«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy, 14-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş sapary bilen gelip, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi, şeýle hem Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisine gatnaşdy.
Gün tertibine döwlet syýasatynyň möhüm meseleleri hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalary girizildi.
Döwlet Baştutanymyz gün tertibine girizilen meselelere geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Ol halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlarynda we sebitlerde durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça görülýän çäreler hem-de döwlet maliýe serişdelerini netijeli ulanmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetini taýýarlamak hasabatyň aýratyn meselesi boldy. Häzirki wagtda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri nazara almak bilen, Döwlet býujetiniň üstünde işlenilýär. Esasy maliýe meýilnamasy bilen birlikde, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we Maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny işläp düzmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Döwlet býujetiniň taslamasy işlenip düzülende, onuň ähli maddalarynyň üstünde içgin işlemegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge, şol sanda bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryny ösdürmäge, zähmet haklarynyň möçberleriniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen çykdajylaryň artdyrylmagyna aýratyn üns bermek zerurdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz, şeýle hem Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan her bir ministrlik, pudaklaýyn dolandyryş edarasy, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde Döwlet býujetiniň serişdeleriniň göz öňünde tutulýan möçberleriniň seljerilmeginiň wajypdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maliýe-ykdysady toplumyň öňünde goýlan wezipeleri gaýra goýman çözmäge berk gözegçilik etmegiň möhümdigini nygtap, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynda nebit we nebit önümleri guýulýan üçünji gämi duralgasy desgasyny gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna” laýyklykda, ýakyn geljekde TNGIZT-de täze tehnologik desgalaryň birnäçesini gurmak meýilleşdirildi, şunuň bilen baglylykda, nebithimiýa toplumyna ugradylýan çig nebitiň möçberlerini artdyrmaga, sebitiň nebiti gaýtadan işleýän kärhanasynyň çykarýan önümlerini ýurdumyzyň we daşary döwletleriň sarp edijilerine öz wagtynda iberilmegini üpjün etmäge aýratyn üns berilmelidir diýip belledi hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew azyk ulgamynyň üpjünçiligini berkitmek we bugdaý oragyna taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, obasenagat pudagynyň dolandyryş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, kärendeçileriň we ekerançylaryň zähmetini höweslendirýän netijeli maliýe-ykdysady gurallary ornaşdyrmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz ýakynda badalga beriljek galla oragy möwsümi barada aýdyp, ony guramaçylykly geçirmek meselelerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi. Esasy zat ekerançylaryň yhlasly zähmeti bilen ýetişdirilen bugdaý hasylyny diňe bir ýygnap almak däl, eýsem, hasylyň ýitgisiz daşalmagy, mundan beýläk saklanylmagy barada hem alada etmek möhüm wezipedir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz gögeriş alnan gowaça, gök we bakja ekinlerine hem ýokary hilli agrotehniki idegiň edilmegini üpjün etmek barada görkezme berip, “Türkmenistanda 2021-nji ýylyň galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça çäreler hakynda” Karara gol çekdi hem-de onda kesgitlenilen wezipeleriň öz wagtynda çözülmegini üpjün etmek barada tabşyryk berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça paýtagtymyzy ösdürmek ugrunda işlenilip taýýarlanylan meýilnama laýyklykda, täze ýaşaýyş toplumlaryny gurmak, ozal hereket edýän inženerçilik-tehniki kommunikasiýalaryň durkuny täzelemek, ýol-ulag düzümini ösdürmek, ýurdumyzyň baş şäherini bagy-bossanlyga öwürmek boýunça ylalaşykly işler alnyp barylýar.
“Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek hakynda” meýilnama laýyklykda, 24-25-nji maýda Söwda-senagat edarasynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XX köpugurly sergini hem-de onuň çäklerinde dizaýnerleriň arasynda binagärlik bäsleşigini geçirmek maksat edinilýär.
Döwlet Baştutanymyz öňde boljak senäniň — Aşgabadyň 140 ýyllygynyň möhüm ähmiýetini belläp, şanly senä gabatlanan ähli çäreleri iň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin hemme şertleri üpjün etmegi tabşyrdy.
