Garaşsyzlyk ýurdumyzyň ösüşinde bahasyz taryhy pursat bolup, beýleki ulgamlar bilen bir hatarda, milli ykdysadyýetiň ähli pudagynyň depginli ösmegine güýçli itergi berdi. Garaşsyzlygyň otuz ýylynyň içinde ýurdumyzyň ösüşini şöhlelendirýän iri möçberli meýilnamalar, giň möçberli, innowasion ösüşlere gönükdirilen öňdebaryjy özgertmeler durmuşa geçirildi. Şol özgertmeleriň netijesinde häzirki wagtda biziň ýurdumyz dünýä ykdysadyýetine okgunly goşulyşýar we onuň halkara abraýy barha artýar. Biziň ýurdumyz Halkara pul gaznasynyň berýän görkezijileri boýunça sebitdäki goňşy döwletleriň aglabasyndan öňe geçip, ilatyň jan başyna düşýän jemi içerki önümiň möçberi boýunça öňdeligi eýeleýär.
Şu ýylyň 10-njy sentýabrynda sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň 8 aýynda esasy makroykdysady görkeziji bolan jemi içerki önümiň durnukly ösüş depgininiň üpjün edilendigi — 6,2 göterim derejede saklanandygy bellenildi. Häzirki döwürde Oba milli maksatnamasynyň rejelenen görnüşini ýerine ýetirmegiň çäklerinde durmuş maksatly desgalaryň 102-siniň gurluşygynyň dowam etdirilmegi döwletimiziň ykdysady kuwwatyny, halkyň döretmek, gurmak mümkinçiligini aýdyň görkezýär. Olaryň hatarynda täze şäherçelerde ýaşaýyş jaýlary, dynç alyş we sagaldyş merkezleri, mekdepler, çagalar baglary we beýleki desgalar bar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän bu ýylda meýilnamalaşdyrylan 30 sany iri desganyň ýerine 56 sany desganyň işe girizilmegi, ýylyň ahyryna çenli ýene-de ençeme desganyň ulanylmaga berilmeginiň göz öňünde tutulmagy milli ykdysadyýetiň kuwwatly ösüşine şaýatlyk edýär.
Şol mejlisde milli Liderimiz ýurdumyzyň Döwlet býujeti boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy, bu baş maliýe meýilnamasynyň taslamasynda geljek ýylda aýlyk haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň ortaça 10 göterim köpeldilmeginiň göz öňünde tutulmalydygyny belledi. Gahryman Arkadagymyz 2022-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasyny taýýarlamagyň zerurdygyna hem üns çekip, geljek ýylda ýurdumyzda gurluşyk işleriniň möçberiniň düýpli artjakdygyny bellemegi ykdysady özgertmeleriň yzygiderli häsiýete eýedigini tassyklaýar.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan çig mal ýurdy bolanlygyndan senagat taýdan ösen ýurda öwrülmek ýolunda şanly sepgitleri eýeledi. Bu döwürde milli senagat uly ösüşi başdan geçirdi, senagat önümçiliginiň möçberi esseläp artdy. Döwrebaplaşdyrylan, ýokary tehnologik senagat pudagy döredilip, bäsdeşlige ukyply taýýar önümleriň görnüşleri we möçberi yzygiderli artdyrylyp, milli ykdysadyýetiň geljek ösüş ýoly kepillendirildi. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda dürli ugurlara gönükdirilen senagat pudaklary ösdürildi.
Ykdysady özgertmeler ýerli tebigy we beýleki serişdeleri ulanýan täze pudaklaryň döremegine şert döretdi. Bu pudaklarda bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümler öndürilýär. Nebithimiýa önümçiliginde düýpli gaýtadan işlenen önümleri, hususan-da, polipropilen we polietilen ýaly nebithimiýa önümlerini öndürmek ýola goýuldy. Gurluşyk materiallaryny öndürmegiň möçberleri hem yzygiderli artýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda elektrik energiýasynyň, suwuklandyrylan tebigy gazyň öndürilişi onlarça esse artdy, mineral dökünleriň öndürilişi hem ep-esli artdy.
