Olimpiýa oýunlaryndaky üstünlik halkymyzyň buýsanjyny hem-de Watanymyzyň abraýyny artdyrdy

Türkmen türgenlerine hormatly Prezidentimiziň sylaglary gowşuryldy

Aşgabat, 21-nji awgust (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistanyň dünýädäki sport abraýyny artdyrmaga uly goşant goşan türkmen sportunyň wekillerini hormatlamak dabarasy geçirildi.

“Başa-baş söweş sungaty” sport toplumynda geçirilen dabaraly çärä hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, tanymal türgenler hem-de tälimçiler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.


Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orna mynasyp bolan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyna iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Ony wise-premýer, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi S.Berdimuhamedow okady.

Milli Liderimiziň Gutlagynda: “Türgenlerimiziň dünýäniň iri sport ýaryşlaryna gatnaşmagy hem-de gazanýan üstünlikleri, ýurdumyzyň halkara sport giňişliginde ýylsaýyn artýan abraýy Garaşsyz döwletimizde köpçülikleýin bedenterbiýäni hem-de Olimpiýa hereketini ösdürmäge aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr” diýlip bellenilýär.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň türgenlerini hem-de tälimçilerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hem-de olara sowgatlary gowşurmak hakyndaky Permanlaryny we Buýrugyny okady.

Bilşimiz ýaly, halkara sport çärelerinde Watanymyza mynasyp wekilçilik edýän türgenleri döwlet derejesinde sylaglamak ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Türgenlerimiz agyr atletika boýunça abraýly halkara ýaryşlarynda ençeme gezek ýokary netijeleri gazandylar.

Mysal üçin, Polina Gurýewa ençeme gezek ýeňiş gazanmagy başardy. Ol 2017-nji ýylda Azerbaýjanyň paýtagtynda geçirilen IV Yslam raýdaşlyk oýunlarynda altyn medala, 2018-nji ýylda Daşkent şäherinde (Özbegistan) geçirilen ýetginjekleriň arasyndaky Aziýa çempionatynda bürünç medala eýe boldy. 2019-njy ýylda Fiji Respublikasynda geçirilen dünýä çempionatynda, şeýle hem 2021-nji ýylyň aprelinde Daşkentde geçirilen Aziýa çempionatynda dördünji orny eýeledi.

Polina Gurýewa Tokiodaky XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda 59 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, 217 kilogram netije görkezdi hem-de türkmen sportunyň taryhynda ilkinji gezek Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalyna mynasyp boldy.

Wise-premýer, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi S.Berdimuhamedow tapawutlanan türgene hem-de onuň tälimçilerine dabaraly ýagdaýda, ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalarynyň astynda ýokary döwlet sylaglaryny gowşurdy.

Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň mugallymy A.Saryýewe Türkmenistanyň “Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin” diýen ordeni gowşuryldy.

Ahmet Saryýew zähmetine berlen ýokary baha hem-de sporta giň ýol açmak, sport ulgamynda uly üstünlikleri gazanmak üçin ýurdumyzda ähli şertleri döretmek babatyndaky yzygiderli aladasy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň we mähriban Diýarymyzyň bähbidine alyp barýan asylly işleriniň elmydama üstünliklere beslenmegini arzuw etdi.


Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, türkmen sportunyň halkara abraýyny belende götermekde bitiren uly hyzmatlaryny, okuw-türgenleşik işlerinde aýratyn tapawutlanandygyny, 2021-nji ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orny eýeländigini hem-de gazanan ýokary netijelerini nazara alyp, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby P.Gurýewa “Türkmenistanyň at gazanan sport ussady” diýen hormatly at dakyldy.

Soňra döwlet Baştutanymyzyň Buýrugy bilen Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň agyr atletika bölüminiň tälimçi-mugallymy A.Emirýana 2021-nji ýylda öndürilen, ak reňkli “Toyota Camry” kysymly ýeňil awtoulagyň açary gowşuryldy.

