Nah ýüplüklere isleg artýar

Bäherden etrabynyň merkezinde ýerleşýän ýüplük fabrigi Ahal welaýatyndaky ugurdaş kärhanalaryň iň irileriniň biridir. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda gurlup, işe girizilen kärhanada geçen ýyllarda öndürilen nah ýüplükler dünýä bazarynda uly meşhurlyga we islege eýe boldy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda kärhananyň önümçilik gadamlary has-da batlanýar. 

                                                                   

Ýurdumyzyň dokma senagatynyň önümleriniň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmagy, içerki bazary ýokary hilli önümler bilen üpjün etmäge, bar bolan çig mal serişdelerini gaýtadan işlemegiň hasabyna pudagyň girdejilerini artdyrmaga mynasyp goşantlaryny goşýan fabrigiň işçi-hünärmenleri işlemek üçin döredilýän şertlerden we mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýarlar, her bir iş gününiň netijeli görkezijilere beslenmegini gazanýarlar. Olaryň agzybirlikli zähmeti bilen, fabrikde önümçilik meýilnamalary aýma-aý üstünlikli ýerine ýetirilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ýanwar — mart aýlarynda bu ýerde 24 million 860 müň manatlyga golaý nah ýüplügiň öndürilmegi hem-de geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu baradaky ösüş depgininiň 101 göterim üpjün edilmegi hem guwandyryjy görkezijidir. 

Diýarymyzyň dokma pudagynyň kärhanalarynyň arasynda öňdebaryjylaryň birine öwrülen bu fabrikde daýhanlarymyz tarapyndan ýetişdirilen «ak altynyň» gaýtadan işlenilmegi arkaly alnan süýümler esasy çig mal bolup hyzmat edýär. Häzirki wagtda şol süýümlerden ýokary islegli, bäsleşige ukyply nah ýüplügiň günde ortaça 16-16,5 tonnasy öndürilýär.  

                                                                   

— Nah ýüplügiň hili ýokary bolsa, ondan öndürilýän matalar hem berk, hem hyrydarly bolýar. Şoňa görä-de, kärhanamyzda önümçilik işinde ýokary hilli çig mal ulanylýar, olardan dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýüplükler öndürilýär. Önümçilik bölümlerine ornaşdyrylan kämil enjamlar 27/1, 34/1, 51/1 belgili ýüplükleri öndürmäge mümkinçilik berýär. Bu görnüşli ýüplüklere daşarky bazarda isleg has ýokary. Üstümizdäki şanly ýylyň başyndan bäri kärhanamyzda öndürilen 27/1, 34/1 belgili nah ýüplügiň esasy bölegi Russiýa, Hytaýa, Türkiýä, Azerbaýjana, Gazagystana eksport edildi — diýip, fabrigiň hünärmeni, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Hydyr Gulow aýdýar. 

                                                                   

Kärhanada zähmet çekýän işçi-hünärmenleriň aglabasy ýaşlar. Olar daraýjy, lenteleýji, tow beriji, egriji we saraýjy ýaly önümçilik bölümlerinde agzybirlikde zähmet çekip, häzirki zaman kämil enjamlaryny ussatlarça dolandyrýarlar. Ýaşlar önümçilik işinden başga-da, fabrikde geçirilýän medeni-köpçülik çärelerine hem işjeň gatnaşýarlar. Dokmaçy ýaşlaryň arasynda welaýat, döwlet derejesinde guralýan hünär bäsleşiklerinde ukyp-başarnygyny görkezip, üstünlikli çykyş edýärler.  

                                                                                                           

Aýdo ŞEKEROW.