Nebit önümleri bökdençsiz ugradylýar

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ýokary hilli nebit we nebit-himiýa önümleri taýýarlanylýar. Olar içerki we daşarky bazarlaryň geçginli harytlarydyr.

Ýeri gelende aýtsak, zawodlar toplumy juda gysga döwrüň içinde milli ykdysadyýetimiziň ýangyç-energetika toplumynyň kerwenbaşysyna öwrüldi. Tutuş ýurtda öndürilýän senagat önümleriniň saldamly bölegi ägirt uly mümkinçiliklere we baý önümçilik tejribelerine eýe bolan şu kärhana degişlidir. Bu toplum, dürli kysymly awtomobil benzinlerini, awiasiýa we tehniki kerosinlerini, dizel ýangyjyny, mazudy, çalgy ýaglaryny, polipropileni, peç ýangyjyny, koksy, suwuklandyrylan gazy, gurluşyk, ýol bitumlaryny, nebit we nebit-himiýa önümlerini öndürýär. Köp islegli, ýokary hilli önümleriň öndürilişi bu ýerde ýylsaýyn artýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň geçen ýedi aýynda topluma gelip gowşan 2 million 693,5 müň tonnadan gowrak nebitiň 2 million 672 müň tonnadan gowragy gaýtadan işlenildi. Bu görkezijiler zawodlar toplumynda netijeli işleriň bitirilýändiginden habar berýär. Ýurdumyzyň ýangyç-energetika ulgamynyň bu öňdebaryjy kärhanasynyň önümçilik düzümleriniň yzygiderli täzelenişi başdan geçirýändigi aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Hut şu ýagdaýyň özem önümleriň görnüşleri, hili babatda dünýä nusgalyk işleri bitirmäge, taýýar önümleri içerki we daşarky bazarlara bökdençsiz ýetirmäge giň mümkinçilikleri açýar. Bu ugurda gazanylýan oňyn netijelerde toplumyň Hazar deňziniň ýakasyndaky «Kenar» toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň hünärmenleriniň çekýän tutanýerli zähmeti öwgä mynasyp. Baýry kärhanada bir asyrdan-da köp wagt bäri taýýar nebit önümlerini kabul etmek, saklamak, içerki hem-de daşarky bazarlaryň sarp edijilerine ugratmak işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Diňe bir şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda «Kenar» kärhanasyndan müşderilere ugradylan nebit önümleriniň umumy möçberi 42 million 492 müň tonnadan hem geçdi. Şonuň 1 million 204 müň tonna golaýy dünýä bazarlaryna ugradylypdyr. Içerki bazarlarda ýerleşdirilen taýýar harytlyk önümleriň möçberi 2,5 million tonna golaýlaýar.

Bu ýerde öňden bar bolan iki sany nebit önümleri guýulýan gämi duralgasynyň işläp ýörenine hem ýarym asyrdan-da köp wagt geçipdir. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde ol duralgalarda abatlaýyş, täzeden enjamlaşdyryş işleri yzygiderli geçirilipdir. Häzirki wagtda bu ýerde ýük göterijiligi bäş müň tonna barabar bolan tankerler bökdençsiz kabul edilýär. Ýakyn wagtlarda bu ýerde täze, häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän duralgany gurmak hem göz öňünde tutulýar. Üç ýyl mundan öň bu kärhananyň düzüminde nebit önümlerine niýetlenen, awtomatlaşdyrylan demir ýol estakadasynyň gurlup, işe girizilmegi zawodlar toplumyndaky täzelenişiň mynasyp dowam etdirilýändigini açykdan aýdyň subut edýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde zawodlar toplumynda yzygiderli gurlup, önümçilige tabşyrylýan her bir täze desga ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda möhüm ädim bolýar. Goýberiş-sazlaýyş işleri ýokary derejede awtomatlaşdyrylan bu häzirki zaman desgasynyň ýyllyk kuwwaty 3 million 850 müň tonna dury nebit önümlerini sarp edijilere öz wagtynda, bökdençsiz ýükläp ugratmaga niýetlenilendir.

Kuwwatlylygy we ählitaraplaýyn netijeliligi bilen tapawutlanýan demir ýol estakadasynda nebit önümleri demir ýol çeleklerine görnüşleri boýunça bellenilen mukdarda guýulýar we olaryň her biriniň agramy elektron terezi arkaly ölçenilip, degişli resminamalar sarp edijileriň salgylary boýunça awtomatlaşdyrylan usulda resmileşdirilýär. Bu ýerde çeleklere önüm guýlanda emele gelýän buglary ýygnamagyň hasabyna her ýylda 300 tonnadan gowrak benzin ýitgisiniň, şonuň bilen birlikde-de daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňüni almaga doly mümkinçilik bar.

— «Kenar» toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanamyzda bitirilýän işler biziň ýurdumyzdan daşarda hem uly ähmiýete eýedir. Çünki kärhanamyz ýükleriň üstaşyr geçirilmegini hem üstünlikli alyp barýar. Bize daşary ýurtlardan deňiz arkaly gelýän nebit önümleri demir ýol çeleklerine guýlup, niýetlenen ýurtlara üstaşyr iberilýär. Biziň işimizde sähel haýal-ýagallyga ýol berilmeýär. Hünärmenlerimiz öz işine juda jogapkärli çemeleşýärler. Kärhanamyzda häzirki wagtda taýýar nebit önümleriniň gämilere ýüklenýän iki sany nokady hereket edýär. Ýakyn geljekde şeýle möhüm nokatlaryň ýene birini gurmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi kärhanamyzyň işleriniň has-da ilerlemegine täsirini ýetirer. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda gazanýan netijelerimiz bolsa Gahryman Arkadagymyzyň biz barada edýän taýsyz tagallalaryna mynasyp jogabymyzdyr — diýip, «Kenar» toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň nebit önümlerini göndermek boýunça bölüminiň başlygy Annamyrat Orazow buýsanç bilen aýdýar.

Hojaberdi BAÝRAMOW.

«Türkmenistan». Surata düşüren Andreý PAKULOW.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/37016