Ýangyç gorlaryna baý ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmek, tebigy gazy dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek, nebitgaz serişdelerini gaýtadan işläp, dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýokary hilli önümleri öndürmek Garaşsyz döwletimiziň alyp barýan energetika strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň eksport kuwwaty ýylsaýyn ýokarlanýar. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklar pugtalandyrylýar we giňeldilýär.
Ýurdumyzda her ýyl geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly halkara maslahat we sergi ýangyç-energetika toplumynyň gazananlaryny giňden görkezmek hem-de degişli ugurda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmek üçin netijeli meýdança bolup durýar. 25-nji oktýabrda açylmagy meýilleşdirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly XXVIII halkara sergi we maslahat hem şol maksatlary ugur edinýär. Forum energetika pudagyny durnukly ösdürmek, dünýäniň energetika ulgamynda soňky ýagdaýlara syn bermek hem-de ýurdumyzyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin mümkinçilikleri giňeltmäge ýardam berer.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň resmi internet sahypasynda habar berlişi ýaly, maslahatda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda amala aşyrylýan täze maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyrylar. Olar ägirt uly «Galkynyş» gaz känini işläp taýýarlamagyň, TOPH gaz geçirijisini gurmagyň, gury ýerde nebiti we gazy çykarmagyň, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ýataklary, gaýtadan dikeldilýän energetikany özleşdirmegiň geljekki tapgyrlaryny öz içine alýar. Uglewodorod serişdelerini gazyp almakda we metan zyňyndylaryny azaltmakda ekologiýa meselelerine aýratyn üns berler.
Ýurdumyzyň energetika pudagy üçin möhüm çäreleriň biri bolan bu giň gerimli forumy «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy «GaffneyCline» britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda guraýar. Onda nebitgaz pudagyny ösdürmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.
Habar berlişi ýaly, halkara forum Aşgabatda dünýäniň nebitgaz kompaniýalarynyň wekillerini, şeýle hem Türkmenistandan we daşary ýurtlardan pudagyň bilermenlerini we ýolbaşçylaryny bir ýere jemlär. Maslahatyň çäklerinde dünýäniň energetika bazaryndaky ýagdaýlara, nebitgazly ýataklary özleşdirmek hem-de Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek mümkinçiliklerine bagyşlanan çykyşlar meýilleşdirilýär.
Sergi ýurdumyzda we dünýäde nebitgaz pudagynyň ösüşiniň häzirki meýillerine laýyklykda, bu ugurdaky iň gowy gazananlaryny görkezer. Ol milli we halkara nebit kompaniýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam eder.
Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň nebitgaz, bank, himiýa we energetika ulgamlarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar meýilleşdirilýär. Munuň özi geljegi uly hyzmatdaşlygyň ugurlaryny we täze maýa goýum taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berer.
Maslahatyň işine we sergä öňdebaryjy halkara energetika kompaniýalarynyňdyr guramalarynyň, dünýäniň esasy maliýe institutlarynyň köpsanly ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Olar halkara hyzmatdaşlygyny we energetika pudagyny durnukly ösdürmäge ýardam etmek boýunça dialogy berkiderler, tejribe alşarlar hem-de Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ösüşine täsir edýän sebit we dünýä meýillerini ara alyp maslahatlaşarlar.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly XXVIII halkara forumyň hyzmatdaşlarynyň hatarynda «Hyundai Engineering Co., Ltd», «Mitro International», «PEL Limited», «Baker Hughes Buried Hill», «Dragon Oil», «Schlumberger», «Yug-Neftegaz» ýaly dünýä belli kompaniýalar bar.
Maslahat bilen ugurdaş guralýan sergä «Dragon Oil», CNPC, «Petronas», «Honhua», «Rosen Group», «Sumitomo», «Tatneft», ENI, «Rönesans», «Schlumberger», «Transneft», «Interpipe», KAMAZ we beýleki meşhur kompaniýalaryň gatnaşmagyna garaşylýar. Söwda-senagat edarasynyň sergi meýdançasynda ýurdumyzyň we dünýäniň nebitgaz pudaklary bilen baglanyşykly täze pikirlerdir wezipeler bilen üsti ýetirilen iň gowy gazananlary görkeziler.
Resul NURGELDIÝEW,
«Watan».