Milli Liderimiziň sebitde we dünýäde parahatçylygy gorap saklamak, ösüş arkaly parahatçylyk, halkara ulag geçelgelerini döretmek, energiýa serişdeleri, ekologiýa we suw diplomatiýasy bilen bagly başlangyçlary Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletler we abraýly halkara guramalar tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Özara bähbitli, deňhukukly gatnaşyklary ýola goýmak babatda öňe sürülýän başlangyçlar, şeýle hem bu ugurda ählitaraplaýyn döredilýän şertler bilen halkara jemgyýetçiligi tanyşdyrmak işleri yzygiderli alnyp barylýar.
Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Watanymyzyň Garaşsyzlyga eýe bolmagyna otuz ýyl dolýar. 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi ýurt Garaşsyzlygymyzyň mümkinçiliklerini giňden dabaralandyrmaga täze şertleri açýar. Bu ýurdumyzyň dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, halkara hyzmatdaşlygy netijeli ösdürmek işinde özboluşly gural bolup hyzmat edýär.
Ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň gözel künjegi bolan, Hazar deňziniň kenaryny jähekläp oturan Awazada geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy hem-de köpugurly medeni-syýasy çäreler ähli ugurlarda Garaşsyzlyk ýyllarynda bolup geçýän ägirt uly özgerişleri dünýä äşgär etdi. Elbetde, bu çäreler arkaly daşary ýurtly myhmanlar Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ýeten belent derejesine, ýurdumyzda höküm sürýän hoşniýetlilik, myhmansöýerlik, ynsanperwerlik ruhuna göz ýetirdiler.
Sebitiň gürrüňi edilende, daşary syýasatda ýakyn goňşulary bilen gatnaşyklary ösdürmäge strategik ugur hökmünde garaýan Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň iri halkara we sebit guramalarynyň, ýöriteleşdirilen düzümlerdir maksatnamalaryň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigine ünsi çekmek zerur. Özara gatnaşyklary berkidip, ählumumy syýasy, ykdysady we medeni giňişlige işjeň goşulyşýan Merkezi Aziýa döwletleri dünýä jemgyýetçiliginde eýeleýän orunlaryny pugtalandyrýar. Durmuşa geçirilýän özgertmeler ýurtlaryň söwda-ykdysady, medeni hyzmatdaşlygynda-da täze şertleri döredýär. Ýewraziýanyň merkezinde, geosyýasy we geoykdysady taýdan amatly ýerde ýerleşýän Merkezi Aziýa sebiti, geçmişde bolşy ýaly, häzirki döwürde-de Gündogardan Günbatara uzaýan möhüm söwda ýollary, Beýik Ýüpek ýolunyň gadymy mirasy hem-de tebigy baýlyklarynyň ägirt uly gorlary bilen tutuş dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Köpasyrlyk taryhy we geografik taýdan ýakynlyk, şeýle-de medeniýetleriň we özara gyzyklanmalaryň meňzeşligi sebitiň halklaryny birek-birek bilen has-da ysnyşdyrýan baglanyşyk bolup, bu gymmatlyklaryň döwletara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynda-da ileri tutulmagy Merkezi Aziýada parahatçylygyň we gülläp ösüşiň berkarar edilmegini şertlendirýär.
Aslynda, milli Liderimiz sebitde hemmetaraplaýyn gülläp ösüşiň, örän uly söwda-hyzmatdaşlyk merkeziniň döremegini gazanmakda taryhy ähmiýetli işleriň başyny başlaýjydyr. Ählumumy ösüşiň geljegini seljermek bilen, döwlet Baştutanymyz öňdengörüjilikli syýasaty arkaly döwrüň talaplaryna laýyk gelýän, ýokary derejeli ulag-aragatnaşyk düzümlerini döretmäge, söwda-ykdysady hyzmatdaşlykda mümkinçilikleriň artmagy üçin zerur döwletara, halkara hukuk binýadynyň, ylalaşyklaryň kemala gelmegine uly goşant goşdy.
Elbetde, şulardan ugur alsak, ata Watanymyzyň beýik ösüşleriniň üpjün edilmeginiň gözbaşynda hormatly Prezidentimiziň egsilmez pähim-parasadynyň durandygy hemmämize mälimdir.
Baýrammyrat HAJYMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/37447