Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmäge, maliýe-bank ulgamyny kämilleşdirmäge, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen düýpli özgertmeler ykdysady ösüşiň esasy bolup durýar. Milli ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna geçýän döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek ugrunda diwersifikasiýalaşdyrylan, bäsdeşlige ukyply, innowasion ösüşi üpjün etmek üçin maliýe we bank ulgamlarynyň durnukly bolmagyny gazanmak wajyp bolup durýar. Milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi bilen bir hatarda, Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky hem öz işjeňligini «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda amala aşyrýar.
Konsepsiýada ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň maglumat-aragatnaşyk, tehnologiýalar binýadyny seljerip, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek we maddy-tehniki binýady döwrebaplaşdyrmak boýunça bäsleşikleri yglan etmek, kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, sanly ykdysadyýetiň ösýän şertlerinde tejribeli milli we halkara bilermenleri işe çekmek, ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamak ulgamyny kämilleşdirmek we beýleki çäreler göz öňünde tutulýar.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň karz edaralary iri maglumat geçiriş ulgamyna eýedir. Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan hem sanly ykdysadyýete geçmegiň çäklerinde nagt däl hasaplaşyklary ösdürmek, bank kartlary arkaly milli we halkara töleg ulgamynyň gerimini artdyrmak ugrunda degişli çäreler üstünlikli amala aşyrylýar. Nagt däl hasaplaşyklary ösdürmek, hasaplaşyklaryň bank kartlarynyň üsti bilen amala aşyrylyşyny artdyrmak we töleg ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, giň gerimli mahabat işleri yzygiderli alnyp barylýar.
Ýurdumyzda pul dolanyşygynyň netijeliligini has-da kämilleşdirmek üçin hem-de bank ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy tilsimatlaryna esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary ýaýbaňlandyrmak boýunça iri söwda nokatlarynda töleg terminallarynyň ornaşdyrylmagy dowam etdirilýär. Töleg ulgamynyň kämilleşdirilmegi üçin banklaryň hersiniň özüne mahsus bolan kartlaryň ýaýradylmagyna aýratyn üns berilýär. Bankymyz tarapyndan «Maşgala» atly täze bank kart hyzmaty dolanyşyga girizilip, müşderilerimize hyzmat edip başlady. «Goýum bank karty» hem ýola goýlup, bu kartyň üsti bilen nagt däl görnüşde söwda edilende, bank tarapyndan kesgitlenen 0,5 göterim bilen müşderä pul sylagy hökmünde «Cash back» hyzmaty esasynda yzyna gaýtarylýar. Müşderilerimize hödürlenen bu kartlar barada giňişleýin maglumatlar berilýär. Bank kartlarynyň ýerine ýetirýän hyzmatlarynyň biri-birinden tapawutly bolmagy bäsdeşligiň döremegine getirip, banklarymyza halka has bähbitli hyzmatlary hödürlemäge itergi berýär.
Hormatly Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli maliýe-ykdysady syýasaty netijesinde, ýeňillikli salgyt syýasatynyň ýöredilmegi, ilata pes göterimli karzlaryň berilmegi, eýeçiligiň dürli görnüşlerinde täze düzümleri, iş orunlaryny emele getirmäge, kärhanalaryň öz-özüni maliýeleşdirmek ýörelgelerine geçmek arkaly önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmaga, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge, önümiň özüne düşýän gymmatyny peseltmäge, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga, ylmyň, tehnikanyň, innowasion tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylyşyny çaltlaşdyrmaga, halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny barha ösdürmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Işewürligi ýola goýmak maksady bilen orta we kiçi telekeçiligi goldamak hem-de ösdürmek boýunça ýerli haryt öndürijileri goldanylýar. Önümçilik bilen meşgullanýan hususy ulgama we telekeçilere eksport üçin öndürýän önümlerini giňeltmeklige we ýerli haryt öndürijileriň sanyny artdyrmakda ýeňillikli karzlaryň berilmegi üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan raýatlara melleginde (kömekçi hojalygynda, bölünip berlen ýer böleginde) ekerançylygy we maldarçylygy, oba hojalyk önümlerini ösdürmek, esasy we dolanyşyk serişdelerini edinmek hem-de iri önümçilikler üçin zerur bolan ýerli çig mallary öndürmek maksady bilen kiçi göwrümli karzlar hödürlenýär.
Goý, ýurdumyzy ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwürýän, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde ägirt uly işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Gurbanmyrat BÄŞIMOW,
Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik bankynyň Maliýe hasabatlary we ylmy-önümçilik bölüminiň baş hünärmeni.