Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk hem ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş şertlerini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, dürli ugurlara degişli desgalaryň ýüzlerçesi gurlup ulanmaga berilýär. Şeýle desgalary elektrik energiýasy bilen üpjün etmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Mundan başga-da, goňşy ýurtlarda elektrik energiýasyna bolan islegiň yzygiderli artmagy kuwwatly energetika döwleti hökmünde Türkmenistanyň öňünde täze wezipeleri goýýar.
Döwlet Garaşsyzlygymyzy almazdan öň, ýurdumyzda bary-ýogy 4 sany elektrik stansiýasy hereket edip, olar Mary, Büzmeýin döwlet elektrik stansiýalary hem-de Türkmenbaşy we Seýdi ýylylyk elektrik merkezleridi. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda 8 sany elektrik stansiýasy gurlup ulanmaga berildi, müňlerçe kilometrlik asma elektrik geçirijiler çekildi. Netijede, Türkmenistan diňe bir içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen üpjün etmän, eýsem, ony daşary ýurtlara-da eksport edýän kuwwatly energetika döwletine öwrüldi.
Şu ýerde bir zady aýratyn bellemek gerek. «Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda 7 ýyldan gowrak döwrüň içinde pudagyň taryhynda görlüp-eşidilmedik zähmet ýeňşi gazanyldy. Häzirki wagtda bolsa her welaýatda 1000 megawata golaý ýa-da ondan hem ýokary energetika kuwwatlykly düzümler hereket edýär.
2023-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäklerinde birnäçe desgalaryň düýbi tutuldy. Şeýle iri taslamalaryň biri-de Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde gurulýan, bellenen kuwwaty 1574 megawat bolan, utgaşykly dolanyşykda işlejek elektrik stansiýasydyr. Bu döwrebap elektrik stansiýasynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň dünýä meşhur «General Electric» kompaniýasynyň 4 gaz turbinasy we 2 sany bug turbinasy oturdylar. Gaz turbinalaryndan çykýan ýokary temperaturaly ýanan gazlaryň gyzgynlygyny bug turbinalarynda ulanmak arkaly, goşmaça elektrik energiýasynyň öndürilmegi stansiýanyň özboluşly aýratynlygy bolar.
Elektrik stansiýalarynyň zerur bolan möçberi gurlandan soňra, olarda öndürilýän elektrik energiýasyny sarp edijilere ýetirmek üçin asma elektrik geçirijileri zerurdyr. Şu maksatdan ugur alnyp, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň çäklerinde müňlerçe kilometre uzalyp gidýän asma elektrik geçirijileri çekildi, hereket edýänleriniň durky täzelendi. Netijede, halkalaýyn energoulgamyň döredilmegi ýurdumyzyň welaýatlarynyň arasynda elektrik baglanyşygyny döreder, olaryň elektrik üpjünçiliginiň has ygtybarlylygyny üpjün eder, zerur bolan halatynda, elektrik energiýasynyň akymlaryny özara alyşmaga mümkinçilik berer. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzyň dürli künjeklerinden daşary ýurtlara elektrik energiýasyny ibermek üçin tehniki şertler dörär.
Häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda kuwwaty 10 megawat bolan Gün we ýel elektrik stansiýasynyň gurluşygy dowam edýär, Ahal, Daşoguz we Lebap döwlet elektrik stansiýalaryny utgaşykly dolanyşyga geçirmek boýunça netijeli guramaçylyk işleri alnyp barylýar. Bu işler ata Watanymyzyň dünýä ýurtlarynda tebigaty goramak boýunça ýaýbaňlanan giň gerimli çärelere saldamly goşant goşýandygynyň aýdyň mysallarydyr.
Energetika ulgamynda şeýle belent maksatly çäreleriň durmuşa geçirilmegi Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir.
Serdar HOJAGULYÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.