Oba: hyzmat ulgamyndaky özgerişler

Dünýäde ýaňy-ýakynlara çenli senagat we oba hojalyk pudaklary ykdysadyýetiň uly bölegini tutan bolsa, indi bularyň ornuna hyzmat ulgamy geldi: munuň has ösen ýurtlarda bitirýän işi jemi içerki önümiň 70 — 75 göterimini eýeleýär. Şunda bu ulgamyň, dogrusy, tutuş durmuşyň esasyny bilim pudagy tutýar. Globallaşmagyň netijesinde innowasiýanyň täze, has düýpli ýüze çykmasy bolan sanly ulgamyň durmuşa barha giňden we çuňdan ornaşmagy bilen bolsa hyzmat ulgamyna ählumumy ösüşde has agramly paý garaşýar.

Sanly ulgamyň täze-täze hyzmatlary döreýär. Munuň üstesine, daşky gurşawy goramakda ýüze çykýan, özem ähmiýeti barha artýan ekologiýa talaplary hem bu ugurda hyzmatlaryň giňemegine getirer. Onsoňam, ösen bazar ykdysadyýeti şertlerinde kada bolşy ýaly, hususy başlangyçlara «ganat berýän» işewürlik ösüp, telekeçilik hyzmat ulgamynyň bilim we aragatnaşyk, hatda saglygy goraýyş ýaly möhüm ugurlaryna çenli barha içgin aralaşsa gerek. Netijede, bu täze iş bilen meşgullanjak ýokary taýýarlykly hünärmenlere zerurlyk has-da artar. Çünki häzirki ýagdaýda hem hususyýetçilik işi hyzmat ulgamynda esli bölegi tutýar. Bu oňyn ýagdaý indi obalarymyzda hem şeýle. Bu uly özgerişleri Gökdepe etrabynyň mysalynda hem görmek mümkin.

Häzir diňe orta tutum ýa-da aram gerim toýlardaky hyzmatyň görnüşleri 20-ä barýar. Indi gassapdyr etçilerden başlap, tansçylara çenli, işdäaçar taýýarlaýanlardan başlap, toý lybaslarynyň, gap-gaçlaryň dürli görnüşlerini hödürleýänlere çenli, garaz, ähli hyzmat toplumyny internetden hem tapyp bolýar. Şeýle toýlary sowmak üçin ýokarky agzalan hyzmaty edýänleriň 30 — 40-sy gerek. Diýmek, bir toý — azyndan şonça adamyň eklenç çeşmesi. Şeýdibem, toý ýaly oňat şüweleň adamlara iş ornuny hem açyp berýär. Onsoň, bu ugry pişe edinip, rysgal-döwlet tapýanlaryň sany artmak bilen, şunda ýene bir bellemeli zat — muny ýörite iş edinenleriň ussatlygy.

Ir döwürde Gökdepedäki oba hünärment okuw mekdebinde biçimçilikdir tikinçiligi ýaşlara öwretmekde tanymallyga eýe bolan Ejebaý Aşyrowa häzirem bu işi kärendä alan sehinde öwredýär. Ol özüniň dizaýnyny tikinçilikde, toýlary bezemekde giňden ulanýar. Tikinçilik işiniň görnüşiniň juda dürli-dürlüligi sebäpli, ol aýda ýa-da bir günde ýerine ýetirýän işiniň möçberini hasaplamagyň çetindigini aýtdy.

Ozallar «Indi mundan diňe odun bolar diýilýän agaçlary hem kesiji, hem-de ýylmaýjy enjamlardan geçirip, dürli öý goşlaryny we gurluşyk harytlaryny ýasaýarlar. Dellekhana hyzmaty hem barha kämil abzallaryň we dellekçileriň gözellik gözýetimleriniň giňemeginiň hasabyna, ylaýta-da, bazar gatnaşyklarynyň durmuşymyzda örňemegi bilen hil taýdan özgerişlere eýe bolýar. Demirçi ussalar bolsa häzirki zaman dizaýnyndaky «Bul-a kümüş syrça» diýäýmeli poslamaýan demir erňekleri, haşamly üçek serişdelerini dürli-dürli görnüşde, özem agyn zawoddan çykarylan ýaly, birkemsiz, dessin ýasap berýärler.

