Sebitleýin ösüş: giň mümkinçilikler we möhüm wezipeler

Balkan welaýaty:  

                                                                   

 4. Hazar — täsin janly dünýä 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmagyň çäklerinde, azyk garaşsyzlygyny has-da pugtalandyrmak, şol sanda balykçylygy ösdürmek boýunça hem düýpli işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň balykçylyk pudagynyň ösüş babatdaky görkezijileri dolulygyna hususy taraplaryň işjeňlik derejesine esaslanýar. Ilatyň balyk we balyk önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyrmak, şol bir wagtda importyň möçberini azaltmak hem-de balyk önümleriniň eksportyny artdyrmak öňde duran möhüm wezipelerdir. Ýurdumyzyň içerki bazarlaryny balyk we balyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek üçin balyklar emeli suw howdanlarynda ösdürilip ýetişdirilýär, ony senagat taýdan gaýtadan işlemek işleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Ilatymyzy balyk we balyk önümleri bilen üpjün edýän esasy tebigy suw howdanlarynyň biri-de Hazar deňzidir.  

                                                                   

Deňiz howdanynyň göwrümi 3,5 million kub metre deň bolup, oňa irili-ownukly derýalaryň 130-sy öz suwuny guýýar, umumy akwatoriýasynyň 2049 kub metr meýdanynda 30-dan gowrak ada ýerleşýär. Hazar deňziniň tebigy we biologik baýlyklaryny peýdalanmak boýunça Hazarýaka döwletler bolan Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň arasynda baglaşylan Ylalaşyk bu ugurda binýatlaýyn resminama hökmünde çykyş edýär. Hazar deňziniň ösümlik we haýwanat dünýäsi baýdyr, biologik görnüşleriň 2543-si hasaba alnandyr. Olaryň 733-si ösümlik, 1810-sy hem haýwanat dünýäsine degişlidir. Olaryň arasynda seýrek duş gelýän guşlar, bentos, plankton ýaly jandarlar-da bar.  

                                                                   

Ýurdumyzyň içerki suw howdanlarynda, Hazar deňziniň türkmen bölegini hasaba almak bilen, 14 biologik toparyň, 20 maşgalanyň we 63 ugruň wekilleri, hususan-da, tegelek agyzlylaryň 1 we balyklaryň 96 görnüşi hasaba alyndy. Deňziň çäginde olaryň 83 görnüşi ýaşaýar, 4-si bolsa Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Hazarda balyklar maşgalasyndan hazar külkesi, ançous külkesi, ulugöz külkesi, hazar ýylanbalygy, hazar gara ölegen balygy, hazar maňňalçasy, hazar müňňürdisi, azatmahy, süňkleklerden garabalyk, kepir, ýylanbaş, kefal, çapak, takgaz, rus bekre, pars bekre, söp, tirana, doky, hazar iňňe balygy, hazar pöwdesi, çüýbalyk ýaly görnüşleri has ýaýrandyr. Deňizde olaryň ýeterlik ätiýaçlyk gorlary bardyr.  

                                                                   

Balkan sebitiniň ýumşak howa şertleri bu görnüşleriň tebigy gorlaryny emeli usulda köpeltmäge hem-de janly ýagdaýda harytlyk üçin ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýär. Ihtiolog alymlaryň bellemegine görä, bekre (tirana) balygynyň uly gorlary Hazar deňzindedir. Bu ýerden dünýä boýunça senagat möçberinde bekre balygynyň 90 göterimi awlanýar. Deňziň biologik köpdürlüligini gorap saklamak, bekre balygynyň tebigy taýdan köpelmegine ýardam bermek esasy maksatlaryň biridir.  

