Welaýatyň ykdysadyýetinde himiýa pudagy häzir düýpli ösüşleri başdan geçirýär. Şunda «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Guwlyduz» kombinatynda bitirilýän işler aýratyn öwgä mynasypdyr. Tutuş Diýarymyzda öndürilýän duzuň ähli möçberleri bu ýerde taýýarlanýar. Kärhanada üstümizdäki ýylyň geçen ýedi aýynda bu mukaddes önümiň jemi 56 müň 146 tonnadan gowragy gazylyp alnyp, bellenilen meýilnama 103 göterimden hem köp amal edildi. Gürrüňi edilýän döwürde däneli duz taýýarlamagyň meýilnamasy bolsa 105,3 göterim berjaý edildi.
Kombinatyň hünärmenleriniň Hazar deňziniň kenarlarynda iş alyp barýan meýdançasy diňe biziň ýurdumyzda däl, eýsem, tutuş dünýäde duzuň iň köp gorlarynyň jemlenen mesgenleriniň biri hasaplanýar. Çig mal gorlarynyň mukdary 40 million tonnadan hem geçýän «Guwlyduz» kombinaty duz çykarmakda sebitde birinji, tutuş dünýäde bolsa dördünji orny eýeleýär. Bu baýlyklar mesgeninden alynýan nahar duzuny ýodlaşdyrmagyň ymykly ýola goýulmagy milli Liderimiziň öz mähriban halkynyň saglygyny ähli zatdan ileri tutýandygynyň misilsiz güwäsidir.
Soňky ýyllarda kärhananyň maddy-tehniki binýady täze awtoulaglaryň, dürli maksatly ýörite tehnikalaryň we kämil enjamlaryň hasabyna has berkidildi. Bu bolsa önümçilik görkezijileriniň hem-de öndürilýän önümiň hiliniň has ýokarlanmagyna düýpli täsir etdi. Bu ýerde diňe bir şu ýylyň geçen ýedi aýynda ýaraşykly gaplarda ilata ugradylan 11,3 müň tonna golaý nahar duzy dünýä ülňülerine laýyk derejede ýodlaşdyryldy.
Ýokary hilli ýüplükler
Serdar şäherindäki «Balkandokma» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde önümçiligiň häzirki zaman tehnologiýasy esasynda ýokary hilli, dürli ölçeglerdäki sapaklar öndürilýär. Toplumyň bölümlerinde taýýarlanylýan dürli ölçegli, dünýä hil ülňülerine laýyk gelýän nah ýüplükler bu gün diňe bir içerki bazaryň däl, eýsem, Türkiýäniň hem-de Ýewropa ýurtlarynyň bazarlarynyň hem iň bir islegli harytlary bolup durýar. Kärhanada zähmet çekýän ýaşlaryň agramly böleginiň gelin-gyzlardygy bolsa aýratyn bellärliklidir.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň geçen ýanwar — iýul aýlarynda toplumda 2 müň 740 tonna ýokary hilli nah ýüplükler taýýarlanylyp, önümçiligiň ösüş depgini geçen ýylyň hasabat döwri bilen deňeşdirilende, 132 göterime barabar boldy.
Gürrüňi edilýän döwürde sarp edijilere ýetirilen nah ýüplükleriň pul hasabyndaky möçberi 47 million 680 müň manatlykdan hem geçendigi bellärliklidir. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwründäkisinden 26 million manatlykdan hem köpdür. Bu görkezijiler balkanly dokmaçylaryň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna önjeýli goşant goşmagy başarýandyklaryna güwä geçýär.
Hojaberdi BAÝRAMOW.
(Öz habarçymyz).
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/37605