Sebitleýin ösüş: giň mümkinçilikler we möhüm wezipeler

Diýarymyzyň her daban ýeri sahawatyň çeşmesidir. Dagy-düzi, deňzi-derýalary, uç-gyraksyz ak sährasy — bularyň ählisi Watanymyzyň milli baýlygydyr. Ykdysadyýetde milli baýlyklarymyzy netijeli özleşdirmek arkaly gazanylan gyradeň sebitleýin ösüş bolsa berkarar döwletimiziň möhüm gazananlarynyň esasylarynyň biridir. Ýurdumyzyň beýik ösüşlerine, giň gerimli özgertmelerine bagyşlanan şu makalalar toplumyny şol egsilmez tebigy baýlyklaryň mekany bolan bereketli Balkan welaýatyndan başlamagy makul bildik.  

                                                                   

 Balkan welaýaty:
1. Ykdysady ýokary göteriliş 

                                                                   

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyzyň welaýatlaryna ilkinji toý saparlary sebitleriň durmuş-ykdysady ösüşlerinde täze sahypalary açdy. Döwlet Baştutanymyzyň ilkinji saparynyň Balkan welaýatyndan başlanmagy tötänden däldir. Dünýä ykdysadyýetiniň häzirki häsiýetli aýratynlyklary ösüşiň täze düzgünlerini, kanunalaýyklyklaryny öňe çykarýar. Ýokary tizlikleriň eýýamy adamzady ösüşiň täze talaplary bilen ýüzbe-ýüz etdi. Ýurdumyz babatynda alnanda-da, ykdysady ösüşde ählumumy energiýa üpjünçiligini gazanmak, energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmegiň ygtybarlylygyny we üstaşyr geçelgeleriň howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleri ilkinji orunda durýar. Tutuş dünýä üçin ýiti ähmiýetli bu meseleleri ykdysady, syýasy, ekologik, ulag-aragatnaşyk, durmuş ýaly, birnäçe ugurlara bölüp bolar. Olaryň üstünlikli çözülmegi köp babatda energiýany daşarky sarp edijilere ibermegiň ugurlarynyň netijeli diwersifikasiýalaşdyrylmagyna baglydyr. Türkmenistan günbatar sebitiň düýpli özleşdirilmegine, aýratyn-da, Hazar deňziniň ýalpaklygyndan tebigy baýlyklary gazyp almak, ýangyç-energetika turbageçirijilerini deňizasty geçirmek ýaly derwaýys meselelerde oňyn çözgütlere bil baglaýar. Her bir döwür täzelenişi, özgerişi talap edýän möhüm soraglara we isleglere jogap gözleýär. Ýagşylyga, hoşniýetlilige, pähim-paýhasa tarap ädilýän aýgytly ädim oňyn ykdysady netijelilige ýetirýär. 

                                                                   