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, bekreler maşgalasy balygyň iň irki görnüşleriniň biri hasaplanýar. Ol özüniň iýmitlik gymmaty boýunça we sanynyň azalmagy bilen goralmaga degişli edildi hem-de Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi. Ýurdumyzda bu gymmatly jandarlary emeli şertlerde köpeltmek we tebigy deňiz ýaýrawyna goýbermek boýunça toplumlaýyn çäreler ýola goýulýar. Bekre balygynyň has gymmat görnüşlerini ýörite howdanlarda köpeltmek hem-de ösdürip ýetişdirmek, tebigy deňiz şertlerine uýgunlaşdyrmak we deňiz ýalpaklygyna goýbermek maksat edinilýär. Munuň özi Hazarda bekräniň baş sanyny gorap saklamaga we onuň ýitip gitmek howpunyň öňüni almaga mümkinçilik berýär.  

                                                                   

Soňky döwürde Hazar deňziniň türkmen böleginiň bioserişdelerini we ekoulgamyny goramaga, jandarlaryň görnüşlerini köpeltmäge ylmy taýdan düýpli öwrenmäge möhüm ähmiýet berilýär. Häzir welaýatda ornitologiýa barlaghanalary işleýär, şeýle-de köp sanly hojalyk kärhanalarynda balyk önümçiliginiň gerimi yzygiderli giňeldilýär. Şeýle işler balyklary öňdebaryjy ylmy we tejribeler esasda köpeltmäge, bu berhizlik önümiň daşary ýurtlardan satyn alynýan görnüşlerini we möçberini ýerli önümler bilen çalyşmaga mümkinçilik döredýär.  

                                                                   

Häzirki wagtda külke balygy awlamakda bellenilen paýy özleşdirmek wezipesi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň üstüne ýüklenildi. Içerki bazarlarda balyk we balyk önümleriniň möçberini artdyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreleriň saldamly bölegi Hazar deňzi bilen baglanyşdyrylýar. Munuň özi milli balykçylyk ulgamynyň gaýtadan enjamlaşdyrylmagyny, düýpli döwrebaplaşdyrylmagyny, täze deňiz gämileriniň satyn alynmagyny şertlendirdi. Balyk awlamagyň we ony senagat taýdan gaýtadan işlemegiň binýady giň gerim bilen kämilleşdirilýär. Ilatyň azyk bolçulygy bilen bagly il-ýurt bähbitli işleri amala aşyrýan telekeçilere suw desgalarynda, ýörite howdanlarda balykçylyk işlerini talabalaýyk ýola goýmak üçin zerur bolan maliýe, karz serişdeleri bölünip berilýär, olar döwrebap tehnikalar we enjamlar bilen üpjün edilýär. Pudagyň maddy-tehniki, önümçilik binýadyny gowulandyrmak maksady bilen, serişdeleriň uly möçberleri deňiz gämilerini, seýnerleri, doňduryjy refrižeratorlary, ululy-kiçili motorly gaýyklary, welboltlary, sowadyjy awtoulaglary, balyk awlanylýan torlary, aragatnaşyk enjamlaryny satyn almaga gönükdirilýär.  

                                                                   

Balyklary sarp edijilere janly görnüşde ýetirmek, olary dürli görnüşde konserwirlemek, gaplamak, şeýle-de ýokary hilli ot-iýmlik balyk ununy öndürmek wezipesi ileri tutulýan ugurlar hasaplanýar. Welaýatyň eýeçiligiň ähli görnüşindäki kärhanalarynda balyk we gaýry balyk önümleriniň öndürilişini 565,2 tonna, gaplanan we gaýtadan işlenen balyk önümleriniň öndürilişini 795,9 tonna ýetirmek, telekeçileriň gatnaşmagynda ýyllyk kuwwaty 60 tonna deň bolan artemiýa salina leňňeçleriniň guradylan ýumurtgasyny öndürýän önümçiligi ýola goýmak göz öňünde tutuldy. Deňiz bioserişdeleriniň we balykçylygynyň binýadyny işjeňleşdirmegiň hasabyna görkezijileri has-da artdyrmak, işleri döwrebap amala aşyrmak azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak babatynda bellenilen sepgitlere ýetmekde, şeýle-de ykdysady ösüş gazanmakda netijeli esas bolup hyzmat eder. Dünýä ilatyny azyk önümleri bilen ýeterlik üpjün etmekde balykçylyk ykdysady taýdan iň çalt hem netijeli ösýän pudaklaryň biri hasaplanylýar. Türkmenistanyň tebigy-howa şertleri, ýylyň bütin dowamynda maýyl günleriň köplügi, süýji hem deňiz suwly howdanlaryň bardygy bu pudagy has ýokary depginler bilen ösdürmäge mümkinçilik berýär.  

