Ahal welaýatynyň çäginde hususy pudagyň wekilleriniň alyp barýan işleri barha artýar. Bu gün maşgala suprasyna bereket goşýan, datly önümleriň dürli görnüşini öndürýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Meret Meredowa degişli kärhananyň «Datmeni» haryt nyşanly önümleri il arasynda uly islege we meşhurlyga eýedir.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň toý ruhunyň belende göterilýän günlerinde gürrüňi edilýän kärhananyň iş depgini barha ýokarlanýar. Ak bugdaý etrabynyň çägindäki telekeçileriň Senagat zolagynda ýerleşýän önümçilik kärhanasynda alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanşanymyzda, bu hakykata anyk göz ýetirdik. Kärhananyň hünärmeni Maral Kakajanowa bizi işleriň ýola goýluşy we önümçilik depgini barada ýerinde tanyşdyrdy. Onuň gürrüň bermegine görä, iki gektar meýdanda gurlup, 2017-nji ýylda işe girizilen önümçilik kärhanasynda ilkibaşda nahar duzunyň önümçiligi ýola goýulýar. Ýurdumyzda duzuň iri tebigy ýatagy bolan Balkan welaýatyndaky Guwly kölüň tebigy käninden getirilen duz kärhanada ýokary talaplara laýyklykda gaýtadan işlenilýär: kämil tehnologiýalar arkaly ýuwulýar, arassalanýar we guradylýar. Göze gelüwli owadan gaplara gaplanan, ýodlaşdyrylan iýmit duzy, şeýle-de ýodlaşdyrylmadyk senagat duzy gysga wagtda islegli önüme öwrülýär. Soňabaka kärhananyň önümçiliginiň gerimi has-da giňeýär. Ýöriteleşdirilen sehlerde konditer önümleriniň önümçiligi ýaýbaňlandyrylýar. Häzirki wagtda ol ýerde kokosly we künjüli kökeler, marmelad, krem şanti, şeker tozy, kakao ýaly datly önümleriň dürli görnüşleri öndürilýär.
Kärhana bilen tanyşlygyň barşynda miwe şerbetleriniň we mürepbe önümleriniň öndürilýän bölüminde hem bolup gördük. Bu bölümde ýaşlaryň birnäçesi zähmet çekýär. Olar ugurdaş önümçiliklere niýetlenen döwrebap enjamlary ezberlik bilen dolandyrmagy başarýarlar. Hünärmeniň aýtmagyna görä, bölümdäki enjamlar dürli miweleridir bakja önümlerini gaýtadan işlemäge we datly önümleri taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Häzirki günlerde böwürslen, garaly, injir, gawun, ülje, ýertudana mürepbeleriniň önümçiligi giň gerime eýe bolýar. Bu önümler 0,5 litrlik çüýşe gaplara gaplanýar. Mundan başga-da, gürrüňi edilýän bölümde miwe şerbetleriniň 20-ä golaý görnüşi taýýarlanýar.
Kärhanada däneli önümleri gaplaýan bölüm hem hereket edýär. Bölümde mäş, noýba, günebakar çigidi, mekgejöwen däneleri, tüwi, mele tüwi, merjimek ýaly önümler ýokary talaplara laýyklykda arassalanýar hem-de gaplara gaplanýar. Bölümde zähmet çekýänleriň ählisi diýen ýaly ýaşlar. Olar däneli önümleri gaplaýan enjamlary dolandyrmagyň abyny-tabyny birkemsiz ele alypdyr.
Duz önümçiligi boýunça bölümde alnyp barylýan işler has-da guwandyryjy. Bu ýerde iýmit üçin niýetlenen ýodlaşdyrylan ýokary hilli duzlar iri, ownuk hem-de has ownuk görnüşde taýýarlanyp, awtomatik usulda 0,5, 1,5 kilogramlyk ýörite polietilen gaplara, şeýle-de 1 kilogram 200 gramlyk plastik bedrejiklere gaplanýar. Bu sehde öndürilýän natriý-hlorly senagat duzy iri göwrümli haltalara gaplanyp, sarp edijilere ugradylýar. Duz önümçiligi boýunça sehdäki kämil enjamlar günde, ortaça, 20 tonna duzy gaýtadan işlemäge we gaplamaga mümkinçilik berýär.
Kärhananyň datly önümleri söwda nokatlarynyň üsti bilen elýeterli bahadan ilata ýetirilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän şanly ýylda kärhanada işiň gerimini has-da giňeltmek göz öňüne tutulýar. Häzirki günlerde kärhananyň degişli bölümine täze getirilen enjamlary oturtmak işleri alnyp barylýar. Şu ýylyň ahyryna çenli bölümiň işe girizilmegi bilen, ol ýerde nogul önümleriniň onlarça görnüşiniň önümçiligi ýola goýlar. Munuň özi içerki bazary daşary ýurtlardan getirilýän, bäsdeşlige ukyply önümler bilen üpjün etmek boýunça öňde duran wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda kärhananyň saldamly goşandy bolar.
Aýdo ŞEKEROW.
«Türkmenistan». Surata düşüren awtor.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/38356