Milli ykdysadyýetiň möhüm ugurlary

Mukaddes Garaşsyzlyk döwründe ýurdumyzyň ähli ugurlarynda düýpli özgerişlikler amala aşyryldy we ýokary depginli durmuş-ykdysady ösüşler gazanyldy. Gazanylýan üstünliklerde, beýleki pudaklar bilen bir hatarda, gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy pudaklarynyň hem uly orny bardyr. Bu pudaklar boýunça ýurdumyzda kabul edilen Prezident Maksatnamasynda bellenilen wezipeler üstünlikli ýerine ýetirilýär. Sebitlerde ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriň öz wagtynda, ýokary hilli amala aşyrylmagy işjeň maýa goýum syýasatyny talap edýär. Ahal welaýatynda hem täze dolandyryş merkeziniň, täze döwrebap obalaryň, dürli desgalaryň, ýaşaýyş-durmuş maksatly binalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Şeýle uly möçberli gurluşyk işleriniň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň keşbini düýpgöter özgerdýär we önümçilik-durmuş ulgamlarymyzyň ýokary depginli ösüşini kepillendirýär, şeýle hem ýurdumyzyň önümçilik pudagyny, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini halkara derejelerine ýetirmekde ähli amatlyklary döredýär. Biziň ýurdumyzda gurulýan we gurulmagy meýilleşdirilýän köpugurly desgalaryň we binalaryň taslamasyna örän ýokary talaplar bildirilýär. Diňe ýokary hilli taslamalaryň işlenilip düzülmegi, olarda ylmyň, tehnikanyň, tehnologiýanyň gazanan iň soňky üstünlikleriniň göz öňünde tutulmagy, taslamalaryň halkara talaplaryna laýyk getirilmegi döwrebap gurluşyk işlerini amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe giň gerimde we ýokary depginler bilen alnyp barylýan iri gurluşyklaryň taslamalary ýurt Baştutanymyzyň il-ýurt bähbitli taýsyz tagallalaryndan gözbaş alýar. Ine, Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda Ahal welaýatynyň merkezinde dört gatly, 24 we 32 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň dabaraly ýagdaýda açylmagy hem bu işleriň yzygiderli dowam etdirilýändigine şaýatlyk edýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda milli gurluşyk senagaty bilen bilelikde milli binagärlik mekdebiniň hem kemala gelendigi aýratyn bellärliklidir. Gurluşygyň depginlerini güýçlendirmek, ýurdumyzda bäsleşige ukyply gurluşyk toplumyny emele getirmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny şol sanda ony gurluşyk materiallaryny ösdürmek arkaly pugtalandyrmak boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar.

Milli ykdysadyýetimiziň ösüş depginlerini ýokarlandyrmakda elektroenergetika pudagynyň uly täsiri bar. Ýurdumyzyň sebitlerinde häzirki zaman gazturbina elektrik beketleri, gaz geçiriji ulgamlar, paýlaýjy elektropodstansiýalar gurulýar. Ahal welaýatynda hem beýleki sebitlerde bolşy ýaly, gazturbinaly elektrik beketleri gurlup, ulanmaga berildi. Energetika pudagynda iri taslamalar dünýäniň ösen ýurtlary bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýär. Şu ýylyň 3-nji sentýabrynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň nobatdaky subutnamasy bolan täze desga — Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432 megawat bolan gazturbinaly elektrik stansiýasy ulanylmaga berildi. Pudaklaýyn düzümiň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy we köpugurly esasda ösdürilmegi netijesinde ýurdumyzyň elektroenergetika kuwwatlyklary birnäçe esse artdy. Bu bolsa diňe bir içerki sarp edijileri üpjün etmek däl, eýsem, elektroenergiýany eksport etmäge mümkinçilik berdi.