Milli senagatyň täze mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge gönükdirilen önümçilik desgalarynyň bina edilmegi bilen, ykdysadyýetiň köpugurly ösüşi üpjün edildi. Gurluşyk serişdeleriniň, himiýa senagatynyň, dokma we haly önümleri boýunça önümçilik kuwwatlyklary bilen birlikde, ýurdumyz üçin täze hasaplanylýan dag-magdan we metallurgiýa pudaklarynyň esasy goýuldy. 2017-nji ýylda Garlyk dag-magdan kombinaty işi girizilip, ýurtda kaliý dökünlerini öndürmekde ilkinji önümçiligiň başy başlandy. Elektron senagaty, aýna önümçiligi, tebigy gazdan suwuklandyrylan benzin önümçiligi boýunça iri kärhanalar toplumy, dürli gurallaryň önümçiliginiň pudagy emele getirildi. 2019-njy ýylyň tomsunda Ahal welaýatynda senagat möçberinde tebigy gazy suwuk ýangyja öwürýän dünýäde ilkinji GTL-zawody işe girizildi. Milli ykdysadyýetiň täze ösýän pudaklarynyň biri-de elektron senagaty bolup, ýurdumyzda kompýuterleriň, smart telewizorlaryň, smartfonlaryň, monobloklaryň, split-kondisionerleriň, LED-lampalaryň dürli görnüşleriniň önümçiligi ýola goýuldy.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde kuwwatly ösüşe eýe bolan pudaklaryň biri-de ýeňil senagatdyr. Bu döwürde ýurdumyzda ýerli çig malda işleýän häzirki zaman dokma senagaty düýbünden täzeden döredildi. Dokma pudagynyň kärhanalarynda öndürilýän dokma önümleriň 70 göterimi eksporta ugradylýar. Ýakynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ulanylmaga berlen iri dokma toplumy hem kämil enjamlar bilen üpjün edilip, täze önümçilige niýetlenendir.
Garaşsyzlyk ýyllarynda telekeçilik giň gerim bilen ösdürildi, bu ugurda ýörite maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetiň hususy ulgamynyň ösdürilmegine goldaw bermegi netijesinde, hususy gurluşyk kärhanalaryna döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde iri buýurmalary ýerine ýetirmek ynanyldy. Telekeçiler paýtagtymyzy, ýurdumyzyň şäherlerini we obalaryny abadanlaşdyrmak, awtoulag ýollaryny, gidrotehniki hem-de beýleki desgalary gurmaga, halkara bäsleşiklere işjeň gatnaşýarlar.
Diwersifikasiýa strategiýasyny yzygiderli amala aşyrýan ýurdumyz soňky ýyllarda hyzmatdaşlar bilen bilelikde gündogar we günorta ugurlary boýunça birnäçe iri turbageçiriji taslamalaryny durmuşa geçirdi. Energiýa serişdeleriniň möçberi boýunça Türkmenistan iň baý döwletleriň biri bolup durýar, elektrik energiýasynyň öndürilişi dünýäde iň girdejili önümçilikleriň biri hasaplanylýar. Bu möhüm pudaga goýulýan maýa goýumlarynyň möçberleri yzygiderli artdyrylyp, pudagyň eksport mümkinçiligi barha ösýär. Soňky ýyllarda pudagyň düzüminiň üsti dünýäniň esasy önüm öndürijileriniň iň döwrebap enjamlary bilen üpjün edilen gazturbina elektrik beketleriniň birnäçesi bilen ýetirildi.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan iň ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän täsin inžener-ulag kommunikasiýalaryny gurmak we işe girizmek boýunça öň görlüp-eşidilmedik derejedäki ösüşe eýe boldy. Ýurdumyzyň gündogaryny günbatary, günortasyny demirgazygy bilen baglanyşdyrýan ýollaryň durky täzelenýär, halkara standartlara laýyk gelýän täze awtomobil ýollary, estakadalar, köprüler gurulýar, dünýäniň ösen döwletlerinden müňlerçe awtomobil ulaglary satyn alynýar. Döwlet Baştutanymyzyň kesgitlän şähergurluşyk syýasatynda döwrebap ýaşaýyş toplumlaryny döretmek bilen bir wagtda, köçeleri we şaýollary giňeltmek we abadanlaşdyrmak, täze ýol aýrytlaryny gurmak, iri ulag düzümlerini döwrebaplaşdyrmak hem möhüm orun eýeleýär.
Ýurdumyzyň TRASEKA-nyň taslamalaryna gatnaşmagy sebitiň möhüm ulag merkezi derejesini pugtalandyrmak, şeýle hem iň täze ulag tehnologiýalaryny ornaşdyrmak maksady bilen, Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek boýunça goşmaça ädimleri yzygiderli we işjeň ätmäge mümkinçilik berýär. Türkmenbaşy şäherinde gurlan Halkara deňiz porty Aziýanyň we Ýewropanyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny täze derejä çykarmakda öz ornuny pugtalandyrýar.
Ykdysady ösüşiň yzygiderli üpjün edilmeginde döwletimizi ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň öz wagtynda, dowamly ýerine ýetirilmelidigi örän ähmiýetlidir. Gahryman Arkadagymyzyň döredijilikli başlangyçlary, öňdengörüjilikli maksatnamalary ýurdumyzyň has-da ösmegini, halkyň abadan durmuşynyň dowamat-dowam bolmagyny üpjün etmek maksatlaryndan gözbaş alýar. Garaşsyz ýurdumyzy ähli pudaklar, ulgamlar boýunça ösdürmek ugrunda uly aladalar edip, döwletli tutumlary öňe sürýän Gahryman Arkadagymyzyň ähli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Kaýumberdi ALLABERDIÝEW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallym-öwrenijisi.