Nur paýlaýan desgalar

Bilşimiz ýaly, Ministrler Kabinetiniň geçen ýylyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde milli ykdysadyýetimizde möhüm orun eýeleýän energetika pudagyny ösdürmek, ýurdumyzyň energetika syýasatyna laýyklykda, içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek boýunça öňde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli başlangyçlary esasynda, ýurdumyzda täze elektrik stansiýalaryny gurmak, paýlaýjy ulgamlaryň tehniki ýagdaýyny gowulandyrmak, sebitlerde hereket edýän bitewi energiýa ulgamyny halkalaýyn birleşdirmek babatda hem aýgytly işler dowam etdirilýär. Şunda, ýurdumyzyň beýleki sebitleri bilen birlikde, Daşoguz welaýatynda hem netijeli işler amal edilýär.

Demirgazyk welaýatyň iri senagat kärhanalarynyň biri hasaplanýan «Daşoguzenergo» önümçilik birleşiginde we onuň düzümlerinde şu ýylyň ýanwar aýy üçin göz öňünde tutulan meýilnamalar üstünlikli ýerine ýetirilip, ähli ugurlar boýunça oňat görkezijiler gazanyldy. Öz düzümine 7 sany etrap hem şäher elektrik ulgamlaryny birleşdirýän bu önümçilik birleşiginde sarp edijileriň elektrik energiýasy bilen doly derejede üpjünçiligini ýola goýmak maksadynda, elektrik ulgamlaryna tehniki hyzmat etmek, täze energetika desgalaryny gurmak, bar bolanlarynyň sazlaşykly işlemegini gazanmak babatda zerur çäreler geçirilýär. Birleşigiň hasabynda dürli kuwwatlykly transformator beketleriniň 3400-den, elektrik geçiriji ulgamlaryň bolsa 330-dan gowragy bar. Häzirki wagtda jemi 12 müň 500 kilometrden gowrak elektrik geçirijiler bolup, olaryň 12 müň 300 kilometri howa, galan bölegi hem kabel arkaly geçiriji ulgamlardyr. Birleşige degişli 50-den gowrak elektrik bekedi arkaly sebitiň ilaty, sarp edijiler gije-gündiziň dowamynda elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün edilýär. Welaýatda döwrebap elektrik stansiýasynyň gurlup ulanmaga berilmegi elektrik energiýasy bilen üpjünçilik meselesiniň doly derejede çözülmegine şert döretdi. Kuwwatlylygy 254 megawatdan hem köp bolan, iki sany gaz turbinaly bu stansiýanyň öndürýän energiýasy welaýatyň sarp edijilerinden daşgary beýleki ýurtlara hem berilýär. Sebitde durmuşa geçirilýän özgertmeler bilen baglylykda, geljekde bu elektrik stansiýasynyň ýönekeý dolanyşykdan bug-gaz dolanyşygyna geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Daşoguz welaýatyndaky döwlet elektrik stansiýasynyň gaz turbina desgasyny utgaşykly dolanyşyga geçirmek maksady bilen, köpugurly işler alnyp barylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin bu ýerde täze meýilnamalar işlenip düzüldi. Bu çäreleriň amala aşyrylmagy bolsa tebigy gazy sarp etmezden, goşmaça elektrik energiýasyny öndürmäge, «ýaşyl» energetikany ösdürmek arkaly, daşky gurşawa ýetirilýän zyýanyň möçberini ep-esli azaltmaga, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Täze taslama laýyklykda, güýjenmesi 220 kilowolt, uzynlygy hem 25 kilometre barabar bolan Daşoguz — Daşoguz döwlet elektrik stansiýasy ugry boýunça iki zynjyrly howa elektrik geçirijisini çekmek göz öňünde tutulýar. Maksatnamalaýyn işleriň amala aşyrylmagy bu döwrebap stansiýada öndürilýän elektrik energiýasynyň möçberini has-da artdyrmaga oňaýly şertleri döredýär.

Häzirki wagtda halkalaýyn energoulgamyň Balkan — Daşoguz ugry boýunça ikinji tapgyrda gurluşyk-gurnama işleri ýokary depgine eýe bolýar. Jemi uzynlygy 560 kilometre barabar iki zynjyrly ýokary woltly elektrik geçirijisiniň bu ugrunyň uly bölegi Garagum sährasyny aralap geçýär. Onuň baş maksady ýurdumyzda elektrik energiýasynyň öndürilişini köpeltmekden, ähli welaýatlaryň energiýa ulgamlaryny bitewi energetika halkasyna birleşdirmek arkaly, içerki sarp edijileri energiýa bilen üpjün etmegiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmakdan, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmakdan ybarat. Bu ugurda täze satyn alnan kuwwatly gurluşyk tehnikalary, beýleki gurallar netijeli ulanylýar. Gurluşyga ýurdumyzyň telekeçileri işjeň gatnaşýarlar. Pudakda hereket edýän «Ýedi tolkun» hem-de «Altyn Tug» hususy kärhanalary bitewi ulgamyň Daşoguz ugrunda netijeli işleýärler.

Ýurdumyzyň sebitlerini halkalaýyn ulgama birleşdirýän ýokary woltly howa elektrik geçirijisiniň gurulmagy uly ähmiýete eýedir. Ýokary woltly howa elektrik geçirijisiniň gurluşygy häzirki zamanyň ekologik talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar. Onuň ähli tebigy şertlerde bökdençsiz işlemegi üçin zerur tehniki şertler döredilýär. Şeýle geçirijileriň ýokarsyndan ýyldyrym çakmagyndan sowmaga mümkinçilik berýän ýogyn zynjyr geçirilýär. Şol zynjyrlar ulgamyň bütin ugry boýunça aragatnaşygy amala aşyrmaga hem mümkinçilik döredýär. Dört aýakly kuwwatly sütünleriň mäkäm oturdylmagyna aýratyn üns berilýär.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, şeýle halkalaýyn ulgamyň gurulmagy, tutuş ýurtda bolşy ýaly, demirgazyk sebitiň ilatynyň elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün edilmegini şertlendirýär. Şeýle işler goşmaça elektrik energiýasynyň öndürilmegine, welaýatyň bu senagat kärhanasynyň önümçilik kuwwatynyň artdyrylmagyna täze mümkinçilikleri açýar.

Amanmyrat SAPAROW.

«Türkmenistan».