Bu ähli çäreler, ilkinji nobatda, “Ak şäherim Aşgabat” atly her ýyl geçirilýän köpugurly sergi giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünliklerini, paýtagtymyzy ýaşamak üçin dünýäniň iň owadan we oňaýly şäherleriniň birine öwürmek boýunça alnyp barylýan uly möçberli işleri aýdyň görkezmelidir.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ulag we aragatnaşyk pudaklarynyň işgärleri üçin niýetlenen ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygy barada hasabat berdi.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, ähli welaýatlarda, şol sanda Balkan welaýatynda — «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ulag we aragatnaşyk pudaklarynyň hünärmenleri üçin ýokary amatlylygy bolan we ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylan ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklary meýilleşdirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň durmuş maksatly desgalar hem-de beýleki degişli düzümler bilen bilelikde bina edilmeginiň ýurdumyzyň şäherlerini we obalaryny abadanlaşdyrmak boýunça taslamalara bildirilýän esasy talapdygyna ünsi çekdi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýaşaýyş jaýlarynyň ähli otaglary döwrebap abadanlaşdyrylmalydyr hem-de häzirki zaman enjamlary we durmuş tehnikalary bilen üpjünçiligine möhüm üns berilmelidir.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow ýurdumyzyň Bilim ministrligi tarapyndan kompýuterleri satyn almak hem-de ýurdumyzyň eksport harytlary öndürijilerine goldaw bermek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan şu okuw ýylynda 1-nji synpa kabul edilýän okuwçylara gowşurmak maksady bilen, ýurdumyzda öndürilýän “Bilimli” nyşanly okuwçy kompýuterleriniň synagdan geçirilendigini hem-de olaryň hil standartlaryna, çagalar üçin saglygy goraýyş talaplaryna laýyk gelýändigi we bu babatda degişli kepilnamalaryň alnandygy barada habar berdi.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň kompýuterleri satyn almagy hakynda” Kararyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda kompýuter önümçiligi boýunça täze pudagyň döremeginiň sanly ykdysadyýeti ösdürmek, ykdysadyýetimiziň özümizde öndürilen maglumat tehnologiýalaryna bolan isleglerini üpjün etmek bilen bagly aýratyn möhüm wezipäni amala aşyrmakda ähmiýetlidigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz 1-nji synp okuwçylary üçin niýetlenen ýörite multimediýa okuw gollanmalaryny taýýarlamagyň wajypdygyna ünsi çekip, hödürlenen resminama gol çekdi hem-de kesgitlenen wezipeleri çözmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň gününe bagyşlanan baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda dürli çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirildi, şolarda halkymyzyň däp-dessurlary, şeýle hem Türkmenistanyň medeniýet we sungat ulgamyny ösdürmekde häzirki döwürde gazanan üstünlikleri beýanyny tapar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çuňňur watançylyk häsiýetli bu baýramyň ähmiýetine ünsi çekip, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli dabaralaryň ýurdumyzyň ähli şäherlerinde, obalarynda geçirilip, halkymyzyň asyrlardan aşyp gelýän ynsanperwerlik, parahatçylyk döredijilik, dostanalyk, myhmansöýerlik däpleriniň nyşanyna öwrülmelidigini nygtady hem-de wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamany hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Ilatyň saglygyny goramak, ýurduň durnukly ykdysady ösüşiniň esaslaryny döretmek, halkyň ýokary durmuş derejesini gazanmak, milletiň genofonduny berkitmek we ösdürmek Milli maksatnamanyň esasy maksady hem-de wezipeleri bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän işleriň möhümdigini belledi. Şol işler dünýäni gurşap alan koronawirusyň pandemiýasy bilen bagly ýagdaýy nazara alanyňda, aýratyn zerur bolup durýar.
Milli Liderimiz häzirki wagtda ilat üçin maglumatlary işläp taýýarlamak we ýaýratmak boýunça geçirilýän öňüni alyş çäreleriniň ähmiýetiniň uludygyny belledi. Şol çäreleriň hatarynda düşündiriş sanitariýa-bilim işleri giňden geçirilmelidir. Şeýle hem şahsy arassaçylyk düzgünlerini wagyz etmek hem-de sagdyn-durmuş ýörelgesini alyp barmak boýunça işler güýçlendirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherine bolan iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça «Merkezi Aziýa — Hytaý» görnüşindäki daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna gatnaşdy.
Gün tertibine syýasy-diplomatik ugur boýunça özara gatnaşyklaryň, şeýle hem söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň giň meseleleri girizildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ählumumy energetika, ulag we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça ýörelgesi beýan edildi.
Koronawirus ýokanjyna garşy göreş we onuň täsirlerini ýeňip geçmek, lukmançylyk, saglygy goraýyş hem-de ylym ugurlary boýunça özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy. Şeýle hem halkara we sebit derejedäki möhüm meselelere garaldy. Howpsuzlygy, durnuklylygy we sazlaşykly ösüşi saklamak işinde daşary syýasaty utgaşdyrmagyň zerurdygy nygtaldy. Türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň HHR-iň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna Hytaý Halk Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça yzygiderli işleri alyp barmagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny, Aşgabadyň 140 ýyllygyny baýram etmäge görülýän taýýarlyk barada habar berildi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, öňde duran möhüm seneleriň hormatyna geçiriljek çärelere taýýarlyk görmek meseleleri barada durup geçip, öňümizdäki dabaralaryň we harby ýörişiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada degişli görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedow döwlet Baştutanymyzyň degişli Buýrugyna laýyklykda, Türkmenistanyň wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň jemleri barada hasabat berdi.
