sergide et üçin niýetlenen gara mallaryň birnäçe görnüşi görkezilýär. Soňky ýyllarda Türkmenistanda etiň dürli görnüşiniň, şol sanda onuň “mermer et” adyna eýe bolan görnüşiniň bolçulygynyň üpjün edilmegi ugrunda degişli işler alnyp barylýar. Maldarçylygyň ösdürilmegi ot-iým binýadynyň ygtybarlylygyna baglydyr. Şunuň bilen baglylykda, hususy maldarlara ot-iýmlik ösümlikleri ösdürip ýetişdirmek üçin uzak möhletleýin esasda ýer bölekleri bölünip berilýär. Türkmen telekeçileri eti gaýtadan işlemek we azyk önümlerini öndürmek babatda işjeňlik görkezýärler. 

                                                                   

Bu ýerde suwaryşyň häzirki zaman usullary, täzeçil tehnologiýalar görkezildi. Işewürler hormatly Prezidentimize bu ugurda öňdebaryjy tejribäniň özleşdirilişi babatda gürrüň berdiler. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz telekeçileriň ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşinde möhüm orun eýeleýändiklerini belledi hem-de ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrunda zerur tagallalaryň ediljekdigini aýtdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow azyk bolçulygyny, dürli görnüşli önümleriň elýeterliligini üpjün etmegiň wajypdygyny belläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi. 

                                                                   

 Döwlet Baştutanymyz hemmelere alyp barýan asylly işlerinde üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.