Döwletiň ykdysady ösüşini ýokary götermegiň ilkinji şerti bar bolan we täze açylýan oňyn mümkinçilikleri netijeli peýdalanmakdan ybaratdyr. Munuň özi Hazar deňzi bilen aýrylmaz baglydyr. Hazarýaka sebiti ösdürmegiň häsiýetli aýratynlygy bu işiň ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna ykdysady taýdan oňyn täsirini ýetirýänligi bilen baglydyr. Muňa ylmy dilde «multiplikatiw täsir» diýilýär. Türkmenistan dünýä boýunça tebigy gazyň ätiýaçlyk 33 göterimine eýedir. Resmi maglumata görä, bu gorlaryň möçberi mawy ýangyjyň gorlarynyň 23 trln kub metrine barabar. Diňe Hazaryň deňiz ýalpaklygynda geçirilen barlaglar bu ýerde uglewodorod çig malynyň 4,2 trln kub metre deň gorlarynyň bardygyny görkezdi. Şonuň bilen baglylykda Türkmenistan bu sebitde eksporta gönükdirilen ugurlaryň we önümçilikleriň gerimini barha giňeldýär. Iri halkara bazarlara çykmak boýunça mümkinçilikleri peýdalanmak, milli ykdysadyýetiň pudaklaýyn diwersifikasiýasy, gazylyp alynýan tebigy serişdelere baý sebitlerde ykdysady işleriň görnüşlerini we gerimini artdyrmak, daşary söwda gatnaşyklaryny barha ilerletmek ýaly derwaýys ugurlarda durmuşa geçirilýän düzümleýin özgertmelere mydama mynasyp orun berilýär. Geosyýasy taýdan iňňän amatly ýerde ýerleşmegi Türkmenistany Ýewraziýanyň energiýa çig mallaryna we taýýar harytlyk önümlere ýokary isleg bildirýän sebitlerine aralaşmakda oňyn artykmaçlyklara eýe edýär. Häzir ýurdumyz sebit we dünýä ähmiýetli ulag-logistika giňişliginiň möhüm düzüm bölegine öwrülýär. Türkmenistanyň bütindünýä ulag-aragatnaşyk ulgamynyň iri merkezi hökmünde ählumumy derejede ykrar edilmegi hem-de BMG-niň hemmetaraplaýyn goldawyna eýe bolmagy ýene-de köp sanly uly taslamalary amala aşyrmaga amatly şert döredýär. Balkan welaýatynda ösüşiň esasy ugry daşary ýurtlara ugradylýan harytlary öndürmäge gönükdirilendir. Bu ugra ýöriteleşdirilen önümçilikleriň döredilýändigi sebitde mineral-çig mal serişdelerini gazyp alýan we gaýtadan işleýän pudaklara uly üns berilýändigini görkezýär. Şeýle çemeleşme öňde durýan möhüm maksatlaryň tutuş toplumyny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin maliýe binýadyny kemala getirýär. Häzirki wagtda welaýat tutuş ýurdumyzyň senagat önümçiliginiň görnüşleri boýunça 23,5 göterimini özünde jemleýär. Sebitde eksporta goldaw bermek boýunça ýöriteleşdirilen institutyň döredilmegi bu ugurdaky işleriň has-da işjeňleşmegine ýardam eder. 

 Türkmenistan, ozaly bilen, durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmekde özüniň milli ýörelgelerine, halkymyzyň köp asyrlyk ynsanperwerlik, sahawatlylyk ýoluna daýanýan ösüş ýoluny saýlap aldy. Türkmenistanyň Hazarýaka sebiti ösdürmekdäki işjeň başlangyçlary muňa aýdyň mysaldyr. Şu ýylyň 29-njy iýunynda Aşgabatda geçirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň altynjy sammiti Türkmenistanyň Ýewraziýada bir bitewi energetika, ulag, maglumat-kommunikasiýa, syýahatçylyk giňişligini esaslandyrmak boýunça öňe süren başlangyçlarynyň tizleşmegine kuwwatly itergi berdi. Bu oňyn başlangyçlara esaslanmak bilen, ýurdumyzyň ähli sebitini, şol sanda günbatar welaýatyny ösdürmegiň nusgalyk konsepsiýasy öňe sürüldi. Oňa laýyklykda köpugurly, halkara hyzmatdaşlyga daýanýan täze meýletin garyşyk klaster kemala gelýär. Dünýä tejribesinden belli bolşy ýaly, klasteriň işiniň bir bitewi usulda ýola goýulmagy önümçiligiň ykdysady we ekologik taýdan has ýokary netijeliligini üpjün edýär. Klasterleýin çemeleşme ösüş çykdajylarynyň azalmagyna, haryt we hyzmat görnüşleriniň köpelmegine, logistikanyň ýönekeýleşmegine alyp barýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň 14-nji aprelinde, Balkan welaýatynda saparynyň çäklerinde geçiren Hökümetiň göçme mejlisinde günbatar welaýatyň geografik taýdan amatly ýerleşişi, howa gurşawynyň tebigy aýratynlyklary, ummasyz magdan gorlaryna baýlygy, ýeterlik hünär taýýarlykly adam maýasyna eýedigi ýaly giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmalydygyny aýratyn nygtady. Welaýatyň çäkleri Hazar deňziniň, takmynan, 600 kilometre uzap gidýän kenaryndan geçýär. Şeýle amatly tebigy aýratynlyklar, ykdysady şertler sebiti halkara derejede ösdürmäge oňyn mümkinçilikleri açýar. Welaýatyň umumy tutýan meýdany 139,3 müň inedördül kilometre (Türkmenistanyň umumy meýdanynyň 28,4 göterimi) deň bolup, bu görkeziji sebiti çäk ululygy boýunça ýurdumyzda birinji orna çykarýar. Welaýatyň ilaty Türkmenistanyň umumy ilatynyň 8,4 göterimini tutýar. Ilatynyň gürlügi boýunça 1 inedördül kilometre 4,2 adamdan düşýär. Welaýatyň çäginde 6 etrap, 2 şäherdäki etrap, 10 şäher, 13 şäherçe, 33 geňeşlik, 113 oba ýerleşýär. Beýleki welaýatlardan tapawutlykda, sebitiň ilatynyň 81,6 göterimi şäherlerde ýaşaýar. Munuň özi gullukçylar synpynyň artykmaçlygyny döredýär. Işçi, kiçi hyzmat ulgamyna degişli zähmet gorlarynyň çäklidigini, şeýle-de bu ýerde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň, köp sanly senagat önümçilikleriniň, energetika, ulag-logistika desgalarynyň döredilýändigini nazara alsak, ýurdumyzda agdyklyk edýän zähmet gorlaryny beýleki sebitlerden giňden çekmäge ýol açýar. Munuň özi welaýatda ykdysady önümçilikleri ösdürmäge, durmuş ugurly üpjünçilik desgalaryny gurmaga itergi berýär. 

