Mümkinçilikler. Hyzmatdaşlyk. Ösüş

Giň hem ýagty zalyň içini bezeýän biri-birinden owadan pawilýonlardaky dürli görnüşli önümleri, tehniki serişdeleri, innowasion tehnologiýalary içgin synlap, ilik-düwme öwrenýän köp sanly daşary ýurtly hünärmenleriň, žurnalistleriň hem-de ildeşlerimiziň türkmen, iňlis, rus dillerindäki gyzykly söhbetleri, baýramçylyga mahsus ruhubelentlik çaýýar. «Türkmenistanyň nebiti we gazy ― 2022» atly halkara maslahatyň we serginiň çäklerinde 26 ― 28-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda guralan çäre ýokary ruhubelentlikde geçdi. Däbe öwrülen sergä şu ýyl ýurdumyzyň nebitgaz senagaty pudagynda iş alyp barýan kärhanalardyr hususy düzümler bilen birlikde, dünýäniň ondan gowrak döwletiniň kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdy. Halkara sergä gatnaşyjylar bilen söhbetdeşlikde Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň barha artýan mümkinçilikleri hem-de sebitde energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň täze gözýetimleri bilen baglanyşykly sowallarymyza jogap tapdyk. 

                                                                   

 — Ýurdumyzyň nebitgaz senagaty pudagynyň öňdebaryjy kärhanalarynda nähili üstünlikler gazanylýar? 

                                                                   

 Ýaňyl HAÝYTBAÝEWA,
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar
toplumynyň sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we
maglumat howpsuzlygy gullugynyň hünärmeni:
 

                                                                   

— Hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň nebitgaz senagaty pudagy uly ösüşlere eýe bolýar. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda soňky ýyllarda dünýä standartlaryna laýyk gelýän önümleriň öndürilişi artýar. Ine, şu ýyl hem zawodlar toplumynda polimer önümleriniň täze görnüşleriniň, gämi ýangyjynyň, EKO-5 görnüşli dizel ýangyjynyň, «Turkmen Oil Advance 5W40» motor ýagynyň we beýlekileriň önümçiligi ýola goýuldy. Bu önümler diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem uly islegden peýdalanýan harytlardyr. Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmek boýunça tagallalary pudagyň işgärlerini täze üstünliklere ruhlandyrýar. 

                                                                   

 *** 

                                                                   

 — Ýerli uglewodorod çig malyndan importyň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümleri öndürmekde hususyýetçileriň nähili paýy bar? 

                                                                   

 Serdar HOMMADOW,
«Geljege miras» hususy kärhanasynyň esaslandyryjysy:
 

                                                                   

― Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, nebitgaz senagatynda hem hususy düzümleriň üstünlikli işleýändikleri guwandyrýar. «Geljege miras» hususy kärhanasynda hormatly Prezidentimiziň importuň ornuny tutýan hem-de eksporta niýetlenen önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça wezipeleriniň ýerine ýetirilmegine mynasyp goşant goşmak ugrunda netijeli işler ýola goýuldy. Häzirki wagtda biz ýerli çig maldan polimer önümleriniň 15 görnüşini, çalgy ýaglarynyň 6 görnüşini öndürýäris. Olar diňe bir içerki bazarda satuwa çykarylman, eýsem, Russiýa Federasiýasy, Belarus Respublikasy, Özbegistan, Owganystan, Gyrgyz Respublikalary ýaly ýurtlara-da eksport edilýär.  

                                                                   

 *** 

                                                                   

 — Daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň halkara forumyň ähmiýetine berýän bahasy nähili?  

                                                                   

 Albert MEHTIÝEW,
«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan)» kompaniýasynyň wekili:
 

                                                                   

― Biz «Türkmenistanyň nebiti we gazy ― 2022» atly halkara maslahata we sergä ençeme ýyl bäri gatnaşyp gelýäris. Onuň hemişe-de örän ýokary derejede geçirilýändigini bellemelidiris. Şu ýylky halkara foruma-da şeýle häsiýet mahsus. Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagyny ösdürmäge uly ähmiýet berýär. «PETRONAS Çarigali» indi 25 ýyldan gowrak wagtdan bäri türkmen bazarynda iş alyp barýar. Şol döwürde iri maýa goýum taslamalarynyň birnäçesi durmuşa geçirildi. Biz Türkmenistanyň hem-de Malaýziýanyň halklarynyň bähbidine gönükdirilen hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýäris. 

                                                                   

 *** 

                                                                   

 — Pudak üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda hyzmatdaşlygyň nähili mümkinçilikleri bar? 

                                                                   

 Oliwer IK,
«ISE Energy Training» kompaniýasynyň (Beýik Britaniýa) dolandyryjy direktory:
 

                                                                   

— Biziň kompaniýamyz Beýik Britaniýanyň Braýton şäherinde ýerleşip, nebitgaz pudagynda işleýän hünärmenler, iş dolandyryjylar hem-de wezipeli adamlar üçin hünär kämilleşdiriş okuwlary boýunça hyzmatlaryny hödürleýär. Biz Aşgabat şäherinde 2018-nji ýyldan bäri iş alyp barýarys we ýurduň nebitgaz senagatyndaky düzümler hem-de Türkmenistanda işleýän beýleki döwletleriň kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edýäris. Men Türkmenistanda ilkinji gezek 2019-njy ýylda bolup, nebitgaz pudagyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşdym. Şu ýyl bolsa şeýle çärä ikinji gezek gatnaşýaryn hem-de onuň guramaçylyk derejesiniň örän ýokarydygyny, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze mümkinçilikleri üçin ajaýyp meýdançadygyny bellemek isleýärin. 

                                                                                                           

Ýazga geçiren Ahmet GELDIÝEW,

                       

«Watan».