Saparyň birinji güni Sian şäherinde HHR-iň Döwlet Geňeşiniň agzasy, daşary işler ministri Wan I bilen duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda ýakynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda taraplaryň türkmen-hytaý gatnaşyklaryny has-da giňeltmäge gyzyklanmalary nygtaldy.
Taraplar ulag, aragatnaşyk, söwda we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça pikir alşyp, däbe öwrülen medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ilerletmek meselelerine üns berdiler.
Hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-hytaý komitetine başlyklyk edijileriň 11-nji maýda geçirilen duşuşygynyň netijeleri barada hem hasabat berildi. Duşuşyga hytaý tarapyndan HHR-iň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Han Çžen gatnaşdy.
Duşuşygyň dowamynda strategik häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda söwda-ykdysady ugurlardaky özara gatnaşyklara möhüm üns berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň dürli pudaklar boýunça ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny belledi. Hökümetara we pudagara derejelerdäki yzygiderli gatnaşyklary ösdürmek ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň sazlaşykly ösdürilmeginiň möhüm şerti bolup durýar.
Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz wise-premýer, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedowa birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler hem-de nobatdaky maslahata taýýarlyk barada maglumat berdi. Onuň barşynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, döwlet-hususy hyzmatdaşlygy kadalaşdyrmaga gönükdirilen kanunlaryň taslamalaryny, hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna ýubileý medalyny döretmek bilen bagly resminamalary ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, raýat institutlaryny we demokratik gymmatlyklary pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işiň örän wajypdygyny belledi. Milli Liderimiz Milli Geňeşiň Mejlisiniň kanunçykaryjylyk işiniň jemgyýetiň bähbitlerine gönükdirilmelidigini aýdyp, halkyň saýlanlarynyň esasy wezipesiniň tutuş ilatyň bähbitlerine wekilçilik etmekden, kanunlaryň taslamalarynda döwletimiziň durmuş babatdaky ileri tutulýan ugurlaryny beýan etmekden ybaratdygyny nygtady.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew Halk Maslahatynyň işini talabalaýyk guramak boýunça görülýän çäreler hem-de milli senenamamyzyň şanly seneleri mynasybetli dabaraly çärelere taýýarlyk görmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada maglumat berdi.
Döwlet Baştutanymyz baýramçylyk çäreleriniň ýurdumyzyň durmuşyndaky ähmiýetine ünsi çekip, olaryň ählisiniň döwrüň talaplaryna laýyk geçirilmelidigini, öňümizdäki ählihalk dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady.
Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisi geçirildi.
Mejlisde Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy B.Öwezow ählumumy pandemiýany, dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň bu ulgama ornaşdyrylmagyny nazarda tutup, gullugyň işini kämilleşdirmek hem-de sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerini netijeli ulanmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýerine ýetirilmeli işleriň esasy ugurlaryna ünsi çekdi hem-de tomusky dynç alyş döwründe ýörite topary döretmegi tabşyrdy. Şol topar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda beýleki ugurdaş edaralar bilen utgaşyklykda, degişli işleri geçirmelidir. Şunda raýatlara berilýän rugsatnama resminamalarynyň düzgünlere laýyk gelmegine aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de gullugyň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.
Soňra içeri işler ministri M.Çakyýew çykyş edip, ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görlüşi, dürli ýokanç keselleriň ýaramaz täsirine garşy mundan beýläk geçirilmeli işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýokanç kesellerden goranmak maksady bilen, amala aşyrylýan öňüni alyş çäreleriniň uly ähmiýete eýedigini belläp, ilatyň arasynda düşündiriş işlerini yzygiderli geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz raýatlaryň degişli resminamalarynyň bolmagyna, ýangyn howpsuzlygynyň üpjün edilişine degişli gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.
«Türkmenhowaýollary» agentliginiň başlygy D.Saburow häzirki döwürde emele gelen ýagdaý we dürli ýokanç keselleriň ýaramaz täsirine garşy mundan beýläk geçirilmeli çäreler boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Tomus dynç alyş möwsüminde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramagyň meýilleşdirilýän tertibine laýyklykda, goşmaça gatnawlary ýola goýmak boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.
Ýurdumyzyň Halkara howa menzillerinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň işgärleri tarapyndan gelip-gidýän ýolagçylaryň ählisi yzygiderli barlagdan geçirilýär hem-de ekipaž agzalaryna öňüni alyş sanjymlary edilýär.