                                                                   

Ykdysady nukdaýnazardan önümçiliklere goýulýan düýpli maýalaryň gaýtarylmagynda goşmaça pudaklaryň ösüşi hem hökmany bahalandyrylmalydyr. Hökümetiň göçme mejlisinde hut şu meselelere aýratyn garaldy, pudak düzümleriniň sebitleýin ösüşi, hususan-da, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa düzümleriniň welaýatdaky edaralarynyň ýaşaýyş jaý üpjünçilik meseleleri barada durlup geçildi. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleriň doly we gyşarnyksyz amala aşyrylmagy welaýatyň çäginde bar bolan senagat pudaklarynyň ählisine iri maýa goýumlaryň çekilişini has-da tizleşdirer. Welaýatda hususy taraplaryň gatnaşmagynda ýurdumyza daşyndan getirilýän çig mallary we materiallary ýerli önümler bilen çalyşmak, ýerli magdan önümçilikleriniň gerimini giňeltmek, gury gurluşyk garyndylaryny, ýolgurluşyk üçin geogörnüşleri, külalçylyk we sintetik serişdelerden önümleri öndürmek boýunça kärhanalar esaslandyrylar. 

                                                                   

Türkmenistanda dürli görnüşli peýdaly gaty magdanlaryň 200-den gowragy hasaba alyndy. Şonuň aglaba böleginiň ätiýaçlyk gory Balkan welaýatynyň çäginde ýüze çykaryldy. Aýratyn hem welaýatyň çäginde uglewodorod çig malynyň, mineral duzlaryň, gidromineral serişdeleriň, stronsiý magdanlarynyň, ýerasty läbik dag jynslarynyň, gaty kömürleriň, himiki jisimleriň we gurluşyk materiallarynyň birnäçe görnüşli uly gorlary jemlenendir. Häzirki wagtda çig mal gorlaryny toplumlaýyn gaýtadan işlemegiň hasabyna ozal senagat akymlaryna akdyrylýan ýodly, bromly suwlaryň düzümindäki peýdaly komponentleri doly derejede peýdalanmagyň, dürli pudaklarda ulanylýan gaolid organiki önümleri öndürmegiň üstünde-de işlenilýär. Mundan başga-da günbatar sebitde Guwlymaýak ýatagynyň çökündi kölündäki nahar duzuny giňden işlemek, Bekdaşyň hek daşlarynyň binýadynda kalsinirlenen sodany öndürmek meselesi içgin öwrenilýär. Umuman, ykdysady dilde aýdanyňda, sebitiň eksporta niýetlenen köp sanly senagat desgalaryny tehniki taýdan esaslandyrmagyň, oýlanyşykly taslamalaşdyrmagyň, netijeli özleşdirmegiň netijesinde Türkmenistana dünýä bazaryna çykmak üçin giň mümkinçilikler açylýar. 

