Sebitleýin ösüş: giň mümkinçilikler we möhüm wezipeler

Balkan welaýaty:  

                                                                   

 3. Ýangyç-energetika pudagynda innowasion çözgütler 

                                                                   

Türkmenistanyň sebit syýasatynyň maksatlary hem-de wezipeleri welaýatlaryň býujetinde, ykdysadyýetinde, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerinde hil taýdan täze özgertmeleri nazarlaýar. Döwlet kadalaşdyrmasynyň düzümleýin bölegi saýylýan sebit syýasaty bar bolan öndüriji güýçleri oýlanyşykly peýdalanmaga, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, durnukly ilerlemäni dowam etdirmäge niýetlenilen kanunçylyk, dolandyryş we ykdysady çäreleri netijeli amala aşyrmaga gönükdirilendir. Ýurdumyzyň sebit syýasatynda ilatyň zähmet üpjünçiligini ýokarlandyrmak wezipesi derwaýys orunda goýulýar. Bu ugurda öňe sürülýän syýasat adamlaryň gündelik bähbitlerini araýar, hut şol sebäpli-de onuň gyşarnyksyz durmuşa geçirilmegi berk gözegçilikde saklanýar. Sebitleriň ykdysady ösüşiniň aratapawudy, jemi içerki önümiň jan başyna düşýän möçberi, ilatyň gürlügi, ýaşaýyş-durmuş we zähmet üpjünçiliginiň derejeleri, şonuň ýaly-da, sebit ykdysadyýetiniň ýöriteleşmek ugry, oňa gönükdirilýän maýa goýumlar, býujet üpjünçiliginiň ýagdaýy, tebigy hem-de toprak-howa şertleri, ulag we ýaşaýyş jaý-jemagat infrastrukturasy ýaly ugurlara degişli statistiki görkezijileri seljermek arkaly kesgitlenilýär. 

                                                                   

Türkmenistan ýerasty uglewodorod çig malynyň örän uly gorlaryna eýedir. Iri uglewodorod ýataklarynyň mekany hasaplanýan Hazar ýalpaklygy we tutuş Günbatar Türkmenistany senagat taýdan ösdürmek wezipesi indi köp ýyllaryň dowamynda ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýar. Ýurdumyzy 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan uzak möhletleýin ösdürmegiň toplumlaýyn maksatnamasynda önümçilikleri tehniki-tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmaga, ýokary öndürijilikli tilsimatlary ornaşdyrmaga gönükdirilen düýpli özgertmeler bellenilýär. Milli ykdysadyýetiň pudaklaýyn-önümçilik düzümini has-da kämilleşdirmekde, sebitlerde öndürilýän milli harytlyk önümleriň jemi içerki önümdäki paýyny artdyrmakda ösen senagat-tehnologik enjamlary giňden ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Bu maksatnamada Türkmenistanda, şol sanda Balkan welaýatynda bar bolan uglewodorod serişdelerini özleşdirmek boýunça önümçiliklere kämil innowasiýalary, iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly ykdysadyýetiň düzümini diwersifikasiýalaşdyrmak işleri esasy wezipeleriň hatarynda durýar. 

                                                                   

Ýangyç-energetika, nebiti we gazy gaýtadan işleýän senagat pudaklarynyň döwrebaplaşdyrylmagy milli harytlyk önümleriň bäsdeşlige ýokary derejede ukyply bolmagyny üpjün edýär, olary dünýä bazarlaryna çykarmakda goşmaça amatly şertleri döredýär. Welaýatda bar bolan nebit we gaz çykaryjy pudaklara zerur uglewodorod çig malynyň senagat ähmiýetli gorlaryny artdyrmak, sebitiň nebite we tebigy gaza baý ýerlerinde, şol sanda Hazar deňziniň ýalpaklygynda düýpli geologik-gözleg işlerini geçirmek, ýerasty baýlyklary gazyp almak göz öňünde tutulýar. Sebitiň uglewodorod ýangyjyna baý ýataklarynda öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna, 2025-nji ýyla çenli gaz kondensatly nebitiň çykarylyşyny 10,6 mln tonna, tebigy gazyň çykarylyşyny 11,0 mlrd, m3 ýetirmek bellenildi. Şeýle-de ylmyň soňky gazanan öndürijilikli innowasion tehnologiýalaryny ornaşdyryp, 2025-nji ýyla çenli Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda awtomobil benzinini 29 göterim, dizel ýangyjyny 20,4 göterim, çalgy ýaglaryny bolsa 3 esseden artyk öndürmek meýilleşdirildi. 