Ykdysadyýeti köpugurly ösdürmegiň çäklerinde elektron senagatyny döretmek boýunça Döwlet Maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Innowasion esasda elektron pudagyny döretmek we ösdürmek, bäsdeşlige ukyply, ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, serişde we energiýa tygşytlaýan, ekologiýa taýdan arassa elektron we elektrotehniki senagatynyň ösdürilmegi dowam etdirilýär. Içerki we daşarky bazarlara gönükdirilen elektron we elektrotehniki harytlary öndürmek, ykdysadyýetiň gaýtadan işleýän we bazar üçin ahyrky önümleri öndürýän önümçilik pudaklaryny hem-de üpjünçilik ulgamlaryny döretmek işleri alnyp barylýar. Elektrik energiýasyny paýlaýjy we elektrik toguny hasaba alyjy enjamlaryň önümçiligi ýola goýuldy. Ähli welaýatlarda halkyň sarp edýän elektron we elektrotehniki abzallaryny öndürýän kiçi kärhanalary döretmek Prezident Maksatnamasynyň möhüm ugry bolup durýar. Bu meýilnamalar döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygynyň çäklerinde durmuşa geçirilip, sebitleriň ykdysadyýetiniň ösmegini we täze iş orunlarynyň döremegini üpjün eder. Geljekde ýurdumyzda alnyp barylýan köpýyllyk ylmy-barlag işleriniň esasynda ýerli çig maldan hem-de Gün energiýasyny elektrik energiýasyna öwürýän serişdeleriň önümçiligini döretmek maksat edinilýär.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan işlenip taýýarlanylan döwlet gurluşynyň konsepsiýasynda, milli ösüş maksatnamalarynda esasy orun çuňňur nazary bilimlere hem-de netijeli tehnologiýalarda birleşen giňişleýin amaly tejribä esaslanýan ykdysadyýeti ösdürmegiň innowasion ýoluna berilýär. Bu tehnologiýalara “ýokary” diýilmegi hem, olarda diňe bir iň täze sanly ulgamlaryň we öňdebaryjy inženerçilik çözgütleriniň ulanylýandygy üçin däl, eýsem, ilkinji nobatda, önümçilikde, jemgyýetçilik durmuşynda we ýaşaýyşda, adam gatnaşygynda olaryň ýokary anyk netije berýändigini göz öňünde tutup atlandyrylýar. Häzirki döwürde dünýäde durnukly ösüşiň aýratynlygynda durmuş maksatly taslamalar goýulýar. Olar energetikadan başlap, ekologiýa çenli ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny ösdürmegiň nazary we amaly meselelerini gurşap alýar. Çünki jemgyýetiň durnukly ösüşiniň özeni ykdysadyýetden, adam maýasyndan we ilatyň gündelik durmuş zerurlyklaryndan düzülýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler umumy jemgyýetiň — adamlaryň bähbitlerine gönükdirilendir. Ýurdumyzyň ykdysady mümkinçilikleri bolsa, şol meseleleriň durmuşa geçirilmeginde möhüm gural bolup hyzmat edýär. Bu meseleler jemagat hojalygy pudagynyň hem yzygider ösdürilmegini nazarlaýar. Ilatyň jemagat hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmaga gönükdirilen bu pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Bu ugurda zerur bilimlere eýe bolan hünärmenler taýýarlanylýar. Binagärlik gurşawynyň dizaýny, tehnologik maşynlar we enjamlar, ýaşaýyş-durmuş howpsuzlygy, tebigy abadanlaşdyryş we daşky gurşawy goramak ýaly jemagat hojalygy üçin zerur ugurlar boýunça kämil hünärmenleriň taýýarlanylmagyna üns gönükdirilýär.

Ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň ýokary depginleri halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilýän iri möçberli maksatnamalaryň öz wagtynda amala aşyrylmagyna giň mümkinçilikleri döredýär. Gurluşyk, energetika, jemagat hojalygy pudaklary biri-biri bilen sazlaşykda utgaşýan, milli ykdysadyýetimiziň tiz depginler bilen ösýän we kämilleşýän ugurlary bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, giň dünýägaraýyşly, ylmy taýdan esaslandyrylan syýasatynyň netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli ugrunda uly ösüşler gazanylýar. Her bir gazanylýan öňegidişlikler halkyň röwşen geljegini, abadan durmuşyny kepillendirýär.

Şamämmet GURBANNYÝAZOW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/40198