Türkmenistan ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerini artdyrýar

Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanda ulag-kommunikasiýa ulgamynda demir ýol, awtomobil, deňiz, howa ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylýan giň möçberli milli maksatnamalary we hereket edýän ulag geçelgelerini giňeltmek, sebit we dünýä söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylmagyna kuwwatly itergi berjek täze geçelgeleri döretmek babatda giň gerimli işler durmuşa geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda başy başlanan il-ýurt we dünýä ähmiýetli işler Arkadagly Serdarymyzyň parasatly öňdengörüjiligi bilen täze röwüşde dowam etdirilýär.  

                                                                   

18-nji iýulda ak şäherimiz Aşgabatda Ýewraziýada üstaşyr ulag hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga bagyşlanan «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş» atly maslahat öz işine başlady. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde guralan we iki günläp dowam eden bu foruma ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, bilermenler, maýadarlar, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. 

                                                                   

Foruma gatnaşyjylaryň hatarynda «Vitol», «Meno Logistics», «Boeing», «Dragon Oil», «Fly Dubai», «Airbus», «Cargo Lux» halkara logistika we ekspeditorçylyk kompaniýalarynyň, Howa Ulaglarynyň Halkara Assosiasiýasynyň (IATA), Halkara gämiçilik edarasynyň (ICS), Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU), Merkezi Aziýada «USAID» maksatnamasynyň wekilleriniň bardygyny bellemek has-da buýsançly. Maslahatyň mejlislerine hem-de pikir alyşmalaryna halkara guramalarynyň we maliýe edaralarynyň, BMG-niň, ÝHHG-niň, Bütindünýä bankynyň, Aziýanyň Ösüş bankynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalaryň wekilleri hem gatnaşdylar. 

                                                                   

Adaty görnüşde hem-de sanly ulgam arkaly geçirilen maslahatyň iş maksatnamasy «Pandemiýadan soňky döwürde ulag-logistika toplumynyň dikeldilmegi: täze howplar we mümkinçilikler» atly plenar mejlisi hem-de «Ulag-kommunikasiýa toplumynyň sanlylaşdyrylmagy. Geljege nazar», «Durnukly ulagyň ekologik jähetleri. «Ýaşyl» infrastrukturanyň ösdürilmeginde döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň orny», «Ulag-kommunikasiýa toplumynyň ösdürilmeginde ylmyň we bilimiň orny» atly üç sany iş mejlisini özünde jemledi. 

                                                                   

Maslahatyň birinji gününde Halkara ulag diplomatiýasy merkeziniň Ýerine ýetiriji sekretary I.Runow, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary D.Mariýasin, BMG-niň Aziýa – Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň ulag, ulag-aragatnaşyk we logistika, ykdysady bölümleriniň ýolbaşçysy F.Kormilisin, Halkara Ulag Assosiasiýasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekili sanly ulgam arkaly gutlag sözleri bilen çykyş etdiler. 

                                                                   

Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar ulag hyzmatlarynyň dünýä bazarynyň ýagdaýy, ýük akymlarynyň ugurlary we ösüşi, ulagyň ähli görnüşiniň netijeliligini hem-de bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň mümkinçilikleri, Ýewraziýada halkara gatnawlara goşulyşmak we olaryň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak şertlerinde Türkmenistanyň üstaşyr ulag kuwwatynyň netijeliligini ýokarlandyrmakda awtomobil hem-de howa ulagynyň eýeleýän orny, töwekgelçilikleri gözegçilikde saklamak, logistik çykdajylary hasaba almak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. 

                                                                   

Türkmenistan öz ulag-kommunikasiýasyny ösdürmek, Ýewropa – Kawkaz – Aziýa (TRACECA) ulag geçelgesi boýunça ýük akymlarynyň artdyrylmagy üçin çäk taýdan amatly ýerde ýerleşýär. Ýurdumyzyň TRACECA taslamalaryna gatnaşmagy onuň sebitiň möhüm ulag halkasy derejesini pugtalandyrmak, şeýle-de iň täze ulag tehnologiýalaryny ornaşdyrmak maksady bilen, goşmaça çäreleri iş ýüzünde yzygiderli amala aşyrmaga täze mümkinçilikleri açar. 

                                                                   

Halkara hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, Türkmenistanyň ähli ýurtlaryň we halklaryň düýpli bähbitlerine gabat gelýän giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlary öňe sürýändigi, olary durmuşa geçirmek boýunça anyk işleri amala aşyrýandygy nygtaldy. Şu gezekki maslahat munuň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

Foruma gatnaşyjylaryň çykyşlary tanyşdyrylyşlar bilen utgaşdyryldy. Munuň özi ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça beýan edilen teklipler bilen has içgin tanyşmaga mümkinçilik berdi. 

                                                                   

Maslahatyň çäklerinde Halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Eýran Yslam Respublikasynyň, Katar Döwletiniň, Oman Soltanlygynyň, Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Hökümetleriniň arasynda Ylalaşygyň (Aşgabat Ylalaşygy) Işçi komitetiniň üçünji mejlisi, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Gyrgyzystan – Özbegistan – Türkmenistan – Eýran we Täjigistan – Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Türkiýe ulag geçelgeleri boýunça birinji iş duşuşygy hem geçirildi. 

                                                                   

Maslahatyň ikinji gününde ulag-kommunikasiýa toplumynyň ösdürilmeginde ylmyň we bilimiň orny, bu ulgamlarda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly meselelere seredildi. Şeýle-de forumyň çäklerinde sylaglaýyş dabarasyny geçirmek, özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga, onuň netijeli görnüşlerini işläp taýýarlamaga, ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen resminamalara gol çekildi.  

                                                                                                           

«Bereketli toprak».