                                                                   

Balkan welaýaty diňe bir uglewodorod serişdelerine, önümçilik gorlaryna baý bolmak bilen çäklenmän, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine bolan uly mümkinçiliklere-de eýedir. Gün şöhlesiniň bollugy, ýeliň tizliginden peýdalanmakda bar bolan mümkinçilikler welaýatyň hem-de tutuş ýurduň ykdysady taýdan has-da kuwwatlanmagyna oňyn şert döredýär. Sebitde ýylyň 365 gününiň 230-a golaýy bulutsyz, güneşli hem maýyl howaly bolýar. Iýul aýynda güneşli howa gije-gündiziň 16 sagadyna çekýär. Welaýatda ýangyç-energetika ugurly gazturbinaly elektrik beketler bilen bilelikde awtonom ýagdaýda işleýän Gün elektrik beketlerini, ýeliň tizligi bilen işleýän beketleri gurup, işe girizmäge giň mümkinçilikler bar. Munuň özi möhüm durmuş-ykdysady meseleleriň tutuş bir toplumynyň oňyn çözülmegine ýardam berer. Welaýatyň çäginiň köp bölegini çöllük tutýar. Sebitiň oba hojalygynda maldarçylyk ýokary derejede ösendir. Alysda ýerleşýän çarwa obalarynda, demir ýol bekedini etekläp oturan ilatly nokatlarda, ýokary tizlikli awtoýollaryň ugurlarynda ýel pyrlampaçlaryny, Gün batareýalaryny peýdalanmak arkaly elektrik energiýasyny öndürmäge we peýdalanmaga giň ýol açylar. 

  Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna saparynyň çäklerinde, şeýle hem onuň yzysüre, ýagny 1-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasyny gurmak, şeýle-de ilatly ýerlere ýokary güýjenmeli elektrik geçirijisini çekmek üçin zerur bolan enjamlary we serişdeleri satyn almak boýunça meselelere seredildi. Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasyna daşary ýurt kompaniýasy bilen şertnamany baglaşmaga we elektrik stansiýasyny 2024-nji ýylyň başyna ulanmaga bermek baradaky Karara gol çekildi. Dünýäniň «ýaşyl» ykdysadyýeti has ösen döwletlerinde Gün we ýel elektrik stansiýalarynyň eýýäm tutuş sebitleri, uly şäherleri gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriň hasabyna elektrik energiýasy bilen üpjün edýändigi mälimdir. Şonuň üçin-de ýurdumyzda Gün energiýasyndan, ýeliň tizliginden peýdalanmagyň durmuş-ykdysady netijeliligini jikme-jik hasaplamagyň usulyýetini işläp düzmegiň ähmiýeti artýar. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Serdar etrabynyň çägindäki «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitinde Gün we ýel arkaly elektrik energiýasyny öndürýän beketleriň sanynyň artdyrylmagyna aýratyn ornuň degişlidigine bu ugra degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini peýdalanmakda toplanan öňdebaryjy dünýä tejribesiniň öwrenilmegi, olaryň innowasiýa taýdan ösen enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy, galyberse-de, bu beketlerden ýerlikli peýdalanylmagy sebitde energiýanyň adaty däl çeşmeleriniň geljegine oňyn täsirini ýetirer. 

                                                                   

Şu ýylyň 8-nji awgustynda hormatly Prezidentimiz Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Täze köpri ýurdumyzyň günbatar we demirgazyk sebitleriniň, şeýle-de goňşy döwletleriň arasynda haryt dolanyşygynyň, ulag hem-de ýolagçy gatnawlarynyň möçberini has-da artdyrmaga mümkinçilik berer diýip, hormatly Prezidentimiz dabarada belledi. Diýmek, ýurdumyzyň tutuş yklymyň wajyp üstaşyr ulag geçelgesi hökmünde orny has pugtalandyrylar.  

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sebitleri döwrüň anyk ýagdaýlaryna, üçünji müňýyllygyň talaplaryna laýyk gelýän, hil taýdan täze derejelere çykarmak möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Olaryň üstünlikli çözülmegi, ilkinji nobatda, bazar ykdysadyýeti şertlerinde sebitleri ösdürmegiň oňyn ýollaryny öwrenmek hem-de işjeň peýdalanmak arkaly halk hojalygyny dolandyrmagyň netijeli ulgamynyň esaslandyrylyşyna baglydyr. Ýakyn we uzak möhlete niýetlenen uly maksatlary amal etmegiň çäklerinde sebitiň tebigy baýlyklarynyň pudaklar boýunça maksatnamalaýyn özleşdirilmegi geljekde ilatyň ýaşaýyş-durmuş abadançylygynyň, milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşiniň üpjün edilmeginiň aýdyň kepilidir. 

                                                                                                           

Hangeldi GURBANGELDIÝEW,

                       

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň Ykdysady töwekgelçilikleri seljeriş müdirliginiň başlygy.