Milli ykdysadyýetiň kuwwatly güýji

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak, gurluşyk we himiýa toplumyny ösdürmek boýunça badalga berlen giň gerimli işleriň netijesinde ýurdumyzda ägirt uly serişdeler kuwwatyny netijeli peýdalanmakda, eksport ugurly senagat önümleriniň möçberini artdyrmakda uly üstünlikler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn durmuş-ykdysady maksatnamalary amala aşyrmagyň çäklerinde ýurdumyzda gurluşygyň depgini barha ýokarlanyp, ýerli çig malyň esasynda ýokary hilli gurluşyk serişdelerini öndürmegiň ugurlary barha ösdürilýär. Türkmen telekeçileri hem gurluşyk serişdelerini, elektronika, himiýa önümlerini, mebelleri hem-de hili we bahasy boýunça artykmaçlyklary bolan beýleki senagat harytlarynyň önümçiligine işjeň gatnaşýarlar. Paýtagtymyzyň we welaýat merkezleriniň, sebitleriň täzelenýän binagärlik toplumlaryny, ajaýyp binalary we ymaratlary bagtyýar döwrümiziň ösüşlere beslenen üstünlikleriniň aýdyň nyşanlaryna öwrüldi.

Innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen senagat desgalarynyň gurlup, ulanmaga berilmegi halk hojalygynyň dürli pudaklarynda işlemäge ukyply, giň hünär ugurly hünärmenlere bolan islegiň hem artmagyna getirýär. Iň ýokary tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, iň täze ylmy gazananlary özünde jemleýän toplumlaryň gurlup, ulanmaga berilmegi ýaşlaryň hünär taýýarlyklarynyň ýokarlanmagyna, täze, döwrebap hünärleri ele almaklaryna, ylmyň täze gazananlaryny ýakyndan öwrenmeklerine bolan talaplary artdyrsa-da, bu gün bu talaplary üpjün etmäge ukyply bilim we ylym ojaklarymyzyň, ösen adam maýasynyň hem ýeterlikdigi guwandyryjydyr.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň 24-nji dekabrynda geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde «Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi döretmek hakynda» Permana gol çekmegi halkymyzy begendirdi. Bu hünär baýramyny her ýylyň 6-njy awgustynda belläp geçmek bellenildi. Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi döretmek baradaky başlangyjy öňe süren hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Ogulnabat SARYÝEWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.