Olimpiýa medalyny gazanan türgeniň tälimçisi Artur Emirýan öz gezeginde Polina Gurýewanyň Tokio Olimpiadasyndaky üstünligi Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna ajaýyp sowgat boldy diýip nygtady. Bellenilişi ýaly, biziň türgenimiziň ýeňşiniň hormatyna ýaşyl Tugumyzyň belende galdyrylmagy Türkmenistanyň sport wekiliýeti üçin iň tolgundyryjy pursat boldy.

Milli ýygyndymyzyň XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilendigini belläp, tälimçi hormatly Prezidentimize ýokary netijeli sporty ösdürmäge berýän goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, mundan beýläk-de dünýäniň sport giňişliginde ýurdumyzyň abraýyny artdyrmak ugrunda güýç-gaýratyny, bilim-tejribesini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Şonuň ýaly-da döwlet Baştutanymyzyň Buýrugyna laýyklykda, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby P.Gurýewa Aşgabat şäheriniň ýaşaýyş jaýlaryndan amatlyklary bolan üç otagly öýüň hem-de 2020-nji ýylda öndürilen, ak reňkli “Lexus LX570 Sport Plus” kysymly awtoulagyň açarlary we 50 müň amerikan dollary möçberinde pul baýragy gowşuryldy.


Türkmenistanyň döwlet senasynyň owazy astynda Watanymyzyň ýaşyl Tugy belende galdyrylýar.

P.Gurýewa XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşan türgenleriň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzda sportuň ösdürilmegine berýän ägirt uly ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdi. Bellenilişi ýaly, bu ulgamda gazanylýan üstünlikler türkmen türgenlerine uly ynam bildirýän hem-de olary ýeňişlere ruhlandyrýan milli Liderimiziň ýadawsyz aladasy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

“Olimpiadada gazanan üstünligimiziň hormatyna Döwlet tugumyz belende galdyrylan pursadynda bizi çäksiz buýsanç duýgusy gurşap aldy. Sebäbi biz mähriban Arkadagymyzyň ynamyny ödemegi başardyk” diýip, türgen aýtdy.

Hormatly Prezidentimize ýokary döwlet sylagy üçin hoşallyk bildirip, ol türkmen sportunyň abraýyny mundan beýläk-de belende galdyrmak üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi S.Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylary türkmen sporty hem-de tutuş ýurdumyz üçin bu şanly waka bilen ýene bir gezek gutlap, ýurdumyzyň sportunyň taryhynyň ajaýyp üstünliklere beslenendigini, Polina Gurýewanyň agyr atletika boýunça ýaryşlardaky ajaýyp ýeňşiniň olaryň üstüni ýetirendigini belledi.

Häzirki döwrüň güýçli türgenleri tarapyndan türkmen sportunyň asylly däpleri dowam etdirilip, ol täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Şeýlelikde, halkara ähmiýetli ýaryşlarda ýeňiş gazanýan türkmen türgenleriniň sany artýar. Bu bolsa halkymyzyň ýaş, ezber, uly ýeňişleri gazanýan türgenlerine bolan guwanjyny artdyrýar. Dürli ýaryşlarda ajaýyp netijeleri gazanyp, söýgüli Watanymyzyň baýdagyny al-asmanda parladyp, Türkmenistanyň sport abraýyny goraýan türgenlerimiziň üstünlikleri dowamat bolsun diýip, wise-premýer belledi.

Bu ýokary sylagyň eýesi – biziň maksada okgunly, tutanýerli, eziz Watanymyza çäksiz wepaly, ýeňiş üçin ähli gujur-gaýratyny gaýgyrmajak ýaşlarymyzyň ajaýyp wekilidir. P.Gurýewanyň gazanan ýeňşine guwanýarys. Bu ýeňiş türkmen sportunyň gazanan üstünligidir. Milli Liderimiziň bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça alyp barýan döwlet syýasatynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň tassyklanmagydyr diýip, S.Berdimuhamedow nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi S.Berdimuhamedow Polina Gurýewany XXXII tomusky Olimpiýa ýaryşlarynda gazanan ajaýyp üstünligi bilen gutlap, eziz Diýarymyzyň Döwlet baýdagynyň mundan beýläk hem halkara sport ýaryşlarynda belentde parlajakdygyna ynam bildirdi.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda türkmen sportunyň dünýä ýüzündäki abraýynyň belende galmagy, ýurdumyzda ýokary netijeli sportuň işjeň ösdürilmegi ugrunda yzygiderli alada edýän Arkadag Prezidentimize hoşallyk beýan edilýär.

