Sekiz aýyň jemleri: milli ykdysady ösüşiň ýokary depgini

Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimize şu ýylyň ýanwar ― awgust aýlarynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berildi. 

                                                                   

 *** 

                                                                   

 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar, häzirki zaman düzümleri kemala gelýär, dürli maksatly täze binalardyr desgalar ulanmaga berilýär. Iri möçberli sebit we milli maýa goýum taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi buýsandyryjy ýagdaýdyr. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösýändigini tassyklaýar.  

                                                                   

Şu ýylyň sekiz aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabat döwrüniň makroykdysady görkezijileriniň milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşe eýedigini alamatlandyrýandygyny belledi. Jemi içerki önümiň ösüş depgini ýokary derejede saklanýar.  

                                                                   

2022-nji ýylyň ýanwar ― awgust aýlarynyň jemleri boýunça daşary söwda dolanyşygy hem ýokary görkezijilere eýe boldy. Hökümet mejlisinde berlen hasabatlar bu aýdylanlary doly tassyklaýar. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli syýasatynyň, giň möçberli özgertmeleriniň oňyn netijesidir. Türkmenistanda üstünlikli durmuşa geçirilýän maýa goýum syýasaty ykdysady we önümçilik kuwwatynyň ýokarlandyrylmagyny, häzirki zaman durmuş ulgamynyň, ulag-aragatnaşyk, inženerçilik düzümleriniň kemala gelmegini, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda täze usullaryň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň giňden ulanylmagyny şertlendirdi. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, milli ykdysadyýetimiziň ösüşine gönükdirilen maliýe çeşmeleriniň hasabyna maýa goýumlary özleşdirmegiň ösüş depgini has-da ýokarlandy.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň söwda toplumynda sazlaşykly ösüş depginlerini saklamak üçin halkara işewürlik gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär. Türkmenistanyň daşary ykdysady strategiýasy ähli döwletler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilendir, sergileriň we maslahatlaryň işjeň ýagdaýda guralmagy ýurdumyzyň dünýäniň hojalyk gatnaşyklary ulgamyna çalt goşulyşmagyna ýardam berýär.  

                                                                   

Ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda bolşy ýaly, paýtagtymyzyň düzüm böleklerini döwrebaplaşdyrmaga we giňeltmäge hem uly möçberli maliýe serişdeleri goýberilýär, halkymyzyň amatly durmuş şertlerini üpjün etmek üçin zerur mümkinçilikler döredilýär. Mejlisde hormatly Prezidentimiz Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek baradaky meselä ünsi çekmek bilen, şunda öňde goýlan wezipeleri çözmäge uzak geljegi nazara alyp, toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini belledi.  

                                                                   

Dünýäniň beýleki döwletleri we işewür toparlary bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek Türkmenistanyň energetika syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Ýurdumyz bu hyzmatdaşlygy hoşmeýilli erk-isleg we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda guraýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň köpugurly ulgamyny döretmek, energetika howpsuzlygynyň täze ählumumy binýadyny kemala getirmek ulgamynda Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny ilerletmek bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz dokma, medeniýet, ylym-bilim, saglygy goraýyş, maliýe-bank, ulag-aragatnaşyk, gurluşyk, oba hojalyk ulgamlaryny mundan beýläk-de ösdürmek, innowasion serişdeleri, döwrebap usullary ornaşdyrmak, iri düzümleýin taslamalary işläp taýýarlamak babatda ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.  

                                                                   

Häzirki wagtda türkmenistanlylar tutanýerli zähmet çekip, işe döredijilikli çemeleşýärler, öňdebaryjy tilsimatlary netijeli peýdalanýarlar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler maksatnamalary we iri taslamalar hem halkymyzyň abadançylygyny we ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Şeýle beýik işleriň amala aşyrylmagy netijesinde Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşi barha ýokarlanýar. Munuň özi ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasat ugrumyzy hem üstünlikli durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär. 

                                                                   

 Sanlar we maglumatlar 

                                                                       

  •  Hasabat döwründe, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,4 göterim artdy.  

                                                                       

  •  Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek-satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 10,5 göterim artdy. 

                                                                       

  •  Daşary söwda dolanyşygynyň möçberi, geçen ýylyň döwrüne garanyňda, 38,6 göterim ýokarlandy. 

                                                                       

  •  Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 106,3 göterim, çykdajy bölegi 97,5 göterim ýerine ýetirildi. 

                                                                       

  •  Býujetiň serişdeleriniň 80,9 göterimi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirildi. 

                                                                       

  •  Iri we orta kärhanalarda ortaça aýlyk zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,4 göterim ýokarlandy. 

                                                                       

  •  Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 7,5 göterim artdy. 

                                                                       

  •  Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini 104,1 göterime, önüm öndürmegiň ösüş depgini 106,5 göterime barabar boldy.