                                                                   

Welaýatda balykçylygyň önümçilik kuwwatlyklaryny ozal bar bolan hojalyklaryň binýadynda täze biotehnologiýalary peýdalanmagyň hasabyna artdyrmak maksat edinilýär. Şeýle-de suwotulary köpeltmek boýunça fermalary, olary akwamedeniýet şertlerinde uýgunlaşdyrmak, kiçi ustrisalary, midiýalary, langustlary, krewetkalary, leňňeçleri, ownuk balyklaryň dürli görnüşlerini köpeltmäge niýetlenilen howdan hojalygyny, ýörite kärhanalary esaslandyrmak hem meýilleşdirilýär. Hazar deňziniň janly-jandara ýaramly zolagynda balyk we suw haýwanlarynyň gorlaryny tebigy hem-de emeli usulda köpeltmek, deňiz kenaryna ýakyn ýerleşen etraplarda balykçylyga ýöriteleşen kiçi kärhanany döretmek göz öňünde tutulýar. Munuň özi sebitiň ilatynyň azyk we iş üpjünçiligine oňyn täsir eder, şeýle-de döwletiň eksport mümkinçiligini artdyrar.  

                                                                   

Ýurdumyzda bekre balygyny ylmy taýdan öwrenmek, emeli usulda köpeltmek hem-de gaýtadan deňiz giňişligine goýbermek maksady üçin awlamaga, aýratynlykda, 5 tonna deň bolan kwota paýy berilýär. Häzirki wagtda hazar külke balygyny awlamak boýunça berilýän çäk möçberini özleşdirmek işleri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işjeň agzalary tarapyndan giň gerimde ýola goýuldy. Balygy duzlanan, kakadylan we dürli gaplamalar görnüşinde öndürmek işleri bökdençsiz alnyp barylýar. Hazar külkesinden balyk ýagy alnandan soň emele gelýän galyndylar, şeýle-de gaýtadan işlemek kadalaryna laýyk gelmeýän balyklardan un öndürmek işleri giňden ýola goýuldy. Ol un balyklara, öý guşlaryna, gyş aýlarynda belok goşundysy hökmünde gylýallara iýmitlik hökmünde berilýär.  

                                                                   

Geljekde welaýatda balykçylygy ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň biri hasaplanýar. Şonuň üçin balyk hojalyk işleri boýunça ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan «Balyk awlamak we ýörite sarp edijileri balyk we balyk önümleri bilen üpjün etmek boýunça Tertibi» işläp taýýarlamak göz öňünde tutulýar.  

                                                                   

Häzirki wagtda welaýatyň Serdar etrabyndaky baş şor akabanyň ugrunda gurulýan umumy göwrümi 1200 million kub metr bolan köp sanly kiçi köllerde dörediljek balyk köpeldilýän hojalyklar hem balykçylyk pudagyny ösdürmekde oňyn netije berer. Sebitde suw bioserişdeleriniň we balygyň baý gorlarynyň köpeldilmegini gazanmak, ihtiologiýa babatynda ýörite hünärleri açmaga girişmek, ylmy taýdan deňziň plankton jandarlar dünýäsini öwrenmek we bu ugurda ýörite barlaglary geçirmek boýunça maksatnamalaýyn işler hem tejribe taýdan uly ähmiýete eýedir. Hazar deňzi diňe bir täsin janly dünýä bolmak bilen çäklenmeýär, ol halkymyzyň bereket çeşmesidir. Ony goramak, baýlyklaryny tygşytly peýdalanmak, nesillere miras galdyrmak Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň möhüm talaby bolup durýar.  

                                                                                                           

Hangeldi GURBANGELDIÝEW,

                       

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň Ykdysady töwekgelçilikleri seljeriş müdirliginiň başlygy.