Ýurdumyzyň hususy pudagyny ösdürmek milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Diýarymyzyň eksport kuwwatyny artdyrmakda, täze önümçilikleri ýola goýmakda, bazar bolçulygyny döretmekde, iş üpjünçiliginde hususy pudaga möhüm orun degişlidir. 18-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli geçirilýän sergide bolup, ýurdumyzyň işewür düzümleriniň öndürýän önümleri, senagat harytlary hem-de olaryň görnüşleri bilen tanyşmagy bolsa türkmen telekeçileri üçin şanly waka öwrüldi.
Sergi monitor arkaly görkezilýän maglumatlardan başlanýar. Onda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň 15 ýylyň dowamynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, hususy ulgamyň gazanýan üstünlikleri we mynasyp bolan güwänamalary, diplomlary barada giňişleýin maglumatlar berilýär. Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda guralýan sergide görkezilýän dürli önümler barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew hem-de ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew hasabat berdiler.
Hormatly Prezidentimiz sergi bilen tanyşlygyň dowamynda ýokary hilli önümleri bilen ýurdumyzda we daşary döwletlerde meşhurlyk gazanan «Täze aý», «Hasar», «Balşeker», «Duýgy», «Doganlar ýyldyzy», «Ak gar» haryt nyşanly süýji-köke öndürýän telekeçileriň görkezýän önümleriniň görnüşleri bilen gyzyklandy. Mälim bolşy ýaly, bu önümler ýokumlylyk derejesi we ýokary halkara ülňülere laýyk gelýändigi üçin, dünýäniň bazarlarynda uly islegden peýdalanýar.
Döwlet Baştutanymyz «Ak gar» hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen gürrüňdeş bolup, telekeçi tarapyndan öndürilýän önümleriň görnüşleri, olaryň hili hem-de ýokumlylyk derejesi bilen gyzyklandy. Işewür gaýtadan işleýän kärhanalarda içerki we daşarky bazarlarda ýerlenilýän ýokary hilli süýji-köke önümlerini öndürmek boýunça oňyn tejribe toplandygyny gürrüň berdi. Hojalyk jemgyýetiniň ýurdumyzyň köp ýerlerinde söwda nokatlary bolup, olaryň tagallasy bilen ýokumly süýji-köke önümleri halkymyza yzygiderli ýetirilýär.
Arkadagly Serdarymyz «Tut» haryt nyşanly içgileri öndürýän kärhananyň hünärmeni bilen gürrüňdeş bolup, olaryň alyp barýan işleri, önümçilige ornaşdyrýan täzeçil usullary we suwlaryň hil hem-de ýokumlylyk derejesi bilen gyzyklandy. Hünärmen häzirki döwürde gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek, önümleriň hilini yzygiderli gowulandyrmak we olaryň möçberini artdyrmak üçin ähli zerur mümkinçilikleriň bardygyny belläp, telekeçilik başlangyçlaryny höweslendirmek ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändigini guwanç bilen nygtady.
Sergide Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň alyp barýan işleri, ýyladyşhana ulgamlarynda ulanylýan döwrebap tehnologiýalar hem-de ekologiýa babatda geçirilýän işler bilen tanyşdyryldy. Şunda gök we miwe önümleriniň söwdasy, olaryň halkymyz üçin elýeterlilik derejesi barada giňişleýin maglumat berildi. «Ter önüm» hojalyk jemgyýetiniň wekili ýetişdirilen gök we miwe önümleriniň söwdasy, olaryň ýerleşýän ýerleri, öndürilýän önümleriň mukdary hem-de bahalary bilen baglanyşykly maglumatlary özünde jemleýän täzeçil programma barada gürrüň berdi. Şeýle täzeçil çemeleşme bilen bazarlaryň ýagdaýyny, olary ugratmagyň ýollary hem-de bahalary bilen baglanyşykly hepdelik we aýlyk, ýyllyk maglumatlaryň netijesinde bazarlarda gök we miwe önümleriniň üpjünçiligini yzygiderli gözegçilikde saklamak mümkin bolýar.
Beýleki bir bölüm şähergurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilişiniň möçberi barada düşünje almaga mümkinçilik berýär. Hususan-da, bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen binýat bolan Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynda gurlan binalaryň we desgalaryň şekilleri ýerleşdirilipdir. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ýurdumyzda döredilen senagat zolagynyň işi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde bu zolagyň çägini giňeltmek, täze önümçilik kuwwatlyklaryny, şol bir wagtyň özünde, täze iş orunlaryny döretmek meýilleşdirilýär. Döwlet Baştutanymyz senagat zolagynyň ýurdumyzda önüm bolçulygynyň döredilmeginde, ilatymyzyň iş bilen üpjünçiliginde möhüm orun eýeleýändigini aýtdy.
Serginiň ýurdumyzyň ýeňil senagatyna degişli bölümi köpdürlüligi we hil babatda ýokary talaplara laýyk gelýändigi bilen tapawutlanýar. Bu ýerde haly we haly önümleri, dokma senagatyna degişli önümleriň giň görnüşleri görkezilýär. Hormatly Prezidentimiz dokma önümçiliginde işjeňlik görkezýän telekeçi zenan bilen gürrüňdeş bolup, onuň taýýarlaýan dokma önümleriniň görnüşleri we türkmen zenanlarynyň el hünäriniň häzirki döwürde ösdürilişi bilen gyzyklandy.
«Derýaplastik» hojalyk jemgyýetiniň işi ýurdumyzda batly depginlerde alnyp barylýan gurluşyklar üçin ähmiýetli hasaplanýar. Onuň kärhanalarynda diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem isleg bildirilýän ýokary hilli, importyň ornuny tutýan önümleriň 1500-den gowrak görnüşi öndürilýär. Serginiň ýene bir bölümi toý hyzmatlary bilen meşgullanýan telekeçileriň alyp barýan işleri baradaky maglumatlardan ybarat boldy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Söwda-senagat edarasynyň binasynyň ýanynda ýerleşýän ýörite meýdançada görkezilýän guşlaryň we mallaryň görnüşleri, olary idetmegiň aýratynlyklary bilen tanyşdy. Bu ýerde telekeçilik ulgamynda işjeňlik görkezýän kärhanalaryň dürli görnüşli guşlary görkezilýär. Türkmen bazarynda öz ornuny pugtalandyryp başlan düýeguşlary ösdürip ýetişdirýän düzümiň alyp barýan işleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Döwlet Baştutanymyz telekeçileriň ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşinde möhüm orun eýeleýändiklerini belledi hem-de ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrunda zerur tagallalaryň ediljekdigini aýtdy.