Ulag-ýol arassaçylygynyň aýrylmaz bölegi bolan ýuwalgalar hem obalaryň ählisinde diýen ýaly bar, ilaty köp ýerlerde bolsa, olaryň birnäçesi işleýär. Şunda hususyýetçiligiň ösendigini görkezýän ýene bir täzelik bar: bu ulgamda ýük ulaglarynyň köpelmegi bilen, olara bolan tehniki hyzmatyň hem hut telekeçiler tarapyndan ýola goýulmagydyr. Düýpli bejergi işlerinden gaýry ähli hyzmatlary indi iki hili, aýry-aýry ussalar tarapyndan ýekebara usulda, hatda dürli hünärli ussalary bir ýere jemleýän toparlaýyn, ýagny edara görnüşinde hem berjaý edilýär.

Aslynda, hyzmatyň ösmegi dürli hyzmaty-da döreder eken. Muňa iki mysal: diňe Gökdepäniň etrap merkeziniň gelim-gidimli ýerlerinde kompýutere tehniki hyzmat edýän ussahanadyr hyzmat nokatlarynyň 3-4-si bar. Tikinçilik hyzmaty bolsa tikin enjamlaryny bejerýän hyzmaty döretdi.

Ynsanyň öz keşbini müdimileşdirmek telwasynyň myrat-hasyl bolýan ýeri — surathanalar-a indi ozal hyýala-da gelmejek derejede ösüp gitdi... «Çynar» surathanasynyň daş-töweregi hem adyna mynasyp: çynar daragtlary has giň ýaýrawa saýa hem gelşik, serginlik we şypa paýlap otyr. Şäheriň merkezindäki gadymy seýilgähiň kybla künjegine täzeçillik bezegini berip oturan bu uly bolmadyk ymaratyň içi mydama adamly: galabasy surat aldyrmaga gelse, ýene birleri resmi hatlaryň göçürmesini alarman. Bular 5 — 15 minut wagtyň dowamynda möhümiňi bitirip goýberýärler, ýöne edil şol mahal şonça adam gapydan girýär.

Telekeçi Rejepgeldi Hydyrow häzirki tehnologiýalar arkaly, bu hyzmatda hem hiliň, hem tizligiň görlüp-eşidilmedik derejä ýetenligine gözli şaýat. Muňa, elbetde, diňe kämil enjam ýeterlik däl, zehin hem gerek, Rejepgeldi suratçynyň diňe gözüniň däl, eýsem, eliniňem «göreçli» bolmalydygyny aýdýar. Hawa, şular ýaly surat ussahanasyny Aşgabatda ençeme ýyl ozal açan bu işewür maşgalanyň telekeçilik taryhynyň başynda agasy Aýdogdy Hydyrowyň durandygyny Rejepgeldi aga biziň ünsümizi çekjek bolýan deýin, bu sözlere agram berip, gaýta-gaýta ýatlady. Sogap iş — halka hyzmat etmek bu maşgalanyň has aňyrdan gelýän ýörelgesi eken. Rejepgeldiniň kakasy Baýram aga adamlara lukmançylyk hyzmatyny eden bolsa, atasy Hydyr aganyň işlän dükanyny ýaşulular şu günem «Hydyr aganyň dükany» diýip ýatlaýarlar...

Surathananyň işi bilen içgin gyzyklanyberseň, bu ýere portret ýasatjaklar, ýerligi dürli materiallara, hususan-da, gap-gaçdyr ýassykdaşylaryna we egin-eşige suratlaryny çykartjaklar hem gelýän eken. Indi maşgala albomy hem ozalkylar deýin, suratlary ýelmäp däl-de, kitapdyr žurnallardaky ýaly usul bilen taýýarlanýan eken.

Indi durmuş tehnikasyny bejermek hyzmatynda hem öňegidişlikler mesaňa görnüp dur. Gökdepe etrap merkezinde ýerleşýän «Elektron» ussahanasy hut ýaňky maksat üçin niýetlenendir.

