Nebitgaz-himiýa pudagynda täze mümkinçilikler

Türkmenistanyň nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolup, ol nebitgaz toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge, dünýäniň energetika ulgamyna sazlaşykly goşulyşmaga, tebigy baýlyklary oýlanyşykly peýdalanmak maksady bilen, täze bir ugry — nebitgaz-himiýa senagatyny döretmäge gönükdirilendir. Bu ulgamda amala aşyrylýan giň möçberli maýa goýum taslamalary diňe ykdysady taýdan bähbitli bolman, eýsem, sebit we ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda hem möhüm ähmiýete eýedir. 

                                                                   

Nebitgaz-himiýa senagatyny ösdürmekde halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk saklamak Türkmenistanyň ykdysady syýasatyny durmuşa geçirmekde strategik ugur bolup durýar. Önümçilik pudagyna döwlet we daşary ýurt maýalaryny çekmekde yzygiderli işler alnyp barylýar. Şol bir wagtyň özünde, nebitgaz pudagynda ileri tutulýan magdan we gaýtadan işleýän pudaklary ösdürmäge uly möçberde maýa goýumlar gönükdirildi. Gazhimiýa pudagynyň ösdürilmegi bilen, sebitde deňi-taýy bolmadyk zawodlaryň ikisi gurlup ulanyşa berildi. 

                                                                   

2018-nji ýylyň oktýabrynda Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça iri gazhimiýa toplumy açyldy. Bu maýa goýum taslamasy koreý we ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan amala aşyryldy. Toplumyň önümçilik kuwwaty ýylda 5 milliard kub metr tebigy gazy gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýär. Iň kämil tehnologiýalar ornaşdyrylan bu kärhanada her ýyl 300 müň tonnadan gowrak polietilen, 70 müň tonnadan gowrak hem polipropilen öndürilýär. Şu önümleri öndürmek üçin tebigy gazyň düzüminden zerur bolan etan, propan ýaly maddalar alynýar. Gazyň galan arassa 4,5 milliard kub metri ýangyç hökmünde gaz geçiriji ulgamlara akdyrylýar. 

                                                                   

Ahal welaýatynyň çäginde 2019-njy ýylyň iýunynda açylan tebigy gazdan benzin öndürýän zawod dünýäde bu ugurda ilkinji zawod hökmünde «Ginnesiň rekordlar kitabyna» girizildi. Şeýle hem bu iri kärhana ABŞ-nyň daşky gurşawy goramak gaznasy tarapyndan «Ekologiýa taýdan arassa» diýen şahadatnama, Şweýsariýanyň Federal tehnologiýa instituty tarapyndan «Innowasion tehnologiýa» ugry boýunça şahadatnama we nyşana eýe boldy. Zawod ýylda 1 milliard 785 million kub metr gazy gaýtadan işläp, ECO-93 kysymly awtomobil ýangyjynyň 600 müň tonnasyny, şeýle hem arassalanan dizel ýangyjynyň 12 müň tonnasyny we suwuklandyrylan gazyň 115 müň tonnasyny öndürmäge ukyplydyr. 

                                                                   

Ýurdumyzyň nebithimiýa pudagynyň ösdürilmegi ykdysadyýetiň diwersifikasiýa ýoly bilen ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy nebiti, gaz kondensatyny gaýtadan işläp, dürli nebit we nebithimiýa önümlerini öndürmek hem-de olary içerki we daşarky bazarlara ýerlemek işlerini alyp barýar. Zawodlar toplumynyň önümçilik desgalarynyň düzümine nebiti ilkinji we ikinji gezek gaýtadan işleýän desgalaryň birnäçesi girýär. Toplumyň ýokary hilli nebit we nebithimiýa önümleri Ýewropa, Aziýa, Ýakyn Gündogar döwletlerine eksport edilýär. Şeýle hem gurluşyk materiallaryny, senagat we durmuş maksatly täze önümleri öndürmek üçin çig mal, ýarym çig mal we gündelik işlerde taýýar önüm hökmünde ulanylýar. Mysal üçin, «Türkmenturba» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti diametri 20 millimetrden 500 millimetre çenli polietilen we polipropilen turbalar öndürýär. Önümçilik üçin çig mal Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan, şeýle hem polietileniň birnäçe görnüşi, şol sanda ýokary basyşlara çydamly turbalary öndürmekde ulanylýan has dykyz polietilen Gyýanlydaky gazhimiýa kärhanasyndan getirilýär. 

                                                                   

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» ýerine ýetirmegiň Meýilnamasynyň çäginde ýurdumyzyň nebitgaz-himiýa pudagyny ylmy taýdan kämilleşdirmek babatda uly işler alnyp barylýar. Bellenip geçilen zawodlardyr kärhanalaryň kadalaşdyryjy resminamalaryny, önümçilikleriniň tehnologik reglamentlerini, ekologik pasportlaryny, önümçilik galyndylaryny gaýtadan işlemegiň ylmy esaslaryny işläp düzmekde, täze tehnologiýalar boýunça ulanylýan çig mallaryň fiziki-himiki häsiýetlerini öwrenmekde we başga-da dürli ylmy-barlag işlerini geçirmekde maksatnamalaýyn işler ýerine ýetirilýär. Nebitgaz-himiýa senagatynyň önümçilikleriniň doly ylmy esaslary öwrenilip, bu ugurda ýaş hünärmenleri taýýarlamak boýunça hem işler ýola goýuldy. 

                                                                   

Himiýa institutynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda tassyklanan «Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan işewürleriň hem-de telekeçileriň islegleridir buýurmalary esasynda ýerli çig mallaryň hasabyna täze önümçilikleri döretmek, olaryň tehnologiýalaryny işläp düzmek, hereket edýän önümçilikleri döwrebaplaşdyrmak, olarda ulanylýan, daşary ýurtlardan getirilýän çig mallara derek ýerli çig mallary ulanmak boýunça ylmy-barlag, seljerme işleriniň alnyp barylýandygyny hem bellemelidiris. 

                                                                   

Ýurdumyzda ylym ulgamyny ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Himiýa institutynyň alymlary we tejribeli hünärmenleri her ýylyň 12-nji iýunynda bellenilip geçilýän Ylymlar gününe zähmet üstünlikleri bilen barýarlar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak we kämilleşdirmek maksady bilen hormatly Prezidentimiz tarapyndan döredilýän mümkinçilikler iňňän uludyr. Ýokary hilli enjamlar ornaşdyrylan barlaghana otaglary döwrüň we ylmyň talabyny doly kanagatlandyrýar. Ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmakda Himiýa institutynyň alymlary tarapyndan ýerine ýetirilýän ylmy-barlag işleriniň ýurdumyzyň nebitgaz-himiýa senagatyny ösdürmäge goşant goşýandygy buýsandyrýar we täze üstünliklere ruhlandyrýar. 

                                                                                                           

Hallymyrat ATAÝEW,

                       

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň direktory, himiýa ylymlarynyň kandidaty.