Şu günki şanly wakanyň hormatyna dabaraly konsert hem-de türgenleriň görkezme çykyşlary guraldy.

Artistler we döredijilik toparlary öz çykyşlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň saglygy hem-de abadançylygy, ýurdumyzyň sport mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek baradaky ýadawsyz üns-aladasynyň netijesinde ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni hem-de sporty ösdürmek boýunça gazanylýan üstünlikleri wasp etdiler.

***

Şol gün Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby P.Gurýewa we Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň agyr atletika bölüminiň tälimçi-mugallymy A.Emirýan hormatly Prezidentimiziň sowgat beren täze awtoulaglaryny çuňňur hoşallyk bilen kabul etdiler.

Halkymyzda “Ak zat alnyňa ýagşy” diýlen ynanç bar. Şoňa görä-de, ak gar ýaly awtoulaglar, däp-dessura görä, ägirt uly hoşallyk bilen kabul edildi.

Belent döwlet sylaglaryna mynasyp bolanlar döredilen mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak bilen, mundan beýläk-de öňde goýlan wezipeleri çözmek, ýaşlary ýokary sport ýeňişlerine ruhlandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

Şonuň ýaly-da, şu gün Polina Gurýewa maşgala agzalary bilen bilelikde döwlet Baştutanymyzyň sowgat beren, Aşgabatda ýerleşýän ýokary amatlykly üç otagly öýüne girdi. Türgeniň maşgala agzalary bereketli saçagyň başynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bu ajaýyp sowgady üçin çäksiz hoşallyklaryny beýan edip, milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür hem-de türkmen halkynyň bagtyýar we abadan durmuşynyň bähbidine alyp barýan köpugurly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.

Umuman, Ýer ýüzündäki iň abraýly ýaryşlarda uly ýeňiş gazanan ildeşimiziň hormatyna geçirilýän häzirki dabaraly çäreler diňe bir türkmen sportunda däl, eýsem, tutuş ýurdumyzda hem möhüm waka boldy. Polina Gurýewanyň ýeňşi sport dünýäsinde belent maksatlara ýetmek üçin çekilýän irginsiz zähmetiň netijesidir.

Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň dünýädäki iň abraýly ýaryşlara — Tokioda geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagy Watanymyzyň halkara sport merkezi hökmündäki abraýyny berkitdi we türkmen türgenleriniň Olimpiýa ýaryşlarynda uly üstünlikleri gazanýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Munuň özi köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty ösdürmek baradaky tagallanyň milli Liderimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygynyň subutnamasydyr.

Sagdyn we işjeň durmuş ýörelgesiniň tarapdary hem-de wagyz edijisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň giň möçberli başlangyçlary esasynda ýurdumyzda sport hereketi giň gerime eýe bolýar. Döwlet Baştutanymyzyň şahsy göreldesine eýerýän ildeşlerimiz, aýratyn hem ýaşlar sportuň dürli görnüşleri bilen giňden meşgullanýarlar. Milli Liderimiz köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini höweslendirmek bilen birlikde, netijeli sporty ösdürmäge, ýokary hünärli türgenleri hem-de tälimçileri, beýleki ugurdaş hünärmenleri taýýarlamaga, şonuň ýaly-da bu ulgamda giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly üns berýär.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda dünýä ülňülerine laýyk gelýän häzirki zaman sport toplumlary we desgalary guruldy hem-de ulanylmaga berildi. Bu bolsa ýokary derejedäki iri ýaryşlary, şol sanda dünýä çempionatlaryny geçirmäge mümkinçilik berýär. Netijeli türgenleşikleri alyp barmak we türgenleriň ussatlyk derejesini kämilleşdirmek üçin oňyn şertler döredilýär. Şeýlelikde, ýurdumyzyň türgenleriniň dünýä sportunda ýokary netijeleri gazanmaklary we Watanymyzyň sport giňişligindäki abraýyny belende götermekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Häzirki wagtda hem türkmen türgenleri iri halkara ýaryşlaryna gatnaşyp hem-de baýrakly orunlara we dürli derejeli medallara mynasyp bolup, ýokary netijeleri görkezýärler. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz, Bitarap Watanymyzy sport döwletine öwürmek boýunça ýadawsyz tagallalarynyň aýdyň subutnamasydyr.

