Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda dokma senagatynyň okgunly ösdürilmegi hem-de pudagyň işgärleriniň, şol sanda pile öndürijileriň yhlasly we netijeli zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredilýär. Şu ýyl Türkmenistanyň ýüpekçileri pile taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Bu barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa 2-nji iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berildi.
Ýurdumyzyň pileçileri Watan harmanyna dokma senagaty üçin gymmatly çig malyň 2 müň 300 tonnadan gowragyny tabşyrdylar. Bu ajaýyp zähmet üstünligi döwlet Baştutanymyzyň oba zähmetkeşleri baradaky edýän hemmetaraplaýyn aladasynyň, obasenagat toplumyny depginli ösdürmäge gönükdirilen özgertmeleriň aýdyň netijesidir.
Mälim bolşy ýaly, türkmen topragynda ýüpekçiligiň taryhy asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýar. Ýüpekçiligiň milli däpleri, ajaýyp ýüpek matalary we halylary dokamagyň usullary nesilden-nesle geçirilip, biziň günlerimize ýetip gelipdir. Beýik Ýüpek ýoly Gündogardan Günbatara tarap ýaýylyp ýatan düzlükleriň, daglyklardyr çöllükleriň üstünden geçipdir. Bu söwda ýolunyň ady şol wagtlar onda daşalan örän gymmat bahaly harydyň — ýüpegiň ady bilen baglanyşyklydyr. Gadymy Merw dünýäniň ýüpekçilikde ykrar edilen merkezleriniň biri bolupdyr. Bu ýerde eýýäm XII asyrda pile taýýarlamak boýunça kärhanalar hereket edipdir.
Ata-babalarymyz pile öndürmekde ýokary ussatlyga ýetipdirler. Bu iş sungat derejesine ýetirilip, ýüpekden haly we mata dokamagyň ygtybarly usullary döredilipdir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly eserinde ýüpekçiligiň taryhy barada gymmatly maglumatlar getirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Merwiň ýüpekçilik kärhanalarynda hytaýly senetçilerden bu sungatyň tilsimlerini kemsiz ele alan ussatlar işläpdirler. Şäheri suw bilen üpjün edýän Majan we Razik ýaplarynyň boýunda tut agaçlary ösdürilipdir.
“Pileden çöşlenip alynýan ýüpek sapajyklar näzik, şeýle-de ýokary hilli syk, digir-digir zolakly ýa-da tutuk matanyň ýüzüne çekilen nagyşly ýüpek parçalary, köşgüň, soltanyň ýatýan otagynyň bezeginde peýdalanylýan owadan matalary dokamaga harçlanypdyr. Merwiň ýüpek matalary zer goşulyp dokalan hytaý, hindi parçalary, Wizantiýanyň gyrmyzy matalary bilen bäsleşipdir” diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow öz eserinde belleýär.
Häzirki döwürde ýüpekçilik ýurdumyzyň dokma senagatynyň geljegi uly pudaklarynyň biri hasaplanýar. Onuň önümlerine içerki we dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýär. Obasenagat toplumynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler we sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen toplumlaýyn maksatnamalar bu senediň galkynmagyna itergi berdi. Bu özgertmeler obalarda hil taýdan täze durmuş-ykdysady gatnaşyklary kemala getirmäge, oba hojalyk önümlerini öndürijileri höweslendirmäge, ildeşlerimiziň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak üçin ähli şertleri döretmäge gönükdirilendir. Ýüpek gurçugynyň iň gowy görnüşleriniň ýetişdirilmegi, pudagyň ygtybarly iým binýadynyň döredilmegi ýylsaýyn özüniň oňyn netijelerini berýär. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda tut agaçlarynyň ekilýän meýdanlary giňeldilýär.
Dokma senagatynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy daşary ýurtlardan gelýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleriň önümçiligini artdyrmak boýunça strategik wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda 70-e golaý kärhanany özünde jemleýän dokma senagatynyň ýokary tehnologik kuwwaty we ygtybarly çig mal binýady bar. Pudagyň önümçilik düzümleriniň düýpli döwrebaplaşdyrylmagy möhüm ähmiýete eýedir. Aşgabadyň ýüpek fabrigi we Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşigi ýokary hilli ýüpek sapagyny öndürýär. Bu kärhanalarda ýüpek halylary, keteni we ýüpekden beýleki matalary öndürýän täze önümhanalar açyldy. Diýarymyzda öndürilýän ýüpek süýüminiň hasabyna Ruhabadyň panbarhat fabriginiň bökdençsiz işi üpjün edilýär.
