Ähli arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdunda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän tutumly işler diňe halkyň bähbidine gönükdirilýär. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak ugrunda alnyp barylýan işler bagtyýar raýatlarymyzy döredijilikli işlemäge, döretmäge we gurmaga ruhlandyrýar. Golaýda Gahryman Arkadagymyzyň Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda täze dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşmagy rowaçlyklaryň we ösüşleriň yzygiderli häsiýete eýediginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Häzirki döwrüň iri we döwrebap kärhanalarynyň biri bolan Babadaýhan dokma toplumy dört sany önümçilik birligini özünde jemleýär. Umumy bahasy 151 million 800 müň amerikan dollary bolan bu täze toplumyň düzümine ýüplük, boýag, tikinçilik hem-de mata fabrikleri girýär. Tutýan meýdany 20 gektar bolan döwrebap kärhanada işleri talabalaýyk ýola goýmak, şeýle-de bu ýerde işlejek işgärler üçin amatly iş we dynç alyş şertlerini döretmek üçin 450 orunlyk naharhana, sport meýdançasy, iki gatly, 16 orunlyk myhmanhanalaryň ikisi ýerleşdirilipdir.
Bu döwrebap toplumda Şweýsariýa, Ýaponiýa, Belgiýa, Italiýa, Germaniýa we Türkiýe ýaly ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň iň kämil enjamlary ornaşdyrylan. Ýylda 3 müň 300 tonna ýokary hilli ýüplük, 20 million inedördül metr dürli görnüşli, şol sanda 18 million metr boýalan mata hem-de 3 million 500 müň sany taýýar tikin önümlerini öndürmäge niýetlenen toplumda öndüriljek önümler daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutar. Toplumyň işe girizilmegi bilen, ýurdumyzda 1 müň 150 täze iş ornunyň dörejekdigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Ýurdumyzda gaýtadan işleýän senagatyň esasy pudaklarynyň ösdürilmegi türkmen ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygyny we eksport kuwwatyny berkitmäge mümkinçilik berýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda dokma senagatynyň depginli ösüşi, onuň önümçilik kuwwatlyklarynyň artmagy netijesinde, ýokary hilli we ilatyň uly isleg bildirýän dürli önümlerini öndürmäge täze şertleri döretdi. Hormatly Prezidentimiziň senagat toplumynyň pudaklaryny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça alyp barýan işleri ýurdumyzyň senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna goşulmagyna ägirt uly itergi berýän güýje öwrülýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde aýratyn pudaga öwrülen dokma senagatynda ýurdumyzda öndürilýän pagtanyň köpüsi gaýtadan işlenilýär. Olarda dünýä bazarlarynda-da ýörgünli harytlaryň birnäçe görnüşi çykarylýar. Önümleriň ýokary hiline we ekologiýa taýdan arassalygyna berilýän ünsüň netijesinde, dokma harytlarymyz halkara ykrarnama eýe bolýar.
Soňky ýyllaryň dowamynda dokma pudagynda önümçiligiň durnukly ýokary ösüş depgininiň üpjün edilmegi döwlet tarapyndan pudaga aýratyn üns berilýändigini görkezýär. Dokma pudagyndaky kärhanalarda iň öňdebaryjy enjamlar bilen enjamlaşdyrylan döwrebap önümçilikleriň bolmagy guwandyryjydyr. Çig maly gaýtadan işlemekden başlap, taýýar önümi çykarmaga çenli doly önümçilik tapgyrlary bolan kärhanalar ýurdumyzyň dürli sebitlerinde bar. Pagta egriji fabrikler, dokma toplumlary, tikinçilik, dokma fabrikleri we ýüpek kärhanalary «Türkmenistanda öndürildi» nyşanly önümleriň köp görnüşini alyjylara hödürleýär. Pagta we ýüpek ýüplügi, matalaryň dürli görnüşleri, tikinçilik we sowgatlyk önümler, milli türkmen egin-eşikleriniň, el işleriniň nusgalary dokma senagatynyň sergilerinde uly gyzyklanma eýe bolýar.
Ýokary hilli we dürli görnüşli matanyň çykarylmagy ýurdumyzyň dokma senagatynyň tikin we trikotaž ulgamlarynyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi, içerki bazary owadan, ýokary hilli önümler bilen doly üpjün etmäge ýardam etdi. Bu bolsa, Türkmenistanda öndürilýän önümleriň eksport edilýän möçberlerini we görnüşlerini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berdi. Ýene bir belläp geçmeli aýratynlyklaryň biri-de, ýurdumyzda dokma senagatyny ösdürmek boýunça göz öňünde tutulan işleriň daşky gurşawa zyýan ýetirmezden, sazlaşykly amala aşyrylmagydyr. Gahryman Arkadagymyz milli senagaty ösdürmek boýunça taslamalar durmuşa ornaşdyrylanda, olaryň «ýaşyl ykdysadyýetiň» talaplaryna doly laýyk gelmelidigi barada hem tabşyrýar. Täze gurlup, ulanmaga berilýän kärhanalara halkara guramalar tarapyndan berilýän güwänamalar muny doly tassyklaýar.
«Türkmenistanda öndürildi» diýen harytlyk belgi bilen türkmeniň «ak altynyndan» ekologiýa taýdan arassa, adam saglygyna ýaramly-ýakymly önümleri öndürmek dokma pudagynda zähmet çekýän ähli zähmetkeşler üçin hem uly bagtdyr. Dürli görnüşli dokma önümleriniň önümçiligini ýola goýmak ugrunda alnyp barylýan çäreleriň netijesinde müňlerçe iş orunlarynyň döredilýändigi hem aýratyn bellärliklidir. Täze kärhana welaýatyň, şol sanda ýurduň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, milli ykdysadyýetiň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmaga, täze iş orunlarynyň döredilmegine oňyn täsir eder. Bu ýerde öndüriljek ýokary hilli önümleriň belli bir möçberi daşary ýurtlara eksport ediler. Babadaýhan etrabynda täze açylan dokma toplumy milli ykdysadyýetiň ösüşli zynjyrlarynyň altyn halkalarynyň biri bolup, bu ýerde dünýä bazarlarynda mynasyp orun eýelejek harytlar öndüriler.
Goý, şeýle döwrebap toplumlary gurduryp berýän Gahryman Arkadagymyzyň döwletli işleri rowaç bolsun!
Ýolly MYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.