Önümçiligiň gerimi giňelýär

Ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depgini barha ilerleýär. Diýarymyzda täze oba-şäherler, şäherçeler döredilýär. Bu bolsa, öz gezeginde, dürli desgalary, ýollary gurmak üçin peýdalanylýan, importyň ornuny tutýan gurluşyk önümlerine bolan islegi has-da artdyrýar. Şundan ugur alyp, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Erjel-Begenç» hususy kärhanasy örtgi plitalaryň täze önümçiligini ýola goýdy. Döwrebap kärhana mermer tehnologiýasy esasynda işlenilip taýýarlanylýan ýanýoda we ýoljähek üçin niýetlenen bezeg panelleriniň giň toplumyny müşderilere hödürleýär. 

                                                                   

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän hususy kärhana 2011-nji ýylda esaslandyryldy. Onuň önümhanasy Russiýanyň we Eýranyň betondan emeli mermer we granit önümlerini öndürmäge ukyply bolan, dünýä ülňülerine gabat gelýän enjamlary bilen üpjün edilendir. Bu bolsa kärhananyň agzybir işgärlerine önjeýli zähmet çekip, her ýylda 20 müň inedördül metrden gowrak plitalary we 17 müň metrden gowrak ýol gyralaryna goýulýan daşlary öndürmäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de bu kärhana dürli howa şertlerine çydamly, hili babatda daşary ýurt kompaniýalarynda öndürilýän önümlerden pes bolmadyk, bahalary elýeterli, asylky durkuny uzak wagtlap saklaýan, dörtburç şekilli daşlaryň 20-ä golaý, diwar bezeg plitalarynyň 20-den gowrak, ýanýoda bezeg panelleriniň 30-dan gowrak görnüşini, awtomagistral ýollara, ýanýodalara düşelýän bort daşlarynyň 6, bardýurlaryň 15 görnüşini öndürýär. 

                                                                   

Häzirki wagtda kärhananyň önümlerine Arkadag şäheriniň gurluşygynda, paýtagtymyzyň demir ýol menzilinde, Gurbansoltan eje köçesiniň ugrunda, Türkmenabat şäheriniň esasy köçelerinde, şeýle-de Änew şäherindäki medeni-dynç alyş seýilgähinde gabat gelmek bolýar. Kärhana buýurmalara we isleglere laýyklykda, ýaşaýyş jaýlarynyň, beýleki binalaryň diwarlarynyň, ýanýodalaryň, köçeleriň gurluşygynda peýdalanylýan, dürli reňkli nagyşlar bilen bezelen plitalary hödürleýär. Ýakyn geljekde bolsa betondan elektrik toguny geçiriji simleriň sütünleriniň önümçiligini ýola goýmak, importyň ornuny tutýan önümleriň möçberini we görnüşini has-da artdyryp, olary daşary ýurtlara eksport etmek hem meýilleşdirilýär.  

                                                                                                           

Batyr KULIÝEW.

                       

«Türkmenistan».