Şeýlelikde, şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý eden ýurdumyzyň ýüpekçileriniň bu üstünligi olaryň zähmetsöýerliginiň we ussatlygynyň, bu pudagy täzeden dikeltmek boýunça durmuşa geçirilýän giň möçberli çäreleriň aýdyň netijesidir. Döredijilikli döwlet syýasaty ajaýyp zamananyň binýadyny goýdy we bu döwürde pederlerimiziň wesýetleri, halkymyzyň milli däpleri häzirki zamanyň ruhy bilen sazlaşykly utgaşýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň edermen pileçilerine we ussat ýüpekçilerine iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, ýurdumyzyň oba ýerlerinde telekeçilige goldaw bermek we ony höweslendirmek maksady bilen, ýüpekçiligi ösdürmäge aýratyn üns berilýär.
«Ýörite nahalhanalarda, birnäçe daýhan birleşiklerinde ýüpek gurçuklarynyň iýmit gory bolan tut agaçlarynyň her ýylda müňlerçe düýp nahaly ösdürilip ýetişdirilýär. Bu bolsa ýüpek gurçuklary üçin esasy iýmit bolan tut ýapraklarynyň möçberini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berýär. Tut agaçlarynyň ekin meýdanlarynyň töwereginde oturdylmagy gowaçany we beýleki oba hojalyk ekinlerini gyzgyn ýellerden goramaga, suwaryş akabalarynyň kenarlaryny berkitmäge, daşky gurşawyň ekologik abadançylygyny gowulandyrmaga hem ýardam berýär. Munuň özi ýüpekçiligi pagtaçylyk bilen utgaşdyrmaga, şol bir ýerden goşmaça önüm we girdeji almaga mümkinçilik berýär» diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda belleýär.
Häzirki wagtda ýüpek çig maly ýurdumyzyň eksportynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Daşary ýurtly kompaniýalar ýokary hilli ýüpek süýümine, lukmançylykda, awiasiýa senagatynda we ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda ulanylýan tehniki ýüpek önümlerine uly isleg bildirýärler. Ýüpegi gaýtadan işleýän kärhanalaryň önümleri diňe bir ýurdumyzyň dokma pudagynda däl, eýsem, beýleki pudaklarda-da uly islegden peýdalanýar. Soňky ýyllarda hususy kärhanalarda ýüpek el halylarynyň, amaly-haşam sungatynyň, şol sanda milli keşdeçilik sungatynyň önümleriniň önümçiligi barha ýokarlanýar. Bu bolsa, öz gezeginde, ýüpek ýüplüginiň we sapagynyň öndürilýän möçberiniň artdyrylmagyny şertlendirýär.
Pudagyň ösdürilmegine ägirt uly maýa goýum serişdeleriniň gönükdirilmegi, kärhanalaryň kämil enjamlar bilen üpjün edilmegi netijesinde, ýurdumyzda öndürilýän ýüpek önümleriniň hili ýokarlanýar, görnüşleri artdyrylýar. Bu önümleriň daşary ýurt bazarlaryndaky bäsdeşlige ukyplylygy artýar.
Ýüpege haly önümçiliginde hem uly isleg bildirilýär. Häzirki wagtda “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalary ajaýyp ýüň we ýüpek halylary öndürip, halkymyzyň baý ruhy mirasynyň gaýtalanmajak nusgalaryny täzeden dikeldýärler. Bu kärhanalar ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň artmagyna mynasyp goşant goşýarlar we el halylarynyň dokalýan möçberini artdyrmak bilen, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň olara bolan isleglerini kanagatlandyrýarlar.
Ýurdumyzda guralýan ýöriteleşdirilen halkara sergiler dokma senagatynyň, şol sanda ýüpekçilik pudagynyň ýeten belent sepgitlerini görkezýär. Bu pudagyň önümleri ýokary dünýä ölçeglerine laýyk gelýär. Bu forumlar hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýän, dokma senagatynda we täze tehnologiýalar ulgamynda ýöriteleşen daşary ýurt kompaniýalarynyň ünsüni çekýär. Mundan başga-da, dünýä bazarynda ýurdumyzyň dokma we haly önümleriniň söwdasyny giňden ilerletmek maksady bilen, olar dürli halkara sergilerde görkezilýär. Bu ugurda işleýän kärhanalarda täze önümçilikler döredilip, öndürilýän önümleriň hiline hem uly üns berilýär. Bu önümler ýurdumyzda bildirilýän ekologik talaplara doly laýyk gelýär.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda türkmen ýüpekçileriniň gazanan zähmet üstünligi pudagyň önümçilik kuwwatyny artdyrmaga hem-de Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga ýardam berer.
(TDH)