Häzirki döwürde ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini hem-de sporty täze belentliklere çykarmak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Çagalar baglaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda sagdyn durmuş ýörelgeleri işjeň ösdürilýär.

Olimpiýa hereketiniň binýadyny emele getirýän belent maksatlar durmuşa geçirilýär. Olaryň many-mazmuny sporty bütin halkyň gymmatlygyna öwürmekden, adamlarda sagdynlyk, bagtyýarlyk hem-de ertirki güne berk ynam döretmekden ybaratdyr.

Halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek Türkmenistanyň sport ulgamynda amala aşyrýan döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. Soňky ýyllarda ýurdumyz döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde iri halkara ýaryşlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi.

Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde geçirilen, uly üstünliklere beslenen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary munuň aýdyň mysalydyr. Bu abraýly ýaryşlarda çykyş eden Türkmenistanyň ýygyndy topary umumy topar hasabynda birinji ýeri eýelemek bilen, Watanymyzyň sport abraýyny mynasyp gorady.

2018-nji ýylda geçirilen “Amul — Hazar” halkara awtorallisi hem-de Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty Türkmenistanyň sport abraýyny artdyrmaga ýardam etdi. Awtoralli ýaryşy Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça geçdi.

Şeýlelikde, Halkara Olimpiýa komitetiniň hem-de Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň doly hukukly agzasy bolan ýurdumyz olimpiýa hereketini giňeltmäge hem-de wagyz etmäge ýardam edýär. Türkmenistan dünýäniň sport durmuşynda iri, şanly çäreleriň başyny başlamak hem-de geçirmek bilen, dünýä halklaryny we yklymlaryny ýakynlaşdyrýar.

Sport ähli döwürlerde parahatçylygyň we dostlugyň ilçisi bolup hyzmat etdi, şonuň üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belleýär.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakynda ýörite Kararnamany kabul etmegi sporty ösdürmekde, olimpiýa we bedenterbiýe-sagaldyş hereketleriniň gymmatlyklaryny ilerletmekde Türkmenistanyň gazanan uly üstünlikleriniň aýdyň subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanymyz şol gün diňe bir türkmenistanlylary däl, eýsem, ýurdumyzda işleýän köp sanly daşary ýurt diplomatlaryny we işewürlerini birleşdirýän köpçülikleýin welosiped ýörişlerini geçirmegiň asylly däbini ýola goýdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jemgyýetde sagdyn we işjeň durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegini döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde yglan etmek bilen, ýaşlara ajaýyp nusga görkezip, sportuň dürli görnüşleri — at münmek, welosiped we awtomobil sporty, ylgamak, tennis we sportuň beýleki görnüşleri bilen meşgullanýar.

Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň sport ulgamynda durmuşa geçirýän özgertmeleriniň, üstünliginiň, şeýle hem öz milli Lideriniň eziz Watanymyzy has-da ösdürmäge, mähriban halkymyzyň abadan we bagtly durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen döredijilikli taglymlarynyň we asylly başlangyçlarynyň töwereginde türkmenistanlylaryň jebisliginiň aýdyň subutnamasydyr.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/38147