Indi gözellik salonlary bilen obalylary geň galdyrmak mümkin däl: etrap merkezleri bilen bir hatarda, ulurak ilatly ýerler hem şeýle hyzmatyň gerimini giňeldýär. Dellekçilerden başlap, bezeg-timar beriş işleriniň, toý lybaslarynyň uçdantutma ählisi, biri-birinden gelşikli bezelen gelnaljy, «bäbekçi» ulaglar indi obanyň «özünden önýär». Etraplarda toý mekanlary hem barha köpelmek bilen.

Gökdepe etrabynyň diňe bir obalaryny däl, hatda ekin we öri meýdanlarynyň köp bölegini gurşan, ilaty dünýäden habarly edýän ulgam — internet elýeterli boldy. Etrap merkezindäki «Ak bazaryň» haýsy ýanyndan girseňem, şeýle telefonlaryň dükanydyr ussahanasy uzak gözletmez. Bu ugur boýunça iş alyp barýan dükanlaryň we ussalaryň ýeterlikdigine şol ýere baranyňdan göz ýetirýärsiň. Uly binanyň ikinji gatynda ýerleşýän ussahanada başyny galdyrman işläp oturan ýigitlere ýüz tutanymyzdan, olaryň agras ýüzlüsi bilen gürrüňimiz alşyp gitdi. Batareýalardyr daşky korpusy, ekrany..., garaz, çalyşmaly şaýlaryň ählisini täzeläp bilýän, iň soňky çykan ykjam telefonlaryň işleýşini barlap, olara zerur bolan dürli tehniki hyzmatlary başarýandyklaryna geň galmazça däl: bu — täzelikde dörän hünär. «Muny nirede öwrenýärsiňiz?» diýen sowalymyza Annasapar Nurnazarow elektronika ugrundan ýokary bilimi we tejribäni Türkiýede alandygyny aýtdy. Doganlyk ýurtda dünýä meşhur «Nokia» kompaniýasynyň şereket düzüminde işläp, ýeterlik tejribe toplandan soňra, dogduk mekana dolanypdyr. Ol tehnikanyň we tehnologiýanyň hyýala getirip bolmajak tiz ösýän mahaly şu günki bilýän zadyň ertir könelip ýetişýänligini nazara alyp, öz bilimlerini internet arkaly hemişe ösdürip durýandygyny nygtaýar. Internet forumlaryna girip, kärdeşleri bilen maslahatlaşmagy bu hünäre has kämilleşmegine juda uly ýardam edýär. Şeýdibem, iň soňky täzelikler bilen habarly bolýar. Muny soňra işdeşlerine öwredýär.

Ynsanyň birek-birege hyzmaty diňe bir eklenç çeşmesi däl-de, adamzadyň ahlak gymmatlyklarynyň biri bolsa gerek. Diýmek, bizde guwanmaga, öňe ymtylmaga zat bar. Munuň özi pikirimizi bir ýere jemläre esas bolup, şeýle netijä getirýär: şäherlerde başlanýan düýpli özgerişlikleriň obalara hem baryp ýetmeginiň özi dünýäde we tutuş ýurtda bolup geçýän öňegidişlikleriň hem çuň, hem giň häsiýete eýediginiň buşlukçysydyr. Ýöne bu-da heniz bary däl: ol şol bir wagtda ýeneki ösüşleriň şuglasydyr. Bu şugla döwür bilen aýakdaş bolmak üçin bize öňkülerden-de has saldamly oýlanyp, iň öňdebaryjy ylym-bilimi edinmäge bolan çagyryşdyram. Çünki hyzmat ulgamynyň täze, döwrebap bu şahalarynyň iň soňky gazananlaryny üznüksiz özleşdirip durmak bilen, biz häzirki zaman dünýäsindäki juda tiz-dessin bolýan üýtgeşiklikleri dogry we doly seljerip bileris. Dünýäni has gowy ugra gönükdirmek üçin, ozaly bilen, ynsanyň özi kämillige gol berip, bu ugurda ýeneki belentliklere ýetmeli. Ine, hemişe kämilleşmegiň ýolunda hyzmat ulgamyna degişli işleriň ileri tutulýan ugur bolmagy — tebigy talap hem-de munuň üçin, megerem, ýeke-täk şertdirem.

Hakberdi AMANMYRADOW.

«Türkmenistan».