Nebitçileriň ýakyn ýardamçylary

 Uglewodorod çig malyna baý ýataklardan alynýan «gara altynyň» we «mawy ýangyjyň» çykarylýan möçberini durnukly artdyrmak milli ykdysadyýetimiziň ýangyç-energetika toplumynyň baş wezipesidir. Bu möhüm işiň üstünlikli amala aşyrylmagyna «Türkmennebit» döwlet konserniniň nebitgaz çykaryş, buraw işleri müdirlikleri bilen bir hatarda, kömekçi kärhanalarydyr beýleki hyzmat ediş gulluklary hem saldamly goşant goşýar. Olar gündelik gelip gowuşýan sargytlar arkaly işläp, konserniň önümçilik düzümlerinde bökdençligiň ýüze çykmazlygyny ygtybarly üpjün edýärler.  

                                                                   

Balkanabatdaky Abatlaýyş-mehaniki zawodyny hem şolaryň hatarynda görkezmek bolar. 1951-nji ýylda ýardam beriji düzümleri bilen işe girizilen bu kärhanada zähmet çekýänler iň bir jogapkärli hünärleriň 30-a golaýyna ussatlarça erk edýärler. Olaryň irginsiz tagallalary bilen, awtoulaglaryňdyr ýöriteleşdirilen tehnikalaryň, önümçilikde ulanylýan desgalaryň we enjamlaryň ätiýaçlyk şaýlaryny ýasamak, taýýar demir önümlerini, metal gurluşlary, ulgamlary, bloklary, rezerwuarlary, dürli göwrümli gaplary, rezin önümleri öndürmek, çoýun, alýumin, bürünç galyndylaryny eredip, zerur ülňülere laýyk guýmak, ýekedaban-basgyç bilen demir önümlerini ýasamak, peç we peç gyzdyryjylary taýýarlamak, hatardan çykan ätiýaçlyk şaýlarydyr dürli enjamlary düýpli abatlap, gaýtadan dikeltmek, dürli kuwwatlykdaky sorujylary abatlamak ýaly juda möhüm işler öz wagtynda nusgalyk derejede berjaý edilýär.  

  Önümçilik bölümlerinde ulanylýan enjamlaryň 150-ä golaý görnüşiniň mydama gurat saklanmagy sargytlaryň öz wagtynda we ýokary hilli bitirilmegine ygtybarly ýardam berýär. Zawodyň hünärmenleri geologiýa-gözleg işlerinde hem-de uglewodorod çig malyny çykarmakda peýdalanylýan buraw desgalaryny, gurallardyr enjamlary, dürli kuwwatlyklardaky sorujylary abatlap, olaryň ulanyş möhletini uzaldýarlar. Bu ýerde nebitgaz çykaryş, burawlaýyş müdirlikleriniň önümçilikde ulanýan enjamlaryny, awtoulaglarydyr ýöriteleşdirilen tehnikalary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny ýasamak we abatlamak, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, gaýry edara-kärhanalaryň, telekeçileriň, Diýarymyzda iş alyp barýan daşary ýurt kompaniýalarynyň sargytlaryny ýerine ýetirmek hem üstünlikli ýola goýulýar. Ýeri gelende aýtsak, şeýle giň mümkinçiliklere eýe bu önümçilik düzümi ýurdumyzyň tutuş nebitgaz toplumynda ýeke-täkdir. Ýene bir bellemeli zat, konserniň beýleki düzümlerindäki, ulanyş möhletiniň geçmegi bilen hatardan çykan alýumin, çoýun, demir, rezin enjamlarynyň kärhananyň bitirýän işlerinde esasy çig mal bolup hyzmat edýändigidir. Olar gaýtadan eredilip, zawodyň öz hünärmenleri tarapyndan taýýarlanýan ýörite galyplarda hem-de ülňülerde zerur harytlyk görnüşine getirilýär.  

                                                                   

Pudakda bar bolan goşmaça mümkinçilikleri ýüze çykarmak, önümçilik çykdajylaryny azaltmak, heniz peýdalanylmaýan içki mümkinçiliklere aýratyn üns bermek, ylaýta-da, daşary ýurtlardan satyn alynýan harytlaryň ornuny tutýan önümleri öz ýurdumyzda taýýarlamak boýunça hormatly Prezidentimiziň tabşyryklary kärhanada öz oňyn çözgüdini tapýar. Zawodda daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň, esasan hem, dürli enjamlaryň ätiýaçlyk şaýlarynyň ornuny tutýan önümleri ýasamak, olaryň hatardan çykanyny gaýtadan dikeltmek ygtybarly ýola goýulýar. Hut şu oňyn ýagdaý konserne, şonuň ýaly-da, kärhananyň sargytçylaryna köp möçberde gyzyl puly tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Bu ýerde ýokary hil derejesinde taýýarlanýan rezin önümleriniň görnüşi 300-den geçýär. Zerur çig maly öz ýerinde gaýtadan işlemekden başlap, şeýle köp görnüşli rezin önümlerini taýýarlaýan önümhana hem milli ykdysadyýetde ýeke-täkdir. Kärhana bitirýän işi, taýýarlaýan dürli ätiýaçlyk şaýlary bilen ýurdumyzda geçirilýän halkara derejedäki sergilere-de yzygiderli gatnaşýar. Şonda daşary ýurtly ugurdaş düzümleriň hünärmenleri bu ugurda kärhanada baý iş tejribesiniň toplanandygyny aýratyn nygtaýarlar. Abatlaýjylar şu günler 2023-nji ýyly hem zähmet üstünliklerine beslemek ugrunda iş depginini has-da ýokarlandyrýarlar. 

                                                                                                           

Hojaberdi BAÝRAMOW.