                                                                   

Dünýä ykdysadyýeti senagat taýdan ösüşiniň irki tapgyrlarynda ýerasty inert çig mallara, kömürli magdanlara, ýodly, duzly himiki känlere we beýleki tebigy baýlyklara daýanypdyr. Dördünji senagat öwrülişigi döwründe ýangyç-energetika gorlaryna bildirilýän gyzyklanmalar juda ýokarlanýar. Şol gyzyklanmalara esaslanyp, Türkmenistanyň gury ýer çäginiň we Hazar deňziniň türkmen böleginiň ähli meýdanynyň dürli derejeli nebite we gaza baý gorlary töwerekleýin öwrenilýär. 

                                                                   

Türkmenistanyň uglewodorod baýlyklarynyň aglaba bölegi-de Balkan welaýatynyň paýyna düşýär. Türkmenistanda bar bolan 40-dan gowrak nebit ýataklarynyň ählisi diýen ýaly bu sebitde ýerleşýär. Hasaplamalarda sebitde nebiti we gazy gazyp çykarmagyň geljegine ýokary baha berilýär. Ylmy taýdan esaslandyrylan tebigy nebit ýataklaryny, gaz känlerini ýüze çykarmak, maliýe taýdan seljermek we bahalandyrmak, toplumlaýyn hem netijeli özleşdirmek, köpugurly gaýtadan işlemek, taýýar harytlyk derejesine ýetirmek uly zähmeti, ýokary hünär taýýarlygyny, baý durmuş tejribesini, öňdebaryjy innowasiýany hem-de oňa erk etmegi başarýan ussat hünärmenleri talap edýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan uglewodorod toplumynda bellenilen esasy maksatlary amala aşyrmagyň çäklerinde Balkan welaýatynyň sebitiniň ýangyç-energetika düzüminde amala aşyrylýan özgertmeleriň gerimini giňeltmek bellenildi. Şunda nebiti gazyp çykarmagyň işlerini üç usulda amala aşyrmak meýilleşdirildi. Bu usullar inženerçilik-geologiýa çärelerini talabalaýyk ýola goýmak arkaly, tebigy uglewodorod känleriniň nebit berijiligini ýokarlandyrmakdan; nebitgazly ojaklarda aşaky, gapdalky we galdyrylan aýry-aýry tektoniki kerçlerde ýerleşýän nebit ýataklaryny, parçalary we esasy ýatagyň hemralaryny gözlemekden; örän töwekgelçilikli, köp wagty, serişdäni hem zähmeti talap edýän täze ojaklary ýüze çykarmakda tapgyrlaýyn geologiýa-gözleg işlerini ýola goýmakdan ybaratdyr. 

                                                                   

Welaýatda nebitgaz geologiýasy we geofizika babatynda häzirki zaman tehniki we tehnologik serişdeleri peýdalanmagyň esasynda ýerine ýetiriljek işler bu ugurdaky önümçilik edaralarynyň ykdysady netijeliligini ýokarlandyrmaga hem-de ýöriteleşen hünärmenleriň amaly tejribe we usulyýet derejesini kämilleşdirmäge ýardam eder. Sebitiň ykdysady netijeliligi, galyberse-de, milli ykdysadyýetiň ösüşi Günbatar Türkmenistanda suwuk uglewodorody gözlemegiň ylmy taýdan esaslandyrylan strategiýasyna esaslanýar. Munuň özi ýangyç-energetika ugurly täze, döwrebap kärhanalaryň kemala gelmegine getirer. Şeýle hem sebitleýin geologiýa, nebit we gaz çykarylyşynyň geologiýasy, geofizikasy ýaly ugurlar boýunça soňky otuz ýylda geçirilen düýpli ylmy barlaglaryň netijelerini iş ýüzüne geçirmek, nebit ýataklaryny, gaz we gazkondensat känlerini özleşdirmek işleriniň depginini barha güýçlendirer. 

                                                                   

2022 — 2052-nji ýyllarda Hazarýaka we Gögerendag — Ekerem zolaklarynyň, tutuş Balkan sebitiniň hem-de günbatar we günorta, demirgazyk sebitleriniň täze, geljegi uly bolan meýdanlaryny we ýataklaryny nebit çykarmak boýunça ulanyşa girizmek göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň diňe günbatar welaýatynyň mümkinçilikleriniň hasabyna ýakyn geljekde bäsdeşlige ukyply nebit we nebithimiýa önümleriniň uly möçberini halkara bazarlara çykarmakda, milli eksportyň möçberini artdyrmakda täze gözýetimleri açýar. 

                                                                   

Uzak möhletleýin maksatnama laýyklykda, ýakyn ýyllarda sebitde senagat ugurly täze kärhanalar gurlar, ozal bar bolan ýerli senagat kärhanalarynyň durky düýpli täzelener. Häzirki wagtda Türkmenistanda senagat önümleriniň, nebiti we gaz kondensatyny goşmak bilen, öndürilişiniň sebitleýin düzüminde Balkan welaýatynyň paýy 93,4 göterime ýetdi. Şeýlelikde, sebit ýurdumyzyň harytlyk nebit we gazkondensat önümleriniň eksportynyň esasy bölegini üpjün edýär. Bilermenleriň çaklamalaryna görä, nebit we gaz ugurly önümçilikleriň doly kuwwatynda işledilmegi olarda öndürilýän önümleriň goşulan gymmatyny artdyrmaga ýardam eder, şoňa baglylykda hem ýakyn geljekde milli senagatyň jemi içerki önümdäki paýyny 43,0 göterime ýetirmek meýilleşdirilýär. Öňdebaryjy dünýä döwletleriniň aglabasy özüniň ykdysady ösüş strategiýasynyň uglewodorod üpjünçiligine gönüden-göni baglydygyny belleýär. 

                                                                   

Islendik ykdysady pudagyň netijeliligi düýpli seljermelere, kämil hukuk binýadyna daýanýar. Günbatar Türkmenistanda düýpli geologiýa-gözleg işleri uglewodorod çig mally sebitleriň nebitgazly känlerinde ýerleşýän çuň toplumlardaky täze çökündileri, Hazar deňziniň türkmen böleginiň giň zolagyndaky, aýratyn-da, «Dostluk» bilelikdäki kän zolagyndaky täze nebitgaz gorlaryny ýüze çykarmaga gönükdirilýär. Geljekde nebitgaz gözleglerini ýokarlandyrmak üçin daşary ýurt kompaniýalarynda giňden ornaşdyrylyp başlanan kaltýubing tehnologiýalaryny peýdalanmak meýilleşdirilýär. Şeýle-de häzirki zaman ylmy usulyýetlerine we tejribä eýe bolan hyzmat üpjünçiligini ýokarlandyrmak, şol sanda çylşyrymly tehnologiýalary özleşdirmekde hünärmenleriň taýýarlygyny ýola goýmak boýunça ugurdaş okuwlary geçirmek bellenildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2022 — 2028-nji ýyllarda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul eden maksatnamasynda, daşyndan çekiljek karzlaryň hasabyna täze önümçilikleri esaslandyrmak bilen, sebitlerde özüne çekiji zähmet haky bellenilen goşmaça iş orunlaryny döretmek, işgärler düzüminiň maşgalalaryna durmuş amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmak ýaly medeni-durmuş infrastrukturasyny kemala getirmek göz öňünde tutulýar. 

                                                                   

XX asyryň 50 — 60-njy ýyllarynda zawodlarda, fabriklerde diňe iri çig mal ätiýaçlyklary gaýtadan netijeli işlenilen bolsa, ylmyň we tehnikanyň ösmegi bilen, indi düzüminde ýaramly maddany ujypsyz derejede saklaýan çig mallary hem doly möçberde peýdalanmaga mümkinçilik döredi. Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy döwrebaplaşdyrylandan soň, toplumda ýokary hilli benzini we ýokary sintetiki motor, çalgy ýaglaryny, polipropilen ýarym çig malyny we başga-da birnäçe önümleri öndürmäge şertler döredildi. Çig nebit, ugurdaş gaz doly we çuň işlenilýär, netijede, daşyndan getirilýän birnäçe görnüşli senagat önümleri indi özümizde öndürilýär. 

                                                                   

Şu asylly işler diňe bir sebitleri gülledip ösdürmek bilen çäklenmän, orta möhletli 2022 — 2028-nji ýyllara niýetlenilen Prezident maksatnamasyny hem üstünlikli durmuşa geçirmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş abadançylygyny has-da pugtalandyrmaga ýardam berýär. 

                                                                                                           

Hangeldi GURBANGELDIÝEW,

                       

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň Ykdysady töwekgelçilikleri seljeriş müdirliginiň başlygy.