Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň energetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmak we pugtalandyrmak, täze energiýa ulgamlaryny döretmek, ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. Netijede, Türkmenistanyň energetika senagatynda ýokary ösüş depginleri gazanylýar. Ýurdumyzyň içerki sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek, onuň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça hem uly işler alnyp barylýar.
Döwlet Baştutanymyzyň golaýda sanly ulgam arkaly güýjenmesi 220 kW, uzynlygy 421 kilometr bolan Ahal — Balkan ýokary woltly, iki zynjyrly täze asma elektrik geçirijisiniň işine ak pata bermegi hem şeýle tutumly işleriň nobatdaky güwäsi boldy. Şol bir wagtda, munuň özi Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň barha artýandygynyň özboluşly görkezijisidir. Bu elektrik geçirijiniň işe girizilmegi bilen, ýurdumyzyň halkalaýyn energiýa ulgamynyň birinji tapgyry tamamlandy. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, geljekde onuň Balkan — Daşoguz ugrunyň gurluşyk-gurnama işleriniň durmuşa geçirilmegi bilen, energiýa ulgamyny bir bitewi halka birleşdirmek işi tamamlanar. Bu bolsa islendik howa şertlerinde-de sebitleri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmäge şert döreder. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzyň bu ugurdaky eksport kuwwatyny artdyrmaga-da hyzmat eder.
Gürrüňi edilýän energoulgamyň desgalaryna häzirki zaman programmalarynyň ornaşdyrylmagy işi uzak aralykdan dolandyrmaga mümkinçilik berýär. Beýleki ugurlar bilen birlikde, energetika pudagyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Muňa mysal hökmünde «Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» üstünlikli amal edilendigini görkezmek bolar. Konsepsiýanyň çäklerinde ýurdumyzda 8 sany döwrebap gazturbinaly elektrik stansiýasy gurlup ulanmaga berildi. Bularyň ählisi sebitleriň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarly bolmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine mümkinçilik berdi. Häzirki wagtda Aşgabat — Mary — Lebap — Daşoguz aralygynda elektrik geçirijileri hereket edip, olar bu sebitleriň energiýa ulgamlaryny özara birleşdirýär.
Halkalaýyn energiýa ulgamynyň Ahal — Balkan böleginiň işe girizilmegi iki welaýatyň arasynda elektrik energiýasynyň özara akymyny kadalaşdyrar. Munuň özi Türkmenbaşy şäheriniň, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň hem-de günbatar sebitiň senagat kärhanalarydyr beýleki sarp edijileriniň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrar.
Il-ýurt bähbitli şeýle tutumly işleri durmuşa geçirýän milli Liderimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny arzuw edýäris.
Baýramgül GELDIMÄMMEDOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/45697