Möwsümde bökdençlik bolmaz

Ussat, janypkeş daýhanlarymyz ýurdumyzyň gymmatly baýlygy bolan «ak altynyň» öndürilişini artdyrmak ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Olaryň bilelikde edýän tagallalarynyň ýerine düşýändigine her ýylyň ýygym möwsüminde peýda bolýan köpsanly, belent-belent pagta harmanlaryny synlanyňda hem magat göz ýetirip bolýar. Ene topraga hyzmat edýän janypkeş adamlaryň köp zähmeti siňen gymmatly çig maly bökdençsiz kabul edip almak, abat ýagdaýda saklamak, arassalamak we gaýtadan işlemek hem-de olardan bazarlarda geçginli harytlyk önümleri öndürmek işleri ýokary derejede ýola goýulýar. Bu möhüm işe Halaç etrabyndaky Garabekewül tohumlyk pagtany gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen kärhananyň işgärleri hem ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Olar ýetip gelýän pagta ýygym möwsümini taýýarlykly garşylaýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen ulanylmaga berlen, häzirkizaman enjamlary oturdylan kärhanada işler barha ilerleýär. Geçen sanlyja ýyllarda bu ýerde kärine kämil, çylşyrymly enjamlary ýokary öndürijilikli işletmäge ukyply hünärmenler ýetişdi. Olar ozal özleri üçin nätanyş bolan dürli hünärleri gysga wagtda başarjaňlyk bilen ele aldylar. Şeýle adamlaryň birleşen tagallalary arkaly ýylyň-ýylyna gowy önümçilik görkezijileri gazanylýar.

— Kärhanamyzda üstümizdäki ýylyň başyndan bäri çig malyň 10,2 müň tonnadan gowragy gaýtadan işlenildi. Şonuň netijesinde pagta süýüminiň 3 müň tonnasy, çigidiň 5,8 müň tonnasy we beýleki önümler öndürildi. Biziň kärhanamyzda, adyndan belli bolşy ýaly, tohumlyk gowaça çigidi hem taýýarlanylýar. Ýylyň geçen döwründe şeýle önümiň 2,2 müň tonnadan gowragy öndürilip, pagtaçylara berildi. Daýhanlara ekiş üçin berilýän tohumlyk çigidiň gowy hilli bolmagy bolsa ahyrky netijede bize gelip gowuşýan hasylyň bol, hiliniň ýokary bolmagyna uly ýardam berýär. Biz şeýle kämil kärhanany gurduryp berendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirýäris — diýip, kärhananyň maliýe-ykdysadyýet boýunça baş hünärmeni Tawus Ymamgulyýewa höwes bilen gürrüň berýär.

Kärhanada geçen ýylyň hasylyny gaýtadan işlemek bilen baglanyşykly işler irki möhletlerde üstünlikli tamamlandy. Bu oňyn ýagdaý önümçilik bölümlerini täze hasyly arassalamaga taýýarlamaga irgözinden girişmäge mümkinçilik berdi. Käbirleriniň: «Kärhana täze gurlan bolsa, ony möwsüme taýýar etmek üçin alada etmek nämä gerek?» diýmegi-de mümkin. Şeýle sowal bu önümçiligiň ýagdaýyny, işiniň aýratynlygyny bilmeýän adamlarda döräp biler. Ýöne islendik kärhanada, onda-da çig mallary gaýtadan işleýän önümçilikde abatlaýyş, tehniki hyzmat ediş işlerini geçirmek hökmany talaplardyr. Bu işleriň ýokary hilli geçirilmegi geljekde döräp biläýjek bökdençlikleri aradan aýryp, önümçiligiň sazlaşykly işini gazanmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hakykatdan ugur alýan kärhananyň hünärmenleri möwsümara abatlaýyş işlerini talabalaýyk geçirmäge jogapkärli çemeleşdiler. Netijede işler bellenilen möhletinde, gowy hil derejesinde ýerine ýetirildi.

Daşary ýurtlaryň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ygtybarly we ýokary öndürijilikli enjamlary oturdylan kärhanada öz käriniň hakyky ussatlary yhlas bilen işleýärler. Önümçilik boýunça gazanylýan ýokary netijelerde baş mehanik Agajan Aşyrowyň, çalşyk ussalary Şöhrat Babalyýewiň, Agajan Şaýyýewiň, operatorlar Atajan Akmuhammedowyň, Röwşen Kyýaýewiň, süýümi basyjylar Döwran Aganyýazowyň, Kuwwat Joraýewiň we beýlekileriň saldamly zähmet paýlary bar. Olaryň gowy göreldesi kärhananyň beýleki işgärleriniň arasynda giň goldawa eýe bolýar.

Ýeri gelende, bu ýerde işleriň gyzgalaňly döwründe dürli hünärli işgärleriň iki ýüze golaýynyň el-ele berip, agzybirlik bilen zähmet çekýändigini kärhananyň ýolbaşçylary aýdýarlar. Ine, şol gyzgalaňly günler hem ýetip gelýär. Hormatly Prezidentimiz Hökümetiň 2-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde pagta ýygymyna 8-nji sentýabrda başlamaga ak pata berdi. Işleriňiz şowly, harmanlaryňyz belent bolsun, ussat gaýtadan işleýjiler!

Mämmet GYLYJOW.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/39591