Şeýle hem ýolagçylaryň ulanmagy üçin howa menzilleriniň ähli zallary gorag serişdeleri bilen üpjün edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň pudagy goldamak üçin ähli çäreleri görýändigini, şunuň bilen birlikde, raýat awiasiýasynyň işiniň täze şertlere uýgunlaşmagynyň netijeli usullaryny tapmagyň wajypdygyny belledi.
Howa menzillerini has netijeli ulanmak, öz wagtynda arassaçylyk we öňüni alyş işlerini guramak, howa gämilerine tehniki taýdan hyzmat etmek işlerini geçirmek, ýolagçylara ýokary hilli hyzmatlary amala aşyrmak, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin çäreleri görmek zerurdyr diýip, milli Liderimiz nygtady we agentligiň ýolbaşçysyna öňde goýlan wezipeleri çözmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almakda ysnyşykly hyzmatdaşlygyň zerurdygyny aýdyp, diňe bilelikdäki tagallalar hem-de utgaşykly işler arkaly bu ählumumy howpa garşy göreşmekde oňyn netijeleri gazanyp boljakdygyny belledi.
Soňra «Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygy A.Atamyradow ýolbaşçylyk edýän ulgamyndaky işleriň ýagdaýy, ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Tomus dynç alyş möwsüminde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramagyň meýilleşdirilýän tertibine laýyklykda, welaýatlardan we Aşgabat şäherinden dynç almaga gitjek raýatlarymyzy demir ýol ulagynda şu ýylyň 1-nji iýunyndan başlap her gün Aşgabat — Türkmenbaşy — Aşgabat ugry boýunça ýörite ýolagçy otly gatnawlaryny ýola goýmak meýilleşdirilýär.
Demir ýol ulgamynda ýolagçylar gatnadylanda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň işgärleri bilen bilelikde, ýolagçy wagonlarynda we demir ýol menzilleriniň binalarynda hem-de beýleki ýerlerde gündelik arassaçylyk we zyýansyzlandyryş işleri yzygiderli geçirilýär.
«Türkmendemirýollary» agentliginiň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Kerwen» sagaldyş dynç alyş merkezi tomus möwsüminde raýatlarymyzy kabul etmek üçin doly taýýar edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, demir ýol ulagynyň talabalaýyk işlemegini üpjün etmek boýunça wezipeleri çözmegiň ileri tutulýan ugurdygyna ünsi çekip, agentligiň başlygyna degişli tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz häzirki ýagdaýlary nazara almak bilen, “Türkmendemirýollary” agentliginiň ýolbaşçysyna ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmäge, dynç almaga gidýän raýatlaryň lukmançylyk barlagyndan geçmegi bilen bagly wezipeleri çözmäge jogapkärli çemeleşmäge degişli görkezmeleri berdi hem-de öňüni alyş çäreleriniň ählisini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň başlygy G.Akmämmedow agentligiň işini döwrebap derejede alyp barmak, tomusky dynç alşa taýýarlygyň çäklerinde durmuşa geçirilen çäreler hem-de ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak, onuň medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, tomusky dynç alyş möwsüminde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna gelýänlere hödürlenýän awtoulag hyzmatlaryny has-da gowulandyrmak maksady bilen, şol döwürde ýolagçy ulaglaryň täze gatnaw ugurlaryny açmak meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, aýratyn-da, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş möwsümi döwründe ýolagçy ulaglarynyň sazlaşykly hereketini ýola goýmagyň möhümdigine ünsi çekdi, şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýolagçylaryň, dynç almaga gelýänleriň isleglerini öwrenmek, ýörite sargytlar esasynda dynç alyş möwsüminde Awazanyň içi we şäherara ugurlary boýunça awtobuslaryň gatnawlaryny ýola goýmak meseleleriniň üstünde işlemegi tabşyrdy.
Soňra Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowa söz berildi. Ol emele gelen ýagdaý, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary topar tarapyndan geçirilýän işler hem-de dürli ýokanç keselleriň ýaramaz täsirine garşy amala aşyrylýan işler boýunça teklipler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda, ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde, ýurdumyza ýokanç keselleriň aralaşmagynyň öňüni almak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen hem-de maşgala lukmanlary tarapyndan sagdyn durmuş ýörelgelerini, öňüni alyş çäreleriniň we lukman maslahatlarynyň dogry we dürs ýerine ýetirilmegini düşündirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
Milli Liderimiziň aladalary netijesinde, raýatlar dynç alşa gitmezinden öň, ýollamanama alandan soň, welaýatlarda we Aşgabat şäherinde kesgitlenilen ýörite ýerlerde (saglyk öýlerinde) COVID-19-a garşy sanjym alarlar. Şunuň bilen baglylykda, zerur bolan hemme anyklaýyş we sarp ediş serişdeleriniň ýeterlik mukdarda bardygy, olaryň ätiýaçlyk gorunyň döredilendigi nygtaldy. Şeýle hem degişli meýilnama laýyklykda, ýurdumyza Polimeraz zynjyrly reaksiýasynyň enjamynyň ikisi getirildi. Bu enjamlary Türkmenbaşy şäherinde arassaçylyk-epidemiologiýa gullugynyň barlaghanasynda gurnamak göz öňünde tutulýar.
Dynç alşa gidýän 18 ýaşdan uly raýatlara COVID-19-a garşy sanjym edilendigini hem-de soňky 72 sagadyň dowamynda lukmançylyk gözegçiliginden geçilendigini, şeýle hem koronawirus ýokanjynyň ýokdugyna degişli barlagyň geçilendigini tassyklaýan resminama berler. 18 ýaşdan kiçi raýatlar, öz nobatynda, soňky üç gije-gündiziň dowamynda lukmançylyk barlagyndan geçendigi we test tabşyrandygy barada resminama alarlar.
Awazadaky hyzmat ediş desgalaryna işe kabul edilen işgärler bellenen tertipde lukmançylyk gözegçiliginden geçmeli bolarlar hem-de COVID-19-a garşy test barlagyndan geçendigini tassyklaýan resminama almaly bolar. Häzirki wagtda bu işgärlere koronawirusa garşy sanjym edildi.
Milli syýahatçylyk zolagynyň çäklerindäki hyzmat ediş ulgamynyň işgärleri her 15 günden çalşyk görnüşinde işlärler we her çalşykda COVID-19-a garşy test barlagyny geçerler.
Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy netijesinde Russiýa Federasiýasyndan sanjymlaryň 3 görnüşi hem-de HHR-den 2 görnüşi getirildi.
Tomusky dynç alyş möwsüminde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna dynç alşa gelýän raýatlaryň Türkmenbaşy şäheriniň howa menzilinde, demir ýol we awtoulag menzillerinde beden gyzgyny ölçenilýär.
Dynç alşy bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen, Awazanyň ähli myhmanhanalarynda, kottejlerinde we sagaldyş merkezlerinde lukmançylyk otaglary hem-de ýokanç kesele güman edilen näsaglar üçin izolýatorlar döredildi. Zerur bolan derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün edilen şol otaglarda we izolýatorlarda beýlekilerden üzňe saklamak üçin ýerler tejribeli lukmanlaryň nobatçylygy guralar.
Gaýragoýulmasyz lukmançylyk hyzmatlary ýerine ýetirmek maksady bilen, gije-gündiz işleýän lukmançylyk bölümi döredilip, oňa “Tiz kömek” awtoulagy berkidiler. Dynç alyş möwsüminde syýahatçylyk zolagyndaky desgalarda 35 lukman, 35 şepagat uýasy we 12 sanitar lukman saglygy goraýyş hyzmatlaryny ýerine ýetirer.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, dynç alyş döwründe ýiti öýken sowuklama keseline güman edilen adamlar Awaza etrabynda ýerleşýän karantin merkezine ýerleşdiriler.
“Awazada” ýerleşen desgalarda we olaryň daş-töwereginde dezinfeksiýa, dezinfeksiýa we deratizasiýa işleri yzygiderli geçiriler. Naharhanalarda we aşhanalarda jemgyýetçilik iýmitiniň guralyşyna, iýmit önümleriniň hiline, howpsuzlygyna hem-de saklanylyşyna gözegçilik ediler.
Hazar deňziniň suwunyň ekologiýa we sanitariýa-epidemiologiki ýagdaýyna, zolagyň çäginde ýerleşýän agyz suw süýjediji hem-de beýleki desgalarda, şeýle hem adamlaryň suwa düşýän we dynç alýan ýerlerinde arassaçylyk ýagdaýlaryna gözegçilik amala aşyrylar. Meýilnama laýyklykda, Hazaryň türkmen kenarynyň bellenen nokatlarynda suwuň, topragyň we howanyň barlaglary geçirilip durlar.
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň habar berşi ýaly, ýurdumyzyň şypahanalary hem tomusky dynç alyş möwsümine doly taýýarlanyldy. Islendik şypahanada saglygyny dikeltmegi üçin raýata ýaşaýan ýeri boýunça saglyk öýünden berilýän şypahana depderçesi hem-de saglyk ýagdaýy barada kepilnama zerurdyr. Saglygy dikeltmek üçin «Awaza» şypahanasyna barmaga we onda bolmaga ygtyýar COVID-19 ýokanjyna garşy sanjym edilendigi baradaky goşmaça kepilnama esasynda berilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, çagalar sagaldyş merkezlerini öňümizdäki dynç alyş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, geçirilýän ähli işlere gözegçiligi amala aşyrýan ýörite topar döredildi. Tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde öňüni alyş çärelerini amala aşyrmak, şol sanda ähli sagaldyş merkezlerinde zyýansyzlandyryş işlerini geçirmek, binalaryň içinde her gün 2-3 wagtyna üzärlik tütetmek we otaglary ýelejiretmek, zir-zibil ýygnalýan ýerleri her gün arassalap durmak we zyýansyzlandyrmak, guralýan çäreleriň dowamynda howpsuz aralygyň saklanylmagyny berjaý etmek, çagalaryň beden gyzgynyny yzygiderli galtaşyksyz ölçemek, çagalar sagaldyş merkezleriniň işgärlerine sanjym etmek göz öňünde tutulýar.
Şeýlelikde, tomusky dynç alyş döwründe öňüni alyş çäreleriniň ählisini Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary topary tarapyndan kabul edilen çözgütlere pugta laýyklykda amala aşyrmak maksat edinilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, kabul eden «Saglyk» Döwlet maksatnamamyza laýyklykda, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň döwrüň talaplaryna görä döwrebap ýagdaýa getirilýändigini belledi. Şeýle hem dürli ýokanç keselleriň öňüni almak, olary ýüze çykarmak we bejermek işleri toplumlaýyn esasda kämilleşdirilýär.
Biziň ýurdumyz bu ugurda beýleki döwletler bilen hemişe tejribe alşyp durýar. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýär.
Ýiti öýken sowuklama keseliniň ýüze çykan ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyzyň Hökümeti bu howply ýokanja garşy göreşe aýratyn jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn oýlanyşykly çemeleşdi. Ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, aýratyn-da, saglygy goraýyş ulgamynyň işi öz wagtynda bu täze howpa garşy gönükdirildi diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Bu ýokanjyň ählumumy häsiýeti hem-de dünýäniň ähli döwletlerine ýaramaz täsiri göz öňünde tutulyp, Keselleriň ýaýramagynyň garşysyna göreşýän adatdan daşary topar döredildi. Toparyň mejlisleri her hepdede 2 gezek geçirilýär. Bu mejlislerde möhüm çözgütler kabul edilip, ýiti öýken sowuklama keseliniň öňüni almak boýunça öz wagtynda toplumlaýyn çäreler görüldi.
Aýratyn howply keseliň öňüni almak boýunça çäreleri güýçlendirmegiň çäklerinde ähli saglygy goraýyş edaralary zerur lukmançylyk enjamlary, gorag we zyýansyzlandyryjy serişdeler, test-ulgamlar bilen doly üpjün edildi diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady we Döwlet serhediniň ähli gözegçilik-geçiriş ýerlerinde serhet, migrasiýa, saglygy goraýyş hem-de oba hojalyk gulluklarynyň işgärlerinden we hünärmenlerinden ybarat toparlaryň gije-gündiz nobatçylygy guralandygyny belledi.
Ýurdumyza daşyndan getirilýän we ulanylýan azyk önümleriniň ýokary hilli hem-de howpsuz bolmagyny üpjün etmek boýunça güýçlendirilen gözegçilik tertibi girizildi. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, metbugatda bu ugurdan zerur maglumatlar berilýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we şu ýyl öňüni alyş çärelerini üpjün etmegiň çäklerinde waksinalary satyn almak hem-de tapgyrlaýyn getirmek işleriniň guralandygyny nygtady.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda raýatlaryň dynç alşyny guramak maksady bilen, giň gerimli çäreleri we ilat arasynda düşündiriş işlerini geçirmegiň tertibi işlenip taýýarlandy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Öz wagtynda görlen çäreler we ýurdumyzyň halkynyň geçiren ägirt uly işleri netijesinde, ýiti öýken sowuklama ýokanç keseliniň döwletimiziň çäklerine aralaşmagyna hem-de ýaýramagyna ýol berilmändigini aýdyp bileris diýip, milli Liderimiz nygtady.
Şundan ugur alyp, biz şu gün öň girizilen käbir çäklendirmeleri aýyrmak barada karara gelýäris diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady we birnäçe pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ünsüni olaryň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipelere çekdi.
Döwlet Baştutanymyz saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowa ýüzlenip, Dolandyryş merkeziniň Awazada ýerleşdiriljek ýerini kesgitlemegi, onuň düzümini tassyklamagy we orunbasar bellemegi tabşyrdy. Bu merkeze ministriň özi ýolbaşçylyk eder. Şeýle hem raýatlarymyzyň howpsuz dynç almagyny üpjün etmek boýunça çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamak we tassyklamak üçin hödürlemek tabşyryldy.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän myhmanhanalaryň degişli ministrlikleri we pudak edaralary zolagyň çäginde ýerleşýän myhmanhanalarda we kottejlerde dynç almaga isleg bildirýän raýatlara ýollamanamany bermeli diýip, milli Liderimiz nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Dolandyryş merkeziniň esasy wezipeleriniň tomus döwründe «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda raýatlarymyz üçin dynç alşy bökdençsiz guramakdan, ilat arasynda düşündiriş we wagyz-nesihat çärelerini geçirmekden ybaratdygyny nygtady.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, syýahatçylyk zolagyndaky deňiz suwuny süýjediji desgada işleriň gije-gündiz alnyp barylmagyny we desganyň goragyny bellenen tertipde güýçlendirilen düzgüne laýyklykda üpjün etmegiň zerurdygyny aýtdy.
Bu ýerdäki myhmanhanalar özlerine degişli bolan ministrlikler we pudak edaralary ýollamanamasy resmileşdirilen raýatlaryň elektron sanawyny Dolandyryş merkezine we Döwlet migrasiýa gullugynyň edaralaryna gündelik ibermegi üpjün etmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Raýatlary öz wagtynda zolakdaky myhmanhanalara bron esasynda ýerleşdirmek maksady bilen, bu baradaky maglumatlary web sahypasynda barlamak mümkinçiligini ýola goýmaly diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Dolandyryş merkezinde jemlenýän maglumat-hasabatlar Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde ýerleşýän Baş dolandyryş merkezine iberilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we arassaçylygy üpjün etmek boýunça işleriň yzygiderli geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Soňra milli Liderimiz Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy B.Öwezowa ýüzlenip, zolagyň çäginde döredilen gözegçilik-geçiriş ýerinde beýleki ygtyýarly edaralaryň wekilleri bilen bilelikde gije-gündiz nobatçylyk etmek üçin jogapkär wekili bellemek barada görkezme berdi. Şeýle hem gözegçilik-geçiriş ýerinde zolakda işlemek we dynç almak üçin barýan raýatlaryň resminamalaryny ygtyýarlyklaryň çäginde gözden geçirmek, hasabatyny ýöretmek, Aşgabat şäherinden we welaýatlardan zolaga gelýän raýatlaryň bellige alynmagyna gözegçilik etmek tabşyryldy.
Içeri işler ministri M.Çakyýewe welaýatlardan gelen we zolakda ýerleşen desgalarda işleýän işgärlere wagtlaýyn rugsatnama berlende, olardan Döwlet migrasiýa gullugynyň degişli edaralary tarapyndan resmileşdirilýän bellige alyş şahadatnamasyny talap etmek tabşyryldy.
Syýahatçylyk zolagyna girilýän ýerdäki gözegçilik nokadynda polisiýanyň ýol gözegçiligi we jemgyýetçilik howpsuzlygy gulluklarynyň işgärleriniň gije-gündiz nobatçylygyny guramak, ulag serişdeleriniň diňe ýörite niýetlenen ýerlerde durmagyny üpjün etmek esasy wezipeleriň hatarynda görkezildi.
Jemgyýetçilik tertip-düzgünini we ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin, bu ýerde gurnalan wideogözegçilik ulgamyndan netijeli peýdalanmak wajypdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewe Awazada ýerleşýän desgalaryň elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edilmeginiň ýola goýulmagyny tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň kenarýaka çäkleriniň we Hazar deňziniň suwunyň ekologiýa ýagdaýyny hem-de himiki taýdan arassaçylyk derejesini, şeýle hem çäklendirme döwründe ministrliklere we pudak edaralaryna degişli tokaý meýdanlarynda baglara ideg edilişini berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Aşgabat şäherinde we welaýatlarda ýerleşýän syýahatçylyk kärhanalarynyň Awazadaky myhmanhanalar bilen şertnamalaýyn esasda işlemegini ýola goýmak, bu ýerdäki hyzmatlaryň görnüşi barada köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde bildirişleri bermek barada görkezmeler berildi.
Mundan başga-da, degişli ýolbaşçylara zerurlyga görä, internet ýa-da optiki-süýümli aragatnaşyk hyzmatlaryny, Dolandyryş merkezini aragatnaşyk enjamlary we internet bilen üpjün etmek, dynç alýan raýatlara söwda hyzmatyny «Awaza» söwda merkezinde ýola goýmak, bu ýerdäki myhmanhanalarda söwda, jemgyýetçilik iýmiti we hyzmat etmek kadalarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmek tabşyryldy.
Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramagyň wagtlaýyn Tertibiniň talaplary barada daşary ýurt döwletleriniň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryny we konsullyk edaralaryny habarly etmek tabşyryldy.
Milli Liderimiz Awazada ýerleşýän desgalaryň daş-töwereginde arassaçylyk -dezinfeksiýa çärelerini geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, dynç alyş möwsüminde zolakdaky sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde lukmançylyk otaglarynyň sazlaşykly işini ýola goýmagy, «Tiz kömek» gullugynyň hem-de tejribeli saglygy goraýyş işgärleriniň nobatçylygyny guramagy, bu ýerde zerur bolan derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleriň ýeterlik bolmagyny gazanmagy, dermanhanalaryň iş tertibini güýçlendirmegi tabşyrdy.
Deňziň suwa düşülýän we dynç alynýan ýerlerinde arassaçylyk ýagdaýlaryna gözegçilik etmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Dolandyryş merkezine, Içeri işler ministrliginiň hem-de Döwlet migrasiýa gullugynyň degişli edaralaryna COVID-19-a garşy sanjym edilen adamlaryň elektron sanawyny gündelik bermegi üpjün etmek zerurdyr. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň epidemiologiýa ýagdaýyna gündelik seljeriş işlerini geçirmegiň we ony berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belläp, bu ugurda öňde duran wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşyny jemläp, şu günki göçme mejlisde keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça möhüm wezipelere garalandygyny belledi.
Soňra welaýatlaryň häkimleri Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli çözmek, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça görülýän çäreler hem-de tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlygyň barşy barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň sagaldyş merkezlerinde degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Onuň çäklerinde dürli kesellere garşy öňüni alyş çärelerine aýratyn üns berilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, koronawirus ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni alyş çäreleriniň özüniň oňyn netijesini berýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz tomusky dynç alyş möwsüminde sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň işlerini talabalaýyk guramak boýunça zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi.
Raýatlarymyzyň saglygyny pugtalandyrmak we göwnejaý dynç almagy üçin amatly şertleri üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleriň gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda durýandygyny nygtap, bu ugurda alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra milli Liderimiz ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, bu babatda hasabat bermek üçin gurluşyk we binagärlik ministri R.Gandymowa söz berdi. Ministr häzirki döwürde ýurdumyzda medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şeýle hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň hormatyna ulanylmaga beriljek desgalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gurluşyk desgalaryndaky, aýratyn-da, şanly seneler mynasybetli ulanylmaga berilýän binalaryň öz wagtynda gurulmagynyň, olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi.
Soňra milli Liderimiz dikuçarda deňiz şypahanasynyň çäklerinde uçuşy amala aşyryp, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny abadanlaşdyrmak we onuň düzümini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy. Hazaryň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda kemala gelen syýahatçylyk zolagy öz çägini giňeldip, halkara ähmiýetli dynç alyş zolagyna öwrüldi.
Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň netijesinde, Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa kenary gaýtalanmajak keşbe eýe boldy. Bu ýerde köp sanly şypahanalar, medeni-dynç alyş we sport toplumlary işjeň hereket edýär. Olar her ýyl ýurdumyzyň ähli künjeklerinden köp sanly dynç alýanlary hem-de daşary ýurtlardan myhmanlary kabul edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň desgalaryny gözden geçirip, olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagynyň zerurdygyny belledi.
Milli Liderimiz guşuçar belentlikden Hazaryň kenarýakasynyň ajaýyp künjeklerini synlap, zolagyň çäginde bina edilýän kottejler toplumynyň gurluşygy bilen tanyşdy.
Deňziň kenarynda dürli maksatly binalaryň taslamalary taýýarlanylanda, hökmany tertipde ekologik ýagdaýlar, ýerli tebigatyň aýratynlyklary hem-de has oňaýly we özüne çekiji gurşawy döretmäge häzirki zaman talaplary nazara alynýar.
Munuň özi bina edilýän desgalara diňe bir berklik we ulanyş häsiýetlerini däl, eýsem, ýerli tebigat bilen gözelligi, sazlaşygy üpjün etmäge gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyz bu wezipeleriň möhümdigine ünsi çekip, Hazaryň kenarýakasynda ýaýbaňlandyrylan işleriň toplumlaýyn esasda alnyp barylmagynyň zerurdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz dikuçardan Hazaryň kenarynda täze senagat, ulag-aragatnaşyk toplumlarynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň maýynda milli Liderimiziň gatnaşmagynda Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz porty işe girizildi. Bu desga tutuş Merkezi Aziýa sebitinde iri logistik merkeze öwrülmelidir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň kenarýaka zolagy boýunça dikuçarda uçuşyny tamamlap, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny, tutuş deňiz ýakasyny ösdürmegiň birnäçe ugurlary babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi we Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline bardy hem-de bu ýerden paýtagtymyza ugrady.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/28783?type=feed