Türkmenistan ägirt uly tebigy baýlyklara eýe bolmak bilen, iri energiýa serişdelerini öndüriji ýurt, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde bütin dünýäde uly abraýdan peýdalanýar, tebigy baýlyklaryny diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, bütin adamzadyň abadan durmuşynyň, ýagty geljeginiň hatyrasyna gönükdirýär. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda nebitgaz toplumyny döwrebap ösdürmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde onuň mümkinçiliklerini işjeň peýdalanmak bilen bagly giň gerimli taslamalar durmuşa geçirilýär. Elbetde, bu işleriň rowaçlanmagy pudagyň ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjünçiligine-de baglydyr.
Hormatly Prezidentimiz 2-nji fewralda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek bilen bagly birnäçe wezipeleri öňde goýdy. Nebitgaz toplumyna önümçiligi dolandyrmagyň täze usullarynyň ornaşdyrylmagy, ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagy pudagy ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunda Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak, şeýle hem topluma degişli kärhanalar gurlanda, işgärleri tejribe we okuw-usulyýet taýdan taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýeti uludyr.
Milli Liderimiz nebitgaz toplumynyň degişli hünärmenlere bolan zerurlyklaryny seljermegiň, şoňa laýyklykda, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň maksatnamasyny işläp taýýarlamagyň wajypdygyna ünsi çekip, uniwersitetiň ýanynda mugallymlary, ylmy işgärleri, nebitgaz pudagy üçin alymlyga dalaşgärleri taýýarlamak boýunça Merkezi döretmek başlangyjyny öňe sürdi. Gahryman Arkadagymyz ylmyň, tehnologiýalaryň ösdürilmeginiň, ýaşlara berilýän bilimiň hilini we derejesini ýokarlandyrmagyň, şol sanda ýangyç-energetika toplumynyň ähli ugurlarynda iş alyp barmaga ukyply ýaşlary ýetişdirmegiň döwrüň möhüm talabydygyny belledi. Bu babatda bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmagyň zerurdygy nygtaldy. Nebitgaz ulgamy üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça halkara tejribeden ugur alnyp, okatmagyň häzirki zaman usullaryny we nou-haulary ornaşdyrmak, milli hünärmenleri dünýäniň ösen tejribesine we standartlaryna laýyklykda okatmak, daşary ýurtlaryň ýokary derejeli hünärmenlerini bu işe çekmek ugrunda zerur tagallalar edilmelidir.
Hormatly Prezidentimiziň: «Ýurdumyzyň kärdeşler arkalaşyklarynyň öňünde örän möhüm wezipeler durýar. Olar öz agzalarynyň zähmet çekmäge hukuklarynyň hemişe goragynda bolmalydyrlar» diýen sözlerinden ugur alnyp, nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň hünärmenleri hem pudagyň işgärleriniň hünär kämilligini ýokarlandyrmak, olary höweslendirmek we öňdebaryjylaryň tejribesini ýaýratmak ugrunda netijeli işleri alyp barýarlar. Nebitgaz pudagynyň yzygiderli ösüşleriniň gözbaşynda duran hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän başlangyçlarydyr sargytlary bizi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna mynasyp sowgatly barmak üçin has-da yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar.
Çary LOLLYÝEW,
Türkmenistanyň